Germaniýa amala aşyryna saparynyň çäklerinde 29-njy
sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlarynyň
we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň mejlisine gatnaşdy.
Duşuşygya gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri,
Halk Maslahatynyň Başlygy “Adlon Kempinski Berlin” myhmanhanasyna bardy.
Bu myhmanhananyň merkezi girelgesiniň öňünde Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň
başlygy “СLAAS KgaA GmbH” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar
komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzer mähirli garşylady we
“Palaissaal” zalyna geçmäge çagyrdy. Şol ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň
wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň «Geljegi strategik taýdan bilelikde emele
getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy
berkitmek» mowzugy boýunça duşuşygy geçirildi.
Hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň başlyklyk etmeginde
geçirilen işewürlik çäresine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we
Özbegistanyň Liderleri hem gatnaşdylar. German tarapyna ykdysadyýet we howanyň
üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministriniň stats-sekretary Udo
Filipp, aýratyn tabşyryklar boýunça federal ministri, GFR-iň Kansleriniň
edarasynyň ýolbaşçysy Wolfgang Şmidt, «Linde GmbH», «GP Günter Papenburg AG»,
«Knauf», «Ernst Klett AG», «DB Engineering and Consulting», «BayWa AG»
kompaniýalarynyň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy,
“Сlaas KgaA GmbH” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň
başlygy duşuşygy açyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň
Baştutanlaryna şu günki çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin
hoşallyk bildirdi.
GFR-iň paýtagtynda geçirilýän şeýle ilkinji wekilçilikli
duşuşygyň taryhy ähmiýetini belläp, hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzer gün tertibi
boýunça, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýum babatda özüne
çekijiligi hem-de german kompaniýalarynyň sebitde ykdysady taýdan netijeli
işlemegi üçin şertleri döretmek meseleleri boýunça pikir alşylmagynyň netijeli
gatnaşyklary ösdürmegiň anyk gurallaryny kesgitlemäge, “Merkezi Aziýa —
Germaniýa” formatyna gatnaşýan ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň strategik taýdan
ähmiýetli pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini
ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berjekdigini nygtady.
Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler
boýunça federal ministriniň stats-sekretary Udo Filipp belent mertebeli
myhmanlary mübärekläp, Germaniýada iki yklymyň strategik taýdan möhüm
çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary
çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ýurtlar ählumumy ösüş
işlerine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Nygtalyşy ýaly, energetika, maýa
goýumlar, söwda, bilelikdäki kärhanalary we täze iş orunlaryny döretmek ýaly
ugurlarda giň mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen birlikde, germaniýaly
hyzmatdaşlaryň ulag-logistika ulgamynda, oba hojalygynda, öňdebaryjy
tehnologiýalar we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda
taslamalary durmuşa geçirmäge çalyşýandygy aýdyldy.
Bilim, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynda nemes
dilini çuňlaşdyryp öwrenmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi geljekde däp
bolan medeni-ynsanperwer we işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam
eder diýip, Udo Filipp nygtady we altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň
Baştutanlaryna söz berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlary mübärekläp,
ozaly bilen, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylaryna bu
duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de oňa gatnaşmaga
çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi Merkezi Aziýa sebiti bilen
Germaniýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze derejesiniň kemala
getirilmegine kuwwatly itergi berer diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow belledi we häzirki wagtda biziň sebitimiziň tutuş dünýäniň belli
kompaniýalarynyň ünsüni barha köp özüne çekýändigini aýtdy. Munuň özi
sebitimizde tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlarynyň bardygy hem-de uly adam
mümkinçilikleri bilen şertlendirilendir. 4 million inedördül kilometre golaý
meýdany eýeleýän Merkezi Aziýanyň geografik taýdan örän amatly ýerleşýändigi,
sebitde yklym ähmiýetli ulag-logistika merkezini döretmegiň geljegi, ählumumy
azyk howpsuzlygynyň çözülmegine uly goşant goşmak mümkinçiligi bu barada şeýle
diýmäge esas berýär.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň ykdysady
kuwwaty barada aýdyp, käbir makroykdysady görkezijileri mysal getirdi. Häzirki
wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý bolan 200-e
golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri
boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Biziň
ykdysadyýetimize gönükdirilýän her ýylky maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki
önümiň 18-19 göterimine deňdir. Şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy olaryň
jemi möçberiniň 12 göterimine golaýyny düzýär.
