1-nji noýabrda 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy geçirildi.

Ählumumylaşmak şertlerinde şeýle çärelere, şol sanda şu altytaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde geçirilýän çärelere hyzmatdaş ýurtlaryň birek-biregiň milli ykdysadyýetleriniň üstüni ýetirýän hem-de özara goşulyşmagyna ýardam edýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin netijeli meýdança hökmünde garalýar.

Özara hormata, bähbide esaslanýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi sebitiň umumy bähbitlerine laýyk gelýär, dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri bilelikde durmuşa geçirmegiň hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Şunda gatnaşyjy ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şol sanda ýaşlaryň arasynda telekeçilik ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Muňa Söwda-senagat edarasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guran Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy hem şaýatlyk edýär. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda alty ýurduň döwlet düzümleriniň, Ýaşlar guramalarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewürlik assosiasiýalarynyň, telekeçiligi goldamak boýunça halkara guramalaryň, hususy kompaniýalaryň wekilleri bar.

Bu çäräniň maksady ýaş telekeçileriň şahsy we hünär taýdan öz başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ýardam berýän hem-de ösdürýän meýdançany döretmekden ybaratdyr. Köp sanly çärä gatnaşyjylara Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda telekeçilik işini alyp barmaga ýardam edýän döwlet goldaw beriş gurallarydyr şertleri bilen tanyşmak, sanly başlangyç, telekeçiligiň esasy usullaryny ornaşdyrmak boýunça tejribeleri alyşmak, innowasion işewürligiň işe girizilmegi üçin serişdeleri hödürlemek, sebitde ýaşlar telekeçiligini ösdürmekde bilimleri we tejribeleri paýlaşmak, bu işe halkara guramalary çekmek, ösüşiň strategik ugurlarynda innowasiýalary ulanmak, işewür hyzmatdaşlary gözlemek üçin mümkinçilik döredildi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda häzirki zaman jemgyýetiniň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilen ýaşlara bu gün ählumumy durnukly ösüşe ýetmekde hem-de Ýer ýüzünde bagtyýar geljegi gurmakda möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Ýaşaýyş barada täzeçil garaýyşlara eýe bolan ýaşlar häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmeginde täze many-mazmun bilen üsti ýetirilýän köptaraply gatnaşyklary ýola goýmaga, düýbünden täzeçil, kabul ederlikli çemeleşmeleri öňe sürmäge hem-de durmuşa ornaşdyrmaga ukyplydyrlar.

Häzirki wagtda ýaş nesle uly ynam bildirilýär, sebäbi olar Merkezi Aziýa ýurtlarynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etdirijilerdir. Ähli Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri häzirki zaman innowasion önümçilikleri döretmäge goldaw bermek, ugurdaş düzümleriň üsti bilen ýaş telekeçileriň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga, öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, dürli ulgamlarda netijeli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermek arkaly ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek bilen baglydyr. Çykyş edenleriň umumy pikirine görä, şu gezekki duşuşyk soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy we däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly goşant bolar.

Ýörite ugurlar boýunça geçirilen 4 mejlisiň barşynda işewür gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny, maliýe serişdelerini, wençur gaznalarynyň işini üpjün etmek ýaly möhüm meselelere aýratyn üns çekildi. Foruma gatnaşyjylaryň tanyşdyrylyş çärelerinde ýaş telekeçilere döwlet tarapyndan berilýän goldaw çäreleri, başlangyç telekeçiligi we telekeçilik işini goldaýan düzümleri ösdürmek boýunça çäreler öz beýanyny tapdy. Milli ykdysadyýetleriň strategik ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmak garalan esasy meseleleriň biri boldy. Şeýle hem ýaş telekeçileriň gatnaşmagynda «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerine esaslanýan gaýtadan dikeldilýän energiýa, sanly ykdysadyýet, biotehnologiýa, robototehnika, «akylly» şäher ýaly ösüşiň strategik ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Ýurdumyzyň wekilleriniň çykyşlarynda döwletimiziň ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösmekleri, olaryň aň, döredijilik we ruhy kuwwatlyklaryny netijeli ulanmaklary üçin ähli şertleri döredýändigi bellenildi. Häzirki döwürde olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine goşant goşýarlar.

Foruma gatnaşyjylar ýaşlaryň arasynda telekeçilik işini ösdürmegiň sebitiň umumy gyzyklanmalaryna laýyk gelýän, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleriň möhüm bölegi bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtadylar.

Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, dürli ugurlarda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»