29-njy sentýabrda GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty
geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän
işewürlik duşuşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini,
Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat
edýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa şeýle
duşuşyklar özleriniň geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmagy babatda oňat
mümkinçilikdir. Däbe öwrülen şeýle forumlar dürli pudaklara maýa goýumlaryň
gelýän möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady
ösüşi çaltlandyrmaga we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny
ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu forumlarda döwletara söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollarydyr gurallary kesgitlenilýär.
Berlindäki “Marriott” myhmanhanasynyň mejlisler zalyna
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň esasy
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýurdumyzyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýygnandylar. Kabul edýän
tarapdan bu çärä GFR-iň esasy ministrlikleriniň, German ykdysadyýetiniň
Gündogar komitetiniň, Kiçi we orta kärhanalaryň federal birleşiginiň wekilleri,
iri banklaryň hem-de dürli ulgamlarda işleýän onlarça kompaniýalaryň ýolbaşçylary
gatnaşdylar.
Germaniýaly hyzmatdaşlar üçin ýurdumyzda öndürilýän
önümleriň sergisi guraldy. Sergide özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary we
geljegi beýan edilip, dokma we haly önümleriniň köp görnüşleri, milli
amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.
Maslahaty alyp baryjylar duşuşygy açyp, nobatdaky
Türkmen-german işewürlik maslahatynyň esasy maksadynyň hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmakdan we geljekki netijeli gatnaşyklary
meýilleşdirmek üçin möhüm teklipleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny
bellediler. Çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada
aýdyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösmeginiň döwletara dialogyň
ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýandygyny kanagatlanma bilen
bellediler. Şunda bilelikdäki
Türkmen-german iş toparynyň işine we şeýle çärelere wajyp orun degişlidir.
Germaniýa
ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň hatarynda çykyş edýär. Iri german
işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, şeýle hem çärä
gatnaşyjylaryň giň düzümi GFR tarapyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary
pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň
bilen birlikde, german kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda
gelendigi bellenildi. Olar indi ençeme ýyllardan bäri dürli ulgamlarda
üstünlikli işleýärler. Häzirki güne çenli ýurdumyzda german maýasynyň
gatnaşmagynda umumy möçberi ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna golaý bolan maýa
goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 196-synyň bellige alnandygy muňa aýdyň mysaldyr.
GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “Rohde & Schwarz”, “Dresser-Rand” we beýleki
kompaniýalar uzak möhletli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga saldamly
goşant goşýarlar.
Ýöne,
nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden
ornaşdyrylmagyny, işjeň sanlylaşdyrmagy, infrastrukturanyň okgunly
ösdürilmegini nazara almak bilen, iki ýurduň mümkinçiliklerini has netijeli ulanyp
bolar. Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlarynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna,
dürli pudaklarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere hemmetaraplaýyn baha
berildi, bu ulgamlaryň has ähmiýetli görkezijileri we olary ösdürmegiň geljegi
barada aýdyldy. Ykdysady özgertmeleriň innowasion ugruna, daşary ýurt
kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de
oňaýly şertleriň bardygyna aýratyn üns berildi.
Taraplar
ykdysady gatnaşyklaryň täze hili barada aýdyp, hyzmatdaşlygyň ýokary tehnologik
we innowasion häsiýete eýe bolmalydygyny biragyzdan bellediler. Nygtalyşy ýaly,
Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda german kompaniýalarynyň netijeli
işlemegi üçin oňaýly şertleri hödürlemäge taýýardyr. Türkmen ykdysadyýeti oňyn
pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr.
Şu gezekki foruma hem uzak möhletli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde
möhüm ädim hökmünde garalýar.
GFR-iň iri
holdingleriniň ýolbaşçylary we wekilleri dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy
şertlerinde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary babatda öz
garaýyşlaryny beýan etdiler. Hususan-da, çykyş edenler türkmen hyzmatdaşlaryna
gurluşykda, ulag-kommunikasiýalarda we energetika ulgamlarynda, maliýe-bank
ulgamynda özleriniň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny, innowasion
tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Bilim, ylym we
medeniýet, saglygy goraýyş, syýahatçylyk baradaky meseleler hem içgin ara alnyp
maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda hem bilelikde üstünlikli
işlemegiň baý tejribesini topladylar, şol sanda türkmen we german alymlarynyň
golýazma mirasyny aýawly saklamak, arheologik gözlegleri geçirmek ulgamyndaky
netijeli gatnaşyklary ýola goýuldy.
Arakesmeden
soňra, işewürlik maslahaty türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.
Ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen
garşyladylar. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň öňünde giňişleýin çykyş
etdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetine şu
duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle görnüşdäki forumyň indi
ençeme gezek geçirilýändigini belledi.
Geçen
ýyllaryň dowamynda iri german işewür toparlarynyň wekilleri ençeme gezek
türkmen kärdeşleri bilen duşuşdylar, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu
gün hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermegiň,
bilelikdäki işleri meýilleşdirmek üçin iki tarapyň hem anyk isleglerini
öwrenmegi maksat edinýän netijeli dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam
bildirip, bu ýere ýygnanan dostlarymyzy, ozaldan gelýän hyzmatdaşlarymyzy —
german kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden mübärekledi.
Duşuşygyň
şeýle wekilçilikli düzümde geçmegine ýurduň işewür toparlarynyň Türkmenistana
bolan uly gyzyklanmasy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ymtylmasy
hökmünde garalýar.
Umuman,
türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki günde ähli esasy ugurlary öz içine alyp,
işjeň ösdürilýändigini bellemek gerek. Dürli ýyllarda ikitaraplaýyn görnüşde,
şeýle hem halkara formatlaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar
bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu duşuşyklar syýasy
hyzmatdaşlygyň esasy binýadyny goýdy, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek,
medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleri döretdi.
Men
Germaniýa amala aşyran öňki saparlarymyň dowamynda Germaniýanyň ýolbaşçylary
bilen geçiren duşuşyklarymyzda gatnaşyklarymyzy ösdürmäge we pugtalandyrmaga
bolan gyzyklanmany duýýardym diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de iki
tarapyň tagallalarynyň anyk netijeleri berendigini, onuň häzirki günde
hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma
bilen belledi.
Ykdysadyýet
GFR bilen gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. German
kompaniýalaryna ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlar hökmünde garaýarys.
Olar ýokary hünär derejesi, hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli
çemeleşýändikleri bilen tapawutlanýarlar hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk
etmegiň özara bähbitlidigine düşünýärler. Biz şeýle çemeleşmäni goldaýarys we
german işewürleriniň türkmen bazaryndaky alyp barýan işlerini mundan beýläk-de
höweslendireris. “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “MANN”, “Rohde & Sсhwarz” nemes kompaniýalarynyň Türkmenistandaky köpýyllyk
we netijeli işini şeýle hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde getirmek
bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Umuman,
ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli we depginli ösdürilýär. Şunuň
bilen birlikde, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň
diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy,
infrastrukturany depginli ösdürmegi nazara almak bilen, bilelikdäki
mümkinçilikleri has netijeli ulanyp boljakdygy äşgärdir. Täze maýa goýumlary
çekmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, döwrebap hyzmatlary ýola goýmak üçin
mümkinçilikleri açýan hem-de hakykatdan-da, ykdysady hyzmatdaşlygymyza itergi
berjek giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň gerek bolan tapgyryndadygymyza berk
ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam
etdi. Şunuň bilen baglylykda, GFR-iň işewür düzümleriniň wekillerine
hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň
birnäçe mümkinçiliklerine garamak teklip edildi.
Energetika
ulgamy möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň
tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga, Gün
batareýalaryny peýdalanmak boýunça german tehnologiýalaryny Türkmenistanda
ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem
ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen,
Germaniýanyň wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmäge isleg
bildirildi.
Oba hojalyk
pudagynda Türkmenistan bilen “СLAAS” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk
oňyn tejribesini nazara almak bilen, innowasion çemeleşmeli, öňdebaryjy “ýaşyl”
tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze
görnüşlerine geçmek teklip edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Oba hojalyk
ministrligi hem-de “СLAAS” kompaniýasy bilen bilelikde ýurdumyza oba hojalyk
tehnikalarynyň, enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň nobatdaky tapgyryny getirmek
üçin önüm öndürijileriň birleşigi döredildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen
hünärmenleriniň bu kompaniýanyň täjirçilik teklibini amala aşyrmak meselelerine
girişmäge taýýardyklary aýdyldy.
