29-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş
saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf
Şols bilen duşuşdy.
Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutany belent
mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän
mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Bu gatnaşyklar häzirki günde has netijeli
häsiýete eýe bolýar. Federal Kansler Olaf Şols hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa salamyny we iň gowy arzuwyny beýan edip, german-türkmen
hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleriniň we uly kuwwatynyň bardygyny belledi
hem-de öz ýurdunyň bu hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de
ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Berline gelmäge çakylyk hem-de
ýurdumyzyň wekiliýetiniň saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin GFR-iň
Federal Hökümetiniň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedowyň iň gowy salamyny we arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan Germaniýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga
barha artýan gyzyklanmasyny goldaýar we köpugurly hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn,
köptaraplaýyn görnüşde işjeňleşdirmäge taýýardyr. GFR ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny
ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni
dowam etdi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini üýtgewsiz goldaýandygy
üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de
Germaniýanyň Federal Kansleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini
kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň
ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma
bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň Federal Hökümetiniň Baştutany uzak
möhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýasy-diplomatik
hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Mälim bolşy ýaly,
häzirki günde dünýä gün tertibine zeper ýetirip biljek ählumumy derejedäki
wakalar bolup geçýär. Bellenilişi ýaly, şeýle ýagdaýda bar bolan meseleleri
çözmekde syýasy sowukganlylyk we jogapkärli çemeleşmek zerurdyr. Bitarap ýurt
bolmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan pursadyndan bäri bu syýasata
yzygiderli eýerýär. Sebitde durnuklylygyň ykrar edilen merkezi bolmak bilen,
ýurdumyz bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, işjeň daşary syýasaty
durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň teklibi boýunça 2023-nji ýylyň “Parahatçylygyň
kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmegi, parahatçylyk
döredijilik babatda beýleki teklipleri biziň parahatçylyga, durnuklylyga we
hyzmatdaşlyga ygrarlydygymyzyň subutnamasydyr diýip, hormatly Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň başlangyçlaryny, şol sanda Bitaraplyk,
energiýa serişdeleriniň durnukly üstaşyr iberilmegi, ulag, ekologik meseleler
babatda başlangyçlaryny hemişe goldaýandyklary üçin Germaniýanyň ýolbaşçy
düzümine minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň GFR bilen häzirki
döwrüň möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge
taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat
edaralary tarapyndan hyzmatdaşlygyň orta möhletleýin Maksatnamasyny taýýarlamak
mümkinçiligine garamagyň zerurdygy nygtaldy.
Owganystandaky
ýagdaý duşuşygyň aýratyn mowzugy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Owganystandaky ýagdaý boýunça Germaniýanyň
başlangyjy bilen kabul eden Kararnamalarynyň ençeme gezek awtordaşy bolup çykyş
edendigi bellenildi. Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Halk
Maslahatynyň Başlygy durmuş-ykdysady meseleleri çözmek üçin gaz geçirijileri,
demir ýollary, elektrik geçirijileri, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny
gurmak ýaly sebit taslamalaryna Owganystany çekmegiň möhümdigini nygtady.
Türkmen-german
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy babatda aýdylanda, türkmen halkynyň Milli Lideri
hem-de Federal Kansler bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny
bellediler. Bu ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen,
birnäçe geljegi uly ugurlar bellenildi. Energetika pudagy şolaryň iň
ähmiýetlisidir. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň birnäçe
anyk ugurlarynda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçiligini ara alyp
maslahatlaşdylar. Hususan-da, munuň özi german kompaniýalarynyň Türkmenistanyň
ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge gatnaşmaklaryna, şol sanda Germaniýadan
maýa goýum we tehnologik tejribäni çekmek, tehniki-ykdysady esaslandyrmany
geçirmek, hyzmatlary amala aşyrmak, enjamlary getirmek we bu ulgamda täze
desgalary gurmak arkaly gatnaşmaklaryna degişlidir.
Halk
Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmegiň wajypdygyny, bu
ugurda iri german kompaniýalary, hususan-da, “Wintershall” we “RWE”
kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp,
Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga we bu
kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri döretmäge
taýýardygyny aýtdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Hazarüsti gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekip,
ýurdumyzyň bu taslama ygrarlydygyny hem-de Ýewropa Komissiýasynyň degişli
düzümleri, aýry-aýry Ýewropa döwletleri bilen bu mesele boýunça dialogy täzeden
ýola goýmaga meýillidigini tassyklady. Germaniýa bu ýurtlaryň arasynda möhüm
orun eýeleýär.
Duşuşykda
Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de wodorod öndürmek babatda
hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bu ulgamlarda Germaniýa öňdebaryjy
tehnologiýalara eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýul aýynda kabul
edilen GFR-iň Milli wodorod strategiýasyny hasaba almak bilen, özara
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Halk
Maslahatynyň Başlygynyň we Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutanynyň
belleýişleri ýaly, ýokarda agzalan ugurlary 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda
geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş
toparynyň onunjy mejlisiniň gün tertibine girizmek maksadalaýyk bolar. Şeýle
hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bank
ulgamy, himiýa we dokma senagaty, saglygy goraýyş, ulag, “ýaşyl”
tehnologiýalar, suw hojalygy, sanlylaşdyrmak we konsalting ulgamlary
görkezildi.
Saglygy
goraýyş ulgamyna aýratyn üns çekildi. Bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
baý tejribesi toplandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandaky lukmançylyk
edaralarynyň aglabasy, esasan, german kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün
edilendir. Iki ýurduň lukmançylyk edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriniň
wekilleriniň arasynda tejribe alşylýar, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german
forumy üstünlikli hereket edýär. Nygtalyşy ýaly, umuman, ýurdumyzyň bu ugurdaky
çemeleşmesi Germaniýanyň “Bitewi saglyk” çemeleşmesi bilen gabat gelýär. Onuň
çäklerinde saglyk bilen daşky gurşawyň ýagdaýynyň özara baglanyşygy hasaba
alynýar.
Halk
Maslahatynyň Başlygy hem-de Federal Kansler şu günki geçirilen Türkmen-german
işewürlik forumynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen
belläp, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň we GFR-iň beýleki ugurdaş
guramalarynyň işjeň ýardam bermeginde şeýle çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň
maksadalaýykdygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda bilim, medeniýet we arheologiýa
ulgamlarynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meselelerine deglip geçildi. Bu
ugurda bilelikdäki taslamalary guramagyň oňyn tejribesi toplandy. Gýote
merkezi, “DAAD”, “PAŞ” we “PAD” maksatnamalary bilen alnyp barylýan
hyzmatdaşlyk, 2018-2019-njy ýyllarda Germaniýada “Marguş —Türkmenistanyň
çägindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly serginiň üstünlikli geçirilmegi muňa
aýdyň mysal hökmünde görkezildi. German jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilen
uly gyzyklanmany nazara almak bilen, söhbetdeşler bu serginiň ikinji tapgyryny,
şeýle hem Parfiýa şalygynyň taryhy tapyndylarynyň we Seljuk mirasynyň
görkezilişini geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we şu hem-de
beýleki taslamalaryň iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna ýardam
berjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow Federal Kansler Olaf Şolsy özi üçin islendik amatly wagtda
Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul
edildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de
Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutany taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.