29-njy
oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli
ählihalk baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olar bu şanly senä bagyşlanan
çäreleriň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Baýramçylygyň çäklerinde sergiler,
maslahatlar, alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty
eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly
çykyşlar, beýleki medeni çäreler geçirildi.
Paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri”
assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirilip, onuň barşynda assosiasiýanyň
düzümine täze agzalar kabul edildi, şeýle hem ýurdumyzyň iň gowy kinologlaryna
«Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy. 28-nji
oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde itşynaslygyň
möhüm wezipelerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.
Şu gün Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň
toplumynda geçirilen esasy dabaralara köp sanly ildeşlerimiz we paýtagtymyzyň
myhmanlary gatnaşdylar. Bu ýerde köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.
Ol halkyň ruhy galkynyşyny, giň möçberli dabaralary özünde jemläp, ýokary
döwlet derejesine eýe boldy hem-de türkmen toýuna mahsus milli däpleriň özboluşlylygyny,
gözelligini açyp görkezdi. Halkymyzyň gadymy geçmişiniň, şu gününiň we geljekki
rowaçlyklarynyň çeper beýanyna öwrüldi.
Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan,
Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň
eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly hem-de
heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Olarda tebigatyň ajaýyp
peşgeşi bolan türkmen alabaýlary esasy gahrymanlar boldy. Toplumyň
girelgesinden merkezine çenli uzap gidýän ýerde guralan sergide halkymyzyň
milli baýlyklary, döredijilik zehini öz beýanyny tapdy.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary,
Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň
ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý
itleri” assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada folklor
we tans toparlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary guraldy.
Milli taryhy-medeni mirasymyzy dünýäde tanatmak, ony
gorap saklamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli
durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Alabaýlaryň
tohumçylyk işini ösdürmek we gaýtalanmajak bu tohumy mundan beýläk-de
kämilleşdirmek bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr.
Pederlerimiz daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket etmegiň asylly
ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini kemala getirip, häzirki
güne miras galdyrypdyrlar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilen we
halkymyzyň aňynda pugta orun alan bu ýörelgeler häzirki döwürde täze mazmun
bilen baýlaşdyrylýar.
Türkmenler doga zehinli seçgiçiler bolmak bilen,
ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly gaýtalanmajak tohumlary
döretdiler hem-de olarda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, biziň günlerimize
çenli üýtgewsiz görnüşde saklap galmagy, ösdürip ýetişdirmegiň tärlerini hem
ýitirmän saklamagy başardylar. Galyberse-de, hünärmenler alabaýy beýleki
tohumlaryň täsirine sezewar bolmadyk hem-de özüniň gadymy genotipini arassa
görnüşde saklap galan ýeke-täk tohum hasaplaýarlar.
Türkmenistanyň gadymy oturymly mekanlarynda alabaýlaryň
mesgen tutan ýerleri duş gelýär. Mysal üçin, arheologlar Ahal welaýatynyň
çägindäki gadymy Jeýtunda biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda ýaşap geçen,
uly kelleli hem-de kuwwatly äňli äpet alabaýyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Munuň
özi 6 müň ýyl mundan ozal hem gadymy ata-babalarymyzyň alabaýlary
ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Üstünden uzak döwürleriň geçendigine
garamazdan, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, ynamdarlyk ýaly alabaýlara mahsus
häsiýetler saklanyp galypdyr. Tejribeli itşynaslar alabaýlary ösdürip
ýetişdirenlerinde güýç ulanmak arkaly temmi çärelerine ýol bermeli däldigine
oňat düşünýärler. Bu işde olaryň hormatyna mynasyp boljak derejede çemeleşmeli,
şonda ol seniň hakyky wepaly dostuňa öwrülýär. Asyrlaryň dowamynda geçirilen
seçgi işleri alabaýlarda bu häsiýetleri terbiýelemäge ýardam etdi. Olar türkmen
halkynyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjeleriniň
jemlenmesi bolup, halk medeniýetiniň aýrylmaz bölegini emele getirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmen alabaýy” atly
kitabynda: “Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap
saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr”
diýip belleýär. Halkymyz seçgiçilik işiniň gaýtalanmajak nusgasyny dünýä bagyş
etmek bilen çäklenmän, olarda iň gowy häsiýetleri terbiýelemek we
kämilleşdirmek arkaly gadymy tohumyň arassa ganlylygyny, onuň genofonduny
ýüzýyllyklaryň dowamynda gorap saklapdyrlar. Häzirki döwürde biz halkymyzyň
buýsanjy we bahasyz gymmatlygy bolan ajaýyp alabaý tohumynyň şan-şöhratynyň
belende galýandygynyň şaýady bolýarys.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we
medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň
netijesinde bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Gadymy Merw, Köneürgenç
we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri girizildi. «Görogly» dessançylyk
sungaty, «Küştdepdi» aýdym-saz sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar
ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen
keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.
