14-15-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy.
Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň aktýorlary, režissýorlary, kino, teatr artistleri, prodýuserleri gatnaşdylar.
Däp bolşy ýaly, dabaranyň öň ýanynda hormatly myhmanlar gyzyl haly düşelen ýodadan geçýärler. Halkara çärä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň režissýory Dilşodbek Usmanow, «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte, film tankytçysy Ihsan Nurullah Kabil, režissýor Israfil Kuralaý, «Bozdag Film» kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, türk kino ýyldyzlary — Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçi, «Monde et Media» fransuz kompaniýasynyň artisti Eduar Montut hem-de prodýuseri Žan-Mari Laronz bar.
Ýurdumyzyň kino işgärleri ilkinji bolup gyzyl haly düşelen ýodadan geçýärler. Bu ýere ýygnananlar Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl kürte», «Wada», «Daragt», «Ýaşlar», «Kämillige ýol» atly filmleriniň döredijilik toparlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Soňra olaryň yzy bilen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň wekiliýetleri geçýärler. Ýygnananlar haly düşelen gyzyl ýodadan geçen — Türkiýeden, Fransiýadan gelen myhmanlary, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň “Istärin” filminiň döredijilik toparyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň eýwanynda halkara kinofestiwala gatnaşýan kino işgärleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş bolýarlar we ýadygärlik surata düşýärler. Sazly kwartet festiwala gatnaşyjylary garşylap, ýerine ýetiren ajaýyp çykyşy bilen dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Soňra kino ussatlary zala girýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Gutlagda häzirki wagtda ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, surata düşürilen milli filmleriň köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallara gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýändigi nygtalýar. «Kino sungaty — bu parahatçylygyň we dostlugyň köprüsidir. Kino sungatynyň döwrebap ösüşleri ähli halklary parahatçylyga çagyrýar, agzybirligi, jebisligi kemala getirýär. Sungatyň güýji ýürekleri birleşdirýän gudrata öwrülýär» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.
Açylyş dabarasy ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň taýýarlan «Oguz han» atly edebi-sazly çykyşy bilen dowam etdi. Festiwala gatnaşyjylara görkezilen wideofilm Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň taryhyny we gazanan üstünliklerini aýdyň şöhlelendirip, ol tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Soňra «Türkmenfilm» birleşiginde ozal surata düşürilen filmlerden hem-de medeni foruma gatnaşýan daşary ýurtlaryň filmlerinden halk sazlary ýerine ýetirildi.
Milli lybasdaky oglanjyk Arkadag şäherindäki “Akhan” binasynyň keşbindäki kubogy sahna çykarýar we kinofestiwala gatnaşýan ýurtlaryň filmleriniň görkezilişi başlanýar. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň kinematograflary sahna çykyp, kinofestiwala getiren hem-de eminler toparynyň garamagyna hödürleýän filmleri barada gürrüň berdiler.
Soňra daşary ýurtly artistlere söz berilýär. Hususan-da, Türkiýeden we Fransiýadan gelen kino ýyldyzlary ýurdumyzda şeýle kinofestiwallaryň geçirilmeginiň tomaşaçylaryň kinofilmlere ýokary gyzyklanmasyny görkezendigini we goňşy döwletleriň kinematograflary bilen özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döredendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, forum dünýäde umumy medeni giňişligi baýlaşdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Kinofestiwalyň birinji güni ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.
Medeni çäräniň jemleýji gününde — 15-nji oktýabrda halkara kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşy, festiwalyň ilkinji gününiň wakalary baradaky wideofilmiň görkezilişi dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy.
Türkmen estradasynyň ýyldyzlary teatryň sahnasynda ussatlyklaryny görkezip, kino baýramçylygynyň şowhunyny has-da artdyrdylar. Olar “Arkadagyň säheri” festiwalynda görkezilen filmlerden aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Dabaraly pursat — halkara kinofestiwalda üstünlikli çykyş eden kino işgärlerini sylaglamak dabarasy başlanýar. Şunlukda, Gazagystanyň “Gopuz”, Täjigistanyň “Sary çeşme”, Türkmenistanyň “Toý köýnek”, “Umyt”, “Nesibe”, Özbegistanyň “Üzüm”, “Meniň arzuwym Özbegistan”, Gyrgyzystanyň “Umut”, “Öz kakasynyň ogly”, “Poçtaçy” filmleri, şeýle hem “TRT” teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň “Bozdag Group” kompaniýasy, Russiýanyň “Ahalteke” atly filmi diplomlara, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldy.
Soňra kinofestiwalda 3-nji orny eýelän Gazagystanyň “Sary ömür” filminiň hem-de ikinji orny eýelän Gyrgyzystanyň “Gelin heýkeli” filminiň döredijilik toparlaryna sylaglar gowşuryldy. Halkara kinofestiwalda birinji orny eýelän türkmenistanly režissýor Sapardurdy Annaýewiň “Kagyza ýazylan ykbal” filmine “Akhan” binasynyň şekilindäki kubok gowşurylýar. Türkiýe Respublikasyndan kinorežissýor Mehmet Bozdag, «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte ýörite sylaglara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.
Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, geljek ýylda bu şäherde “Gorkut ata” kinofestiwaly geçiriler.
Sahna Türkmenistana türki dünýäniň III kinofestiwalynda berlen hem-de “Gorkut ata” festiwalynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi çykarylýar. Ol ýurdumyzda geljek ýyl ýeňşe mynasyp bolana gowşurylar.
Halkara kinofestiwala gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, medeniýet ulgamyny ösdürmek baradaky aladalary, netijeli işlemäge döredilen ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Meşhur aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde fransuz, türk, rus, gyrgyz, täjik, gazak, azerbaýjan we özbek dillerinde aýdymlar ýaňlandy. “Arkadag şäheri — bagtyň şäheri” atly aýdym medeni çäräniň aýratyn bezegi boldy. Döwürleriň we nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy alamatlandyrýan täze taryhy eýýamyň döredijilik kuwwatyna beslenen gadymy küştdepdi tansy hem baýramçylyk maksatnamasyna girizildi. Ähli dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Arkadag Serdarly Diýar dost-doganlyk sazyn çalýar” aýdymy çäräniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Arkadag şäheriniň Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna sowgat eden täsin sungat eseridigini, onuň täze döredijilik üstünliklerini görkezmek, kinematograflaryň mümkinçiliklerini hem-de bilelikdäki taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrülendigini bellemek gerek. Şeýle iri forumyň geçirilmegi dostlaryň, kärdeşleriň, hoşniýetli goňşularyň we doganlyk halklaryň döredijilik duşuşyklarynyň dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar. Özara söhbetdeşliklerde täze pikirler, teklipler, birek-biregiň medeniýetine hakyky gyzyklanmany tassyklaýan garaýyşlar kemala gelýär.
Bu kinofestiwalyň dowamynda dürli ýurtlaryň kino ussatlarynyň döreden ajaýyp filmlerine tomaşa edildi we olar tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Festiwala gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň umumy pikirine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň durmuşynda möhüm waka bolmak bilen, bu döredijilik çäresi olaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, ýurtlarymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, toparlarynyň özara gatnaşyklaryny baýlaşdyrmaga, Arkadag şäherini dünýä jemgyýetçiliginde wagyz etmäge ajaýyp mümkinçilikleri döretdi.