Türkmenistanyň Merkezi banky 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli döwürde ýurduň banklary tarapyndan döwlet kärhanalaryna we guramalaryna jemi 52 milliard 585 million manat möçberinde karz bermeleriň amala aşyrylandygyny habar berýär. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäki ― 44 milliard 883 million manat görkezijiden 17,2% ýokarydyr.
Şu ýylyň aprel aýyna çenli döwürde döwlete degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara 5 milliard 722 million manat möçberinde karzlar berlip, ol geçen ýylyň degişli döwründäki netijeden 17,7% artykdyr.
Türkmenistanyň banklarynyň raýatlara we döwlete degişli bolmadyk telekeçilere beren karz hasaplary şu ýylyň 1-nji apreline çenli döwürde 13 milliard 250 million manada barabar bolup, ol geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ― 12 milliard 102 million manatdan 9,5% ýokary boldy.
2021-nji ýylyň fewral aýynyň 1-ne çenli Türkmenistanyň banklary tarapyndan kärhanalara, guramalara we raýatlara berlen umumy karz hasaplarynyň möçberi 70 milliard 511 million manada deň boldy.
Türkmenistanyň ilatyna karz berme hyzmatlary «Daýhanbank» we «Türkmenbaşy» döwlet-täjirçilik banklary, «Rysgal», «Senagat» we «Halkbank» paýdarlar-täjirçilik banklary, şeýle-de Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan ýerine ýetirilýär.