Çykyşynyň
dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň işewür toparlaryny
Türkmenistanda döwrebap ulag infrastrukturalaryny we kommunikasiýalaryny gurmak
boýunça taslamalara özleriniň gatnaşmak mümkinçiliklerini içgin öwrenmäge
çagyrdy. Häzirki günde ýurdumyzda täze awtomobil we demir ýol ulag
halkalarynyň, geçelgeleriň gurluşygy, howa we deňiz portlarynyň
infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar diýip, Halk
Maslahatynyň Başlygy aýtdy we iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň
hem-de kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasdaky iş duşuşyklaryny ýola
goýmagy teklip etdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibine german
kompaniýalarynyň Türkmenistanda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga,
hyzmat ediş merkezlerini döretmäge, ulag ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaga
gatnaşmagy ýaly meseleleri girizmek bolar.
Şeýle hem
“Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga, şeýle hem üstaşyr ulag
ulgamynda bar bolan kuwwaty we logistikanyň mümkinçiliklerini netijeli
ulanmagyň hasabyna awtoulag, deňiz gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlyga
gyzyklanma beýan edildi. Raýat awiasiýasy ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň arasynda
howa gatnawlaryny ösdürmek babatda, Türkmenistanyň howa menzillerini bilelikde
dolandyrmak mümkinçiliklerini artdyrmakda, şol sanda bu taslamalary durmuşa
geçirmek üçin degişli hukuk binýadyny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk meselelerine
aýratyn üns berildi.
Himiýa
senagatynda german kompaniýalarynyň Türkmenistandaky “Tejenkarbamid” zawodynda
abatlaýyş-dikeldiş hem-de bölekleýin döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek
boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Meselem,
“ThyssenKrupp” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk maksadalaýyk hasaplanýar. Şol bir
wagtyň özünde, german hyzmatdaşlarymyz bilen Türkmenistanda Garlyk kaliý
dag-magdan toplumyny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak we ösdürmek boýunça täze
toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi baradaky gepleşikleri
dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda eýýäm “Erсosplan”, “Ka-Utek”, “Sсhaсhtbau” german kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk
amala aşyrylýar.
Ykdysadyýetimizi
ösdürmek we ýurdumyza maýa goýumlary çekmek boýunça konsalting ulgamynda german
kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygymyzyň tejribesini hasaba almak bilen,
gyzyklanma bildirýän kompaniýalar, hususan-da, “Goetz & Partners”
kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek boýunça işleri dowam
etdirmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, suw hojalyk ulgamynda häzirki wagtda
türkmen tarapy Türkmenistanda suw üpjünçilik we suw paýlaýyş ulgamlaryny
döwrebaplaşdyrmak meselesi boýunça german kompaniýalarynyň tekliplerine
garaýar. Hususan-da, akabalary we gapdal kanallary betonlamak, suw sorujy
stansiýalary döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, zeýkeş ulgamlaryny gurmak arkaly
Garagum derýasynyň renowasiýa taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak teklip
edilýär.
Türkmenistanyň
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen GFR-iň Ykdysadyýet we energetika
ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine esaslanyp,
Türkmenistanyň dolandyryş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda
hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek
teklip edildi.
German
ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ugry boýunça hem hyzmatdaşlyk etmegiň oňat
mümkinçilikleri bar. Şunda “ýaşyl” geçişi, şol sanda az uglerodly
tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, energetika we lukmançylyk geljegi uly ugurlar
hasaplanýar. Gündogar komiteti bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça
2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlin şäherinde wekilçilikli Türkmen-german
işewürlik forumyny guramak teklip edilýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň beýan eden möhüm teklipleriniň hatarynda Arkadag
şäherinde lukmançylyk we derman senagaty ulgamyny hem-de german tarapynyň
gatnaşmagynda tehniki-hünär bilim edarasyny özünde jemleýän “Ýaşyl” bilim
merkezini döretmek mümkinçiligini öwrenmek teklibi bar. Bu teklipler boýunça bilelikdäki
tagallalary utgaşdyrmak üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki
türkmen-german iş toparynyň işini işjeňleşdirmegi we indiki ýylyň başynda
Berlin şäherinde bu toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegi maksadalaýyk
hasaplaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam
etdi.
Häzirki
günde Germaniýanyň we Türkmenistanyň özara Ykdysadyýet günlerini geçirmek
tejribesini täzeden dikeltmek üçin mümkinçilikler açylýar diýip, Halk
Maslahatynyň Başlygy aýtdy we şeýle duşuşyklaryň anyk möhletlerini, gün
tertibini bilelikde pikirlenmegi teklip etdi.
Beýan
edilen teklipleriň aglabasy ýakyn geljek üçindir diýip, türkmen halkynyň Milli
Lideri belledi we Türkmenistanyň döwletara, hökümetara ylalaşyklara esaslanýan
yzygiderli, uzak möhletli bilelikdäki işi maksat edinýändigini tassyklady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu meselä aýratyn üns
bermegi, türkmen-german işewürlik hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadynyň
pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, şol sanda ýurdumyzda iş alyp barmak üçin
amatly şertleri döretmek arkaly ýardam bermegi maksat edinýärin diýip, Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Türkmen tarapy netijeli pikirler
we teklipler üçin açykdyr. Bu gün biz ykdysady gatnaşyklarymyzyň täze hili
barada esaslanyp aýtmak bilen, bu gatnaşyklaryň ýokary tehnologiýaly,
innowasion häsiýetli bolmalydygyna, ösüşiň häzirki zaman meýilleri bilen
ugurdaş gitmelidigine we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine
ynanýarys hem-de biz muňa hemişe ýardam ederis diýip, Gahryman Arkadagymyz
aýtdy.
Halk
Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, şu gün ikitaraplaýyn duşuşyklaryň
birnäçesiniň geçiriljekdigini belledi. Olaryň barşynda türkmen-german
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň meseleleri, bilelikdäki işiň geljekki
meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylar.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow günüň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň GFR-iň Prezidenti Frank-Walter
Ştaýnmaýer, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň agzalary, şeýle hem
GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols bilen geçirilen duşuşyklarynyň netijeli
häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, şol çäreleriň barşynda öňe
sürlen teklipleriň durmuşa geçiriljekdigine we olaryň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň üçünji we
dördünji tapgyrlaryny özleşdirmek boýunça işler dowam edýär. Her tapgyrda 30
milliard kub metr tebigy gazy çykarmak, geljekde bolsa, bu görkezijini 90
milliard kub metre çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Halk
Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň birnäçe kompaniýalarynyň, aýratyn-da,
“Siemens” kompaniýasynyň gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny we beýleki
desgalary gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge uly goşandyny belledi.
Şol taslamalary amala aşyrmaga ägirt uly möçberde maýa goýumlar goýuldy.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki duşuşygyň guralandygy we foruma
gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmäge mümkinçiligiň döredilendigi üçin ýene-de bir
gezek minnetdarlyk bildirip, ýygnananlara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we bu
ýerden ugrady.
***
Netijeli häsiýetde geçen Türkmen-german işewürlik
maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, döwlet we hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda
ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gatnaşyklar üçin bilelikdäki
tagallalary utgaşdyrmagyň möhüm ugurlary kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, geljekki hyzmatdaşlar bilen özara
bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mundan beýläkki işiň ugurlaryny
kesgitlemäge, wajyp başlangyçlaryň we haryt dolanyşygynyň ýurtlarymyzyň ýokary
ykdysady kuwwatyna laýyk gelýän derejä çykarylmagyny üpjün etmek boýunça
çäreleri durmuşa geçirmäge ýardam etdi.
Türkmen-german işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki
ýurduň daşary syýasat düzümleriniň ugry boýunça, ulag-kommunikasiýa ulgamynda,
şol sanda gämi gurluşygy, demir ýol ulagy ulgamynda, şeýle hem suw
serişdelerini dolandyrmak, himiýa pudagy, senagat we gurluşyk önümçiligi ýaly
ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen pudagara
ylalaşyklaryň ençemesine gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de Germaniýa
Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda şertnamalara gol
çekildi.
Şeýlelikde, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri
esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti, gazanylan täze
ylalaşyklar hem-de beýan edilen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi
“Türkmenistan — Germaniýa” formatyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.