Häzirki wagtda ýurdumyz alabaýlary ösdürip ýetişdirmek boýunça milli däpleri
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek başlangyjyny
öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi
ýaly, türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy tohumlarynyň biri bolmak bilen,
merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli
mirasydyr. «Türkmen itşynaslary tarapyndan milli buýsanjymyz bolan
alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak,
şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Geljekde-de
ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara
tejribe alyşmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de
itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmaga döwletimiz
tarapyndan uly üns berler» diýlip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň
itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkymyza iberen Gutlagynda
nygtalýar.
...«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara
bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişleriniň
jemleriniň jemlenilmegi adamyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk
dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy.
Syn ediş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda
saýlanyp alnan ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy
çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy,
nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edilýär. Bäsleşigiň jemleýji
tapgyryna çykan alabaýlar belli bir nesil ugurlaryna degişlidir, olary synlan
köp sanly janköýerler arassa ganly alabaýlara mahsus aýratynlyklara baha
bermäge mümkinçilik aldylar.
Milli itşynaslygyň iň oňat däplerini ösdürmegi,
höweslendirmegi maksat edinýän bäsleşik bu tohum itleriň köpeldilmegi, arassa
ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly usullary ylmy
esasda kämilleşdirmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Ynsanyň wepaly dostlary özleriniň buýsançly daşky
keşplerini we eýeleriniň öwreden endiklerini tomaşaçylara görkezdiler.
Alabaýlaryň janköýerleri olaryň täsin daşky keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň
dowamynda görkezen edermenligine we başarjaňlygyna baha berdiler. Kinologyň
ussatlygy iti päsgelçiliklerden geçmegine gönükdirmeginde jemlenýär. Şol
päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we takyklyk göz öňünde tutulýar.
Bäsleşikleriň netijelerini jemlemek hem-de düzümine
tejribeli, bilimli hünärmenler giren eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek
pursady gelip ýetdi. Eminler toparynyň başlygy Saragt Babaýewe söz berilýär. Ol
bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň
taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itlerini dünýä
ýaýmakda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur
hoşallyk bildirdi.
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna Türkmenistanyň
Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp
boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan B.Bakeýew,
idedijisi esger M.Annamyradowdyr.
Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň
Prezidentiniň Baş baýragy — awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we
diplom gowşuryldy.
Itşynas gymmat bahaly sowgat we ajaýyp tohum bolan
alabaýlary ösdürip ýetişdirmek babatda berýän aýratyn ünsi üçin döwlet
Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol türkmen itşynaslarynyň bu
ugurdaky işleri mundan beýläk-de mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrmak
bilen, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we
amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we
teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň,
halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň
arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Türkmen alabaýynyň
halkymyzyň durmuşynda eýeleýän möhüm ornuny döredijilikli we çeper beýan etmek
bäsleşigiň baş maksadydyr.
Bäsleşige öz işine ussat halypalar bilen birlikde,
döredijilik ýoluna täze gadam basan ýaşlar hem gatnaşdylar. Türkmen alabaýynyň
keşbi şekillendirilen iň nepis haly, iň gowy çeperçilik şekili, iň gowy
heýkeli, alabaýyň şekili ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi, türkmen alabaýynyň
batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizion sýužet ugurlary boýunça iň gowy işler
saýlanyp alyndy.
Şunlukda, ýeňijilere — “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň
önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi A.Gulberdiýewe türkmen
alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen “Türkmen alabaýy” atly haly eseri;
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty
fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby B.Artykowa “Türkmeniň
guwanjy — asyrlaryň buýsanjy” atly surat eseri; Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk
kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby S.Jumadurdyýewa “Wepaly maşgala” atly heýkel
eseri; Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä
işleri ýerine ýetirýän sehiniň surat dizaýneri M.Ataberdiýewa “Türkmeniň nusgalyk
alabaýy” atly žurnalyň bezeg işleri; Türkmenistanyň Telewideniýe,
radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han
adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary
derejeli goýujy-kinooperatory D.Hudaýberdiýewe “Wepadar” atly wideoşekili üçin
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar
we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri işlerine ýokary baha berlendigi
üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de
döredijiliklerinde türkmen alabaýynyň keşbini janlandyrmak bilen, onuň dünýäde
şöhratyny artdyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Olar
döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we ýurdumyzyň
abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Şeýlelikde, şu gezekki baýramçylyk dabaralary halkymyzyň
taryhynda we medeniýetinde möhüm orny eýeleýän alabaýlara ýurdumyzda belent
hormat bilen garalýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Türkmen alabaýy
özüniň gaýtalanmajak häsiýetleri bilen müňýyllyklaryň synaglaryna mynasyp döz
geldi. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de ol türkmeniň wepaly
ýoldaşydyr. Olary ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däpleri ylmyň we seçgiçiligiň
öňdebaryjy gazananlarynyň, tehnologik işläp taýýarlamalaryň işjeň ulanylmagy
bilen döwrebap usulda kämilleşdirilýär.
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar
ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda hem ýaýbaňlandyryldy. Şol çäreleriň
medeni maksatnamalaryna baýramçylyk konsertleri, sergiler, edebi-sazly,
şahyrana duşuşyklar, ýurdumyzyň itşynaslaryny sylaglamak ýaly çäreler girizildi.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr»