2022-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetinden durmuş ulgamyna we zähmet haklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen harajatlar artdyrylar. Bu barada 14-nji maýda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde aýdyldy.
Mejlisde wise-premýer G.Muşşikow çykyş edip, häzirki günlerde geljek ýyl üçin ýurdumyzyň döwlet býujetiniň düzülýändigini we onuň çäklerinde «Durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary» we «Maýa goýum maksatnamasy» ýaly taslamalary işläp taýýarlamagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.
Geljek ýylyň döwlet býujetinden durmuş ulgamyna, ilkinji nobatda saglygy goraýyş, bilim we zähmet haklaryny ýokarlandyrmak ugruna degişli harajatlary artdyrmak meýilleşdirilýär.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe we ykdysadyýet ministrine döwlet býujetinde maliýeleşdirmegiň möçberini her bir ministrlikler, edaralar, şeýle-de şäher häkimlikleri we welaýat merkezleri bilen ylalaşmagy tabşyrdy.