14-nji noýabrda
paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň
açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan
guralan teatr sungatynyň bu uly baýramy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň,
Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň
wekiliýetlerini bir ýere jemledi. Olar meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň
döredijilik toparlary hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenler we teatry
öwrenijilerdir.
Türkmenistan giň hyzmatdaşlygy ösdürmek
we halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, ählumumy özgertmeleriň başyny
başlaýjy hökmünde döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde medeni diplomatiýanyň
mümkinçiliklerini pikirleri, maglumatlary, gymmatlyklary, däp-dessurlary,
ynanç-ygtykatlary alyşmak hem-de beýlekiler üçin netijeli peýdalanýar. Bu bolsa
halklaryň arasynda özara düşünişmäge ýardam edýär.
Milli medeniýetleriň we
siwilizasiýalaryň özara dialogynyň yklymlaryň syýasy, ykdysady, medeni taýdan
ýakynlaşmagynda aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Medeniýet dürli
halklarydyr milletleri birleşdirýän özboluşly köpri bolup, onuň dili hemmeler
üçin elýeterli we düşnüklidir. Döredijilik çäreleri, şolaryň arasynda teatr,
kino festiwallary, dünýäniň dürli ýurtlarynyň Medeniýet günleri, halkara
sergi-ýarmarkalar we beýlekiler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň nyşanyna
öwrüldi. Bu çäreler medeni gatnaşyklary giňeltmek, halklaryň milli
gymmatlyklaryny wagyz etmek we baýlaşdyrmak, özara düşünişmegi pugtalandyrmak
maksady bilen geçirilýär. Diňe şeýle çäreleriň netijesinde köpasyrlyk
medeniýetara dialogyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygyny gazanmak mümkindir.
...Teatr festiwalynyň açylyş dabarasy
gatnaşyjylaryň ählisiniň öz ýurtlarynyň medeni däp-dessurlaryny görkezýän
baýramçylyk çykyşlary bilen ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki özboluşly milli
lybaslaryň göllerinde şöhle saçýan meýdançada dabaraly baýramçylyk ýörişi
geçirildi. Paýtagtymyzyň teatrlarynyň we Döwlet sirkiniň artistleri köp sanly
tomaşaçylar üçin özleriniň ajaýyp sahna çykyşlaryny, akrobatik oýunlaryny
taýýarlapdyrlar. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar milli saz gurallarynda
ýaňlanýan sazlary diňlemäge, bu gurallaryň, şaý-sepleriň ýasalyşyny synlamaga
mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky
talyplar teatrynyň öňündäki meýdançada özboluşly bezelen sahnada Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň döredijilik topary öz taýýarlan edebi-çeper çykyşynda
Magtymguly Pyragy, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryň, milli we dünýä
dramaturgiýasynyň nusgalyk gahrymanlarynyň keşplerini janlandyrmak arkaly
myhmanlary garşylaýarlar.
Dabaraly aýdym-sazlar ýaňlanyp,
alypbaryjylar dürli dillerde teatr festiwalynyň açylýandygyny yglan edýärler.
Teatryň girelgesiniň öňünde teatr sungatynyň halkara giňişlikde eýeleýän
ornuny, döwletleriň we halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny
baýlaşdyrmakda goşýan goşandyny beýan edýän sazly-horeografik çykyş
ýaýbaňlandyryldy. Artistler dürli dillerde milli medeni mirasymyzy, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ägirt uly işlerini,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gazananlaryny wasp etdiler.
