Sues kanalynyň petiklenmegi halkara ýük gatnawy üçin ätiýaçlyk ýol gözlemegiň  möhümdigini görkezdi we bu ugurda «Türkmenistan ― Özbegistan ― Gyrgyzystan/Gazagystan» Merkezi Aziýa geçelgesiniň ösüşiniň geljegi möhüm orna çykdy. Bu barada Belgiýanyň «Modern Diplomacy» neşirine salgylanyp, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti tarapyndan habar berildi.

XIX asyryň ortalarynda gurlan Sues kanaly dünýädäki deňiz gatnawynyň 7 göterimine täsir edip, iň meşhur deňiz söwda ýollarynyň biri bolmagynda galýar.

Sues kanalynyň petiklenmegi bilen ýüze çykan ykdysady zyýanyň gerimi dünýä ykdysady jemgyýetçiligine alternatiw gury ýer ýa-da deňiz ulag ýollarynyň gowşakdygyny görkezdi. Şeýlelikde, Russiýa Sues kanalynyň üsti bilen Demirgazyk deňiz ýoluny we Eýran ― Demirgazyk-Günorta halkara transport geçelgesini alternatiw ugur hökmünde öňe sürdi.

Öz gezeginde «Modern Diplomacy» rus we eýran teklipleriniň oňaýly taraplaryny belläp, üçünji teklibi öňe sürdi. Ýagny Merkezi Aziýanyň üstünden ýa-da «Orta geçelgä» üns bermek teklip edilýär.

«Orta geçelge» Türkiýeden başlaýar, Gruziýanyň we Azerbaýjanyň çäklerinden geçip, Hazar deňzine gelýär. Soňra Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Gazagystan arkaly Hytaýa baryp ýetýär. Neşire görä Merkezi Aziýa geçelgesiniň artykmaçlyklary Sibir Trans demir ýolundan has gysga we has amatly howa şertleri bolan sebitlerden geçýär. Şunlukda, Hytaýdan Ýewropa haryt ibermegiň wagty üç essä çenli azalar.

«Orta geçelgäni» ätiýaç ýol hökmünde ulanmak başlangyjy Owganystan we Täjigistan tarapyndan hem goldanýar. Şeýle hem bu ýurtlar «Lapis-Lazuli» (Lazurit geçelgesi) ulag geçelgesiniň (Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýäniň arasyndaky tranzit taslamasy) harytlaryny Ýewropa, Ýakyn Gündogara, Hytaýa we Günorta-Gündogar ýurtlaryna eltip, Orta geçelge bilen aragatnaşyk saklap bilerler.

«Lapis-Lazuli» (Lazurit geçelgesi) geçelgesini döretmek baradaky şertnama Gruziýa, Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe 2017-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen paýtagtynda gol çekdi.