Şu gün ýurdumyzda umumyhalk baýramçylygy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaralandyrylýan ýylda Ýeňiş güni Oraza aýynda bellenilýän seneler bilen gabat geldi. Olar türkmen halkynyň öz ruhy köklerine, hoşniýetliligiň maksatlaryna, umumadamzat gymmatlyklaryna mizemez ygrarlydygynyň beýanydyr.
Bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, milli däplerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyz olary berjaý edýär hem-de olara uly sarpa goýýar. Ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagy jemgyýetimiziň hemme taraplaýyn sazlaşykly ösmegine hyzmat edýär.
Ýeňiş güni ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bolan senedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem bu mukaddes kadalara berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň, watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler, nesilleriň hormatyna mynasyp boldular.
Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, gazaply uruş ýyllarynda merdana pederlerimiziň — Watan goragçylarynyň görkezen söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda şan-şöhratly ýatlamalar bolup, müdimilik ýaşar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşen weteranlary, mukaddes borjuny mynasyp berjaý edip, ojaklaryna dolanyp gelenleri, tylda zähmet çekenleri, wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlaryny sarpalamak çäreleri geçirildi. Beýik Ýeňşiň hormatyna her ýyl uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan naçarlara — mähriban enelerimize gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Watanymyzyň azatlygyny, garaşsyzlygyny gorap saklan edermen, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty halkymyzyň taryhyna girip, ol milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” atly ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi.
Halkymyzyň edermen ogullary we gyzlary beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde urşuň agyr synaglaryny başdan geçirip, dünýäde parahatçylyk, asudalyk, abadan durmuş ugrunda bolan söweşlerde belent ahlak häsiýetlerini, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň nusgalaryny görkezdiler. Olaryň hatarynda milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu günki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borjuňa wepalylygyň nusgasydyr.
Watandaşlarymyzyň müňlerçesi adamzadyň taryhynda örän ýowuz we rehimsiz uruşlaryň biriniň jeň meýdanlarynda görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy üçin söweşjeň ordenlerdir medallar bilen sylaglanyp, «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldular.
Bu gün ähli zatlar — ýaz ýagşyna ýuwlan baglar, ýadygärlige goýlan gül desseleri, ak saçly weteranlaryň döşündäki ordenler we medallar çäräniň öwüşginini artdyrdy.
Türkmen halkynyň harby däplerini, edermen ata-babalarymyzyň watançylyk wesýetlerini miras alan ýaş esgerler hormat garawulynda durlar.
Harby şöhratyň we umumyhalk hatyrasynyň mukaddes ýerine öwrülen belent ýadygärlikleriň etegine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ajaýyp gül çemenleri goýulýar.
Soňra şu günki çärä gatnaşyjylar ýadygärlige gül desselerini goýýarlar. Milli Gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmek üçin bu ýere talyp ýaşlarymyz, şöhratly ata-babalarymyzyň — frontçy gahrymanlaryň agtyklary we çowluklary hem geldiler. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli olara buýsanýar.
Biziň ýurdumyz okgunly ösüşiniň häzirki döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugry türkmen halkynyň doly goldawyna hem-de halkara jemgyýetçiligiň giňden ykrar etmegine eýe bolýar. Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi türkmenistanlylaryň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň kepilidir.
Türkmenistanyň sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilmeginiň milli däplerimiziň dowamlylygynyň hem-de ata-babalarymyzyň edermenligine goýulýan hormatyň mynasyp beýanyna öwrülendigini bellemek gerek. Milli Liderimiziň yzygiderli öňe sürýän netijeli başlangyçlary parahatçylygy pugtalandyrmaga, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de bu ýere ýygnananlar agzaçar sadakasy beriljek ýörite jaýa bardylar.
Milli Liderimiz özi üçin ýörite bellenilen ýere geçip, bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda her ýyl mukaddes, parz işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Geçmiş taryhymyza sarpa goýup, “Milletiň ogullary” ýadygärliginde Watan üçin wepat bolanlary, “Baky şöhrat” ýadygärliginde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary, “Ruhy tagzym” ýadygärliginde Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary ýatlaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz şu gün 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watanyň ogul-gyzlaryny, urşa gidenleriň yzynda galan naçar maşgalalary, şeýle hem eziz Watanymyzyň azatlygy ugrunda janyny pida edenleri ýatladyk.
Halkymyzyň başyna düşen örän agyr günlerde, Aşgabatda 1948-nji ýylda bolup geçen tebigy betbagtçylykda şehit bolanlary ýatladyk. Olara tagzym etdik diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu pajygaly senelerde ýitgi hem boldy, ejir hem çekildi. Şol döwürlerde wepat bolanlaryň, tebigy betbagtçylyklarda şehit bolanlaryň ählisini hatyraladyk. Olara tagzym etdik. Mukaddes Oraza aýynda olaryň ýatan ýerleriniň ýagty bolmagyny, jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edýäris.
Ine, şu gün biz Oraza aýynda agzaçar sadakasyna gatnaşýarys. “Ölüsini sylan beg bolar” diýipdirler. Biz hem mukaddes däp-dessurlarymyza eýerip, ata-babalarymyzyň ýoluny dowam edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Şu gün Watanymyzyň merdana ogul-gyzlarynyň, şehit bolanlaryň hatyrasyna ediljek doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň müftüsinden tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dilegler edenden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekildi.
Nahardan soň, aýat-töwir edilip, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň dowamat-dowam bolmagy, halkymyzyň agzybirligi, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, köpugurly işlerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze üstünlikleriň hemra bolmagy dileg edildi.