Kiçi sahna çykyşlarynda sazlaşykly
görkezilen dürli keşpler — Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň okalmagy, äpet
güller bilen bezelen Ýer şarynyň töwereginde ýerine ýetirilýän tanslar, asmanda
erkana uçýan ak kepderiler teatr festiwalynyň esasynda duran ynsanperwerlige
ýugrulan ideýalary, sahna sungatynyň bu ajaýyp baýramynyň ählumumy
parahatçylygyň, dostlugyň we bagtyýarlygyň hatyrasyna guralýandygyny aýdyň
şöhlelendirdi. Soňra dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň binasynda dowam etdi. Onuň zalynda
aýdym-sazyň owazy astynda meşhur türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň,
grafikaçylarynyň eserleriniň, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
talyplarynyň, sahna bezegçileriniň işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Görkezilen eserleriň hatarynda türkmen
kino we teatr sungatynyň görnükli wekilleriniň çekilen suratlary, kino
eserlerinden pursatlary janlandyrýan köp sanly görnüşler, sahna bezegleri,
teatr lybaslary, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, sahna bezegleriniň
maketleri, milli medeniýetimize, sungatymyza bagyşlanan kitaplar, suratlara baý
neşirler, meşhur bagşy-sazandalaryň çykyşlarynyň, sahnalaryň ýazgylaryny özünde
jemleýän ses hem-de wideoýazgylar bar. Bu sergi tutuşlygyna aýry-aýry türkmen
teatrlarynyň, şol sanda ýurdumyzyň teatr sungatynyň merkezi hökmünde
paýtagtymyzyň baý döredijilik durmuşyny, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny,
ruhy dünýäsini şöhlelendirdi.
Soňra teatr zalynda «Bagtyýarlyk
döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň resmi açylyş dabarasy
geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, festiwala gatnaşyjy döwletleriň
döredijilik wekiliýetleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylarydyr wekilleri, döredijilik ugurly ýokary hem-de ýöriteleşdirilen
orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň festiwala gatnaşyjylara we ony guraýjylara iberen Gutlagy uly
üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Dostlukly döwletleriň
sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly joşgun bilen geçirilýän bu halkara teatr
festiwaly ynsanlaryň köňüllerini birleşdirer, adamlary birek-birek bilen
ýakynlaşdyrar, sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga,
ussatlyk okuwlaryny geçirmäge ýardam berer. Dünýä halklarynyň arasyndaky medeni
gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere göterilýändigini subut edýän bu
halkara festiwalyň işiniň üstünlikli geçjekdigine berk ynanýaryn” diýip
belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz halkara festiwallaryň ösüp barýan ýaş
nesilleriň dünýä halklarynyň medeniýetleri, häzirki zaman teatr sungaty bilen
ýakyndan tanyşmagyna uly ýardam berýändigini, medeniýet, sungat we teatr işgärleriniň
gözýetiminiň giňelmegine, iş tejribeleriniň has-da kämilleşmegine öz täsirini
ýetirýändigini nygtady.
“Bu halkara teatr festiwalynyň Garaşsyz,
Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer
gatnaşyklary, şeýle hem ähli ugurlardaky ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy
ösdürmekde möhüm ähmiýetli çäre boljakdygyna berk ynanýaryn” diýlip, hormatly
Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilýär.
Çäräniň dabaraly böleginden soňra,
ýurdumyzyň teatr artistleri we tans toparlary «Türkmeniň ýoly — parahatçylyk,
dostluk, doganlyk ýoly» atly edebi-sazly teatrlaşdyrylan sahnany görkezdiler.
Soňra ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda häzirki döwürde ýetilen sepgitler baradaky
wideofilmiň görkezilişi boldy. Ol teatr sungatyny ösdürmekde Diýarymyzda alnyp
barylýan ägirt uly işleri, tehniki çylşyrymlylyga eýe bolan islendik sahna
eserlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlar ornaşdyrylan
teatrlaryň binagärlik aýratynlyklaryny beýan etdi.
Dabara festiwala gatnaşýan döwletleriň
ýurdumyza gelen döredijilik wekiliýetleriniň gutlag çykyşlary bilen dowam etdi.
Şu forumyň çäklerinde ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek spektakllaryň
wideoşekilli tanyşdyrylyşy guraldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri bilen ilkinji täsirlerini paýlaşan teatr wekiliýetleriniň
ýolbaşçylarydyr wekilleri kärdeşleriniň wekilçilikli forumyna gatnaşmak üçin
Aşgabada gelmäge döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdiler. Myhmanlar şeýle duşuşyklaryň milletara döredijilik
aragatnaşygynyň ösdürilmegi, medeniýetleriň we özboluşly däp-dessurlaryň özara
baýlaşdyrylmagy üçin täze gözýetimleri açýandygy baradaky umumy pikiri
biragyzdan makulladylar.
Gözden geçirilişe teatr toparlarynyň öz
iň gowy işlerini getirendikleri bellenildi. Olaryň içinde täze sahna eserleri
we tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp bolan meşhur spektakllar bar.
Döredijilik forumynyň birinji gününde
ýurdumyzyň birbada dört teatrynda görkezilişler boldy. Arkadag şäheriniň Aman
Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry beýik türkmen şahyry we akyldary
Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlap taýýarlan «Köňüller
kelamy» atly sahna eserini görkezdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Alp Arslan
adyndaky milli drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky
Taldykorgan drama teatrynyň «Goragsyzlar güni» atly spektakly sahnalaşdyryldy.
Agşamlyk Baş akademiki drama teatrynda köp sanly myhmanlaryň we teatry öwrenijileriň
dykgatyna Mahmujon Wahidow adyndaky Täjik döwlet ýaşlar teatrynyň «Watandan
uzakda bir gije» atly sahna eseri hödürlenildi. Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky milli sazly drama teatry Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň
sazly drama teatrynyň döredijilik toparyny kabul etdi. Bu ýerde «Şasenem we
Garyp» spektakly tomaşaçylara görkezildi.
Festiwalyň maksatnamasy žanr babatda
dürli sahna eserlerini öz içine aldy. Sahna eseriniň tomaşaça ýetirilişiniň
görnüşine garamazdan, ähli spektakllar arassa duýgulara, çuňňur özboluşlylyga,
keşpleriň ynandyryjy ýerine ýetirilişine beslenendigi, hiç wagt gymmatyny
ýitirmejek ynsaplylyk, borç, söýgi we dostluk, wyždan arassalygy, adam
mertebesi, ýaşaýşyň manysynyň gözlegi ýaly mowzuklar bilen berk baglanyşýandygy
bilen tapawutlandy. Tomaşaçylar teatr artistleriniň çykyşlaryny uly şowhun
bilen garşyladylar. Olar ajaýyp aktýorçylyk, režissýorçylyk we sahna
ussatlyklaryny görkezdiler.
Festiwalyň 15-nji noýabrdaky ikinji güni
hem teatr sahnalaryna baý bolar. Günüň birinji ýarymynda Magtymguly adyndaky
milli sazly drama teatrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň
Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň artistleri «Gelmişek»
atly spektaklyny teatr muşdaklaryna ýetirerler. Şol gün türkmen artistleri we
režissýorlary öz sungat ussatlyklaryny açyp görkezerler. Alp Arslan adyndaky
milli drama teatry festiwalda görkezmek üçin Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi»
powestiniň esasynda döredilen sahna eserini saýlap aldy. Magtymguly adyndaky
milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary Gowşutgeldi Daňatarowyň «Leýli
we Mejnun» pýesasynyň esasynda «Söýgi hem hasrat» atly sahna eserini
tomaşaçylara görkezer.
Gyrgyz Respublikasynyň Batken
welaýatynyň Appaz Žaýnakow adyndaky sazly drama teatrynyň artistleri Arkadag
şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda myhmançylykda bolup,
onuň sahnasynda «Magtymguly Pyragy» atly sahna eserini görkezerler.
16-njy noýabrda hem birnäçe gyzykly
çäreler meýilleşdirildi. Festiwalyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Beýik
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly —
köňül guşy» atly spektakl görkeziler. Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet
sazly drama teatry Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda
«Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly pýesany hödürlär. Forumyň
çäklerinde teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda
teatr sungatyny ösdürmäge, onuň milli medeniýeti gorap saklamakdaky ähmiýetine,
ruhy mirasy geljek nesillere geçirmäge hem-de «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr
sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjy döwletleriň teatrlarynyň arasynda
hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bagyşlanan iş maslahaty geçiriler.
Paýtagtymyzyň myhmanlary üçin binagärlik
we taryhy ýerler, muzeýler bilen tanyşlygy, başga-da birnäçe gyzykly
gezelençleri göz öňünde tutýan giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol
gün agşamlyk Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki
drama teatrynda festiwalyň jemlerini jemlemek, oňa gatnaşyjylary ýörite
diplomlar, tapawutlandyryş nyşanlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak
hem-de çäräniň ýapylyş dabarasy geçiriler.
Şeýlelikde, teatr sungatynyň şu gezekki
gözden geçirilişi köklerini asyrlaryň çuňlugyndan alyp gaýdýan baý milli
mirasly, döwrebap sepgitleri gazanýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň
ynsanperwer ugurly syýasaty durmuşa geçirýändigini nobatdaky gezek tassyklar.