Strategik senagat-innowasion ösüş depgini maýa
goýumlaryň umumy möçberiniň 60 göterimden gowrak böleginiň önümçilik ulgamyna
gönükdirilmeginiň hasabyna üpjün edilýär. Munuň özi senagatymyzyň tutuş düzümini
üýtgetmäge, importyň ýerini tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri
ösdürmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, soňky
ýyllarda ykdysadyýetimiziň gazhimiýa pudagynda birnäçe maýa goýum taslamalary
amala aşyryldy. Olar ammiak,
karbamid, polipropilen, polietilen, sintetiki benzin önümçiligi boýunça gurlan
täze zawodlardyr.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň dowamynda Türkmenistan bilen
Germaniýanyň hyzmatdaşlygynyň käbir ileri tutulýan ugurlary barada gysgaça
durup geçdi.
Energetika
hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Onuň düzüminde gaz we elektroenergetika pudaklary
wajyp orun eýeleýär. Şunda gaz çykarmak boýunça kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna,
köpugurly gaz ulag düzüminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi
türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini üpjün etmäge ýardam
berýär.
Ýewropa
ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm
orun eýeländigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek gerek. Şunuň
bilen baglylykda, Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna
gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşy tassyklanyldy.
Mälim bolşy ýaly, munuň üçin soňky 15 ýylyň dowamynda köp işleri ýerine
ýetirdik. Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri
hem-de kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa
geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyrys diýip, türkmen
halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Pursatdan
peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly
işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy hem
teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, elektrik stansiýalaryny gurmak we
döwrebaplaşdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlary ösdürmek we beýleki taslamalar
bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şol bir
wagtda, Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly möhüm
ugruň ösdürilmegine uly üns berýär. Ýurdumyz “ýaşyl” energetika “geljegiň
energiýasy” hökmünde düşünmek bilen, häzirki wagtda milli derejede Gün we ýel
energiýasy ulgamynda taslamalaryň ilerledilmegine gönükdirilen çäreleriň
birnäçesini durmuşa geçirýär.
Bellenilişi
ýaly, wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn
ähmiýet berilýär. Metanyň atmosfera goýberilýän zyňyndylaryny azaltmak,
uglewodorod serişdeleriniň ýataklarynda ugurdaş gazy gaýtadan işlemek
meselelerinde daşary ýurt kompaniýalary we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk
aýratyn möhüm ugurdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we Germaniýanyň
kompaniýalarynyň toplan bilimleriniň hem-de iň gowy iş tejribeleriniň ýokarda
görkezilen ugurlarda Türkmenistanda uly islege eýedigini aýtdy.
Ulag we
kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugrudyr. Ençeme ýyllaryň
dowamynda biz Germaniýanyň kompaniýalary bilen üstünlikli işledik. Olar ykjam
aragatnaşyk, hemra ulgamlarynyň torunyň hyzmatlaryny giňeltmek, deňiz ulagyny
ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşdylar diýip, türkmen
halkynyň Milli Lideri aýtdy we german kompaniýalary bilen demir ýol ulagyny
ösdürmek, gämigurluşyk enjamlary, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
ulag-logistika mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, telekommunikasiýalar
ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meselelerini anyk ara
alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Şunuň bilen birlikde,
Germaniýanyň işewür toparlaryna Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça
taslamalara gatnaşmak baradaky çakylyk hem beýan edildi.
Maliýe-bank
ulgamy türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmalydyr. Türkmenistanyň
barha ösýän bank ulgamy ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň möhüm bölegidir. Çünki ol
tutuş Merkezi Aziýa sebitinde wajyp ähmiýete eýedir. Şunda daşary ýurt banklary
bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine
uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň banklaryny, eksport-karz
edaralaryny, ätiýaçlandyryş guramalaryny ýurdumyzyň döwlet we täjirçilik
banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy.
Mälim bolşy
ýaly, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi häzirki wagtda dünýäniň köp sebitlerinde
möhüm mesele bolup durýar. Munuň özi, ozaly bilen, howanyň ählumumy üýtgemegi,
aýry-aýry döwletleriň ykdysady düzümleriniň giň gerimli hem-de kähalatlarda
gözegçiliksiz hojalyk işleri bilen şertlendirilendir. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Pariž
ylalaşygyna we daşky gurşawy goramak ulgamynda beýleki köptaraplaýyn
resminamalara gatnaşyjy bolmak bilen, özüniň halkara ekologiýa borçnamalaryny
ýerine ýetirmäge berk ygrarlydyr.
Hususan-da,
biziň ýurdumyzda suw serişdeleriniň goralyp saklanmagyna hem-de rejeli
peýdalanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu
çäreleri halkara guramalar hem-de daşary ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda
durmuşa geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli
Lideri aýtdy we german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda
dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip etdi. Şolaryň
hatarynda, ilkinji nobatda, Garagum derýasynyň ulanyş düzümlerini toplumlaýyn
döwrebaplaşdyrmak ýaly ägirt uly taslama bar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk
tehnikalaryny we enjamlaryny ýurdumyza ibermekde german kompaniýalary bilen
hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi bellenildi.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetiniň durmuş ugurlydygy
barada aýdyp, lukmançylyga hem-de saglygy goraýyş ulgamyna ägirt uly üns
berilýändigini nygtady. Soňky 25 ýylyň dowamynda Türkmenistanda iň häzirki
zaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy
tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy,
ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi. Biz bu asylly işde
german hyzmatdaşlarymyzyň baý tejribesini peýdalanýarys diýip, Halk
Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi we pursatdan peýdalanyp,
saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda Türkmenistan bilen köpýyllyk
netijeli hyzmatdaşlyk üçin german tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi.
Şunuň bilen
birlikde, türkmen tarapynyň geljekde-de german kompaniýalary bilen lukmançylyk
enjamlarynyň önümçiligi, derman senagaty, telelukmançylyk usullaryny işläp
taýýarlamak we ulanmak, öňüni alyş, anyklaýyş hem-de dürli keselleri bejermek
ulgamynda german hünärmenleriniň tejribesini peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Şu ýylyň
29-njy iýunynda Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy.
Häzirki wagtda bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy başlandy. Senagat
toplumyny döretmek bu gurluşygyň möhüm ugurlarynyň biri bolmalydyr. Bu şäheriň
“ýaşyl” ugurlydygyny hasaba almak bilen, onuň senagat zolagynda lukmançylyk
senagatynyň, dermanlaryň, çagalar iýmitiniň aýry-aýry görnüşleriniň
öndürilmegine gönükdirilen birnäçe kärhanalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän german kompaniýalaryna bu toplumy
döretmäge gatnaşmak teklip edildi.
Men döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň diňe käbir ileri
tutulýan ugurlaryny beýan etdim diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we türkmen
tarapynyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň hem-de onuň agzalarynyň
bu işleri berk goldajakdygyna, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdygyna
umyt edýändigini nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
sözüniň ahyrynda türkmen wekiliýetiniň adyndan Türkmenistan bilen Germaniýanyň
arasynda “Merkezi Aziýa — Germaniýa” görnüşinde söwda-ykdysady gatnaşyklary
mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek meselelerine bildirilen uly
gyzyklanma üçin duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň
başlygy, “СLAAS KgaA GmbH” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar
komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzere şeýle wekilçilikli
işewürlik çäresini gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň çäklerinde altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
geljegi, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we olary hil
taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmagyň gurallary, şol sanda dürli ulgamlarda
möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra
duşuşyga gatnaşyjylar bilelikde surata düşdüler.