Germaniýa amala aşyryna saparynyň çäklerinde 29-njy
sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň
wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň Federal Prezidentiniň edarasyna bardy.
“Belwýu” köşgüniň esasy girelgesiniň öňünde Gahryman
Arkadagymyzy GFR-iň Baştutany Frank-Walter Ştaýnmaýer mähirli garşylady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow
Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Şondan
soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we GFR-iň Federal Prezidenti bilelikde
surata düşdüler. “Merkezi Aziýa — Germaniýa” duşuşygyna gatnaşýan ýurtlaryň
Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlary “Langhanssaal” zalyna çagyryldy.
Germaniýa
Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik
ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr
Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
GFR-iň
Baştutany Frank-Walter Ştaýnmaýer “Merkezi Aziýa — Germaniýa” görnüşindäki
gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri sebit
parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, Merkezi Aziýanyň häzirki döwrüň
dünýä işlerine üstünlikli goşulyşmagy babatda netijeli ulanylyp bilner.
Soňra
Federal Prezident duşuşyga gatnaşyjylara söz berdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň
ýolbaşçylaryny mähirli mübärekledi we GFR-iň Baştutany Frank-Walter Ştaýnmaýere
şu günki duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu duşuşyk Merkezi
Aziýa döwletleri bilen Germaniýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy
giňeltmek işinde möhüm goşant bolar.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýar
hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge
taýýardyr.
Bu gün
Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň
bähbidine gönükdirilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat
edinýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň,
ekologiýa we halkara işleri ynsanperwerleşdirmegiň häzirki zamanyň iň esasy
meseleleridigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz howpsuzlyk barada aýdyp,
Türkmenistanyň bu meselä onuň bitewüligi taýdan garaýandygyny belledi.
Birleşen
Milletler Guramasynyň ählumumy derejede howpsuzlygy üpjün etmekde gural bolup
galmalydygyna berk ynanýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we
şulardan ugur alyp, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda
BMG-niň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk
strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn üns bermegiň zerurdygy
nygtaldy. Munuň özi has irki döwürlerinde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň ýüze
çykmagynyň öňüni almakda örän ähmiýetlidir. Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden
peýdalanmak howpsuzlygy üpjün etmegiň beýleki bir möhüm ugry bolup biler. Ol
jogapkärli öňüni alyş çäreleriniň hem-de işjeň parahatçylyk döredijilikli işiň
amala aşyrylmagynyň möhüm ugurlaryny özüne birleşdirýär.
Gahryman
Arkadagymyz ykdysady ösüş meselesi barada aýtmak bilen, bu prosesiň ählumumy
özara baglanyşyk häsiýetine eýedigini belledi. Häzirki wagtda dünýä ykdysady
ulgamy diýlende, diňe bir dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ýakynlaşmagy göz
öňünde tutulman, eýsem, onuň köp sanly düzüm bölekleriniň sazlaşykly işini hem
aňladýar. Şolaryň hatarynda energetika, ulag pudaklary hem-de maliýe ulgamy
ýaly öňden bar bolan ugurlar bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, emeli aň we
“ýaşyl” tehnologiýalar ýaly ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň bardygy bellenildi.
Türkmenistan
halkara giňişlikde energetika we ulag ulgamlarynda energiýa serişdelerini
ygtybarly üstaşyr geçirmek, täze ulag geçelgelerini döretmek bilen bagly
başlangyçlary öňe sürýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi
hem-de pursatdan peýdalanyp, ýokarda bