Germaniýa amala aşyryna saparynyň çäklerinde 29-njy sentýabrda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň GFR-iň Hökümetiniň Başlygy Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşdy.

Şol gün ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň GFR-iň Hökümetiniň Başlygy Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň Federal Kansleriniň edarasyna bardy.

Işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde geçirilen çärä Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Germaniýanyň Federal Kansleri belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, şeýle derejedäki ilkinji duşuşygyň uzak möhletli geljegi nazara almak bilen hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we GFR-iň bähbitlerine altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Olaf Şols uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, öz ýurdunyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen ähli ugurlar boýunça strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Şu günki duşuşygyň esasy maksady gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan durnukly ösüşine we döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary, ilkinji nobatda, olaryň umumy meselelerini hem-de milli aýratynlyklaryny we talaplaryny nazara almak bilen, maýa goýum işini amala aşyrmagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilen çäreleri anyklaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Federal Kansler bilelikdäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada durup geçip, birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna söz berildi.

Öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýa gelmäge çakylyk we netijeli işlemek üçin döredilen şertler üçin Federal Kansler Olaf Şolsa minnetdarlyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, şu gezekki duşuşyklaryň geçirilmegi Merkezi Aziýa döwletleri bilen GFR-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli sepgit bolar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki günde dünýä syýasy, ykdysady we ynsanperwer taýdan durnuksyz ýagdaýdadyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy we beýleki wehimler aýratyn ynjalyksyzlyk döredýär. Häzirki döwrüň şu we beýleki meseleleriniň çözülmegi her bir döwletiň ählumumy dialoga jogapkärçilikli çemeleşmegini hem-de işjeň gatnaşmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary wekilçilikli derejedäki “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynyň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gün tertibiniň anyk meselelerine geçip, esasy ugurlaryň birnäçesine ünsi çekdi.

Howpsuzlyk bilen bagly mesele ilkinjileriň hatarynda görkezildi. Bu mesele islendik jemgyýetiň durmuşynyň esasy zerurlygy bolmak bilen, ol toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Howpsuzlygyň bitewüligi hem-de gepleşikler arkaly deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek bu çemeleşmäniň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda howpsuzlygy üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasyna esasy orun degişli bolmalydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak baradaky teklibi hem şuňa gönükdirilendir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy sebitdäki ýagdaý barada durup geçip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Şular barada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynda kabul edilen Bilelikdäki Beýannamalarda hem aýdylýar.

Ikinji ugur ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek bilen baglydyr. Şunda energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek, ulag özara baglanyşygyny döretmek, suw hem-de azyk meselelerini çözmek, ylmy-tehniki ösüşi senagatyň pudaklary bilen utgaşdyrmak we netijeli maliýe-maýa goýum mehanizmlerini döretmek has möhüm meseleler bolup durýar.

Häzirki günde biz energiýa serişdelerimizi, nebitgaz, himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalygynyň önümlerini we beýleki harytlary eksport etmek babatda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen anyk taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýäris. Öz nobatymyzda, Germaniýada ýokary tehnologiýaly önümleriň importyna, maýa goýum işine ýardam bermäge, şeýle hem senagat, ylym we hünär bilimi babatda tehnologik we sanly çözgütleri almaga taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Şu we beýleki wezipeleri çözmek üçin transkontinental, üstaşyr ulag merkezi hökmünde Merkezi Aziýanyň uly mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygy, şeýle hem TRACECA, Hazar deňzi — Gara deňiz geçelgesi ýaly sebitara taslamalaryň möhümdigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa akymlary bilen bagly meselelere degip geçip, Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri täzeden başlamagy teklip edýändigini nygtady.

Ekologiýa we “ýaşyl” geçiş üçünji ugur bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgemegi we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ählumumy gün tertibindäki meseleleriň ilkinjileriniň hatarynda durýar. Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryny doly goldaýar. Ýurdumyzda zerur kanunçylyk binýady döredilýär, az uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak boýunça işler alnyp barylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Ýurdumyzda tebigy gazdan wodorod öndürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine “ýaşyl” ykdysadyýetiň çäklerindäki geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Häzirki wagtda bu energiýa serişdesiniň dünýädäki önümçiliginiň 70 göterimine golaýy tebigy gaza degişlidir we munuň özi maliýe hem-de serişde çykdajylary nukdaýnazaryndan wodorody almagyň iň netijeli usulydyr.

Ekologik wehimler boýunça geçirilýän işler bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Berlinde kabul edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi hakynda Bilelikdäki Jarnamanyň kadalaryna ygrarly bolmagymyzda galýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Gahryman Arkadagymyz täze sebit başlangyçlaryny hasaba almak bilen, Berlin prosesiniň çäklerinde ylalaşylan taslamalara mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýarlygy tassyklap, Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, şeýle hem “Hazar ekologik başlangyjyny” işläp taýýarlamak baradaky Türkmenistanyň tekliplerine ünsi çekdi.

Dördünji ugur medeni-durmuş we ynsanperwer ulgamlar bilen baglanyşyklydyr. Wehimleriň artýan, ynanyşmagyň we dialog medeniýetiniň ýetmezçilik edýän häzirki döwründe bu ugurlar örän möhüm hasaplanýar. Birek-biregiň dilini öwrenmek, halklarymyzyň özboluşly medeniýeti we taryhy bilen tanyşmak, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklara ýardam bermek, bilimleri alyşmak — bularyň hemmesi ägirt uly peýda getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň medeniýet hem-de arheologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça orta möhletli meýilnamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edip, Türkmenistanyň bu ugurda german guramalary, şol sanda Medeni mirasyň Prussiýa gaznasy, Gýote adyndaky institut hem-de Berlin Täze taryh muzeýi bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Sözüniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Federal Kanslere mähirli kabul edendigi we şu saparyň netijeli, ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegine täze itergi berjek giň gerimli, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi nygtaldy. Ähli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda, üstaşyr ulag, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmek, täze kommunikasiýalary çekmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenilmegi altytaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berer we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň binýadyny berkider.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, onuň resmi banneriniň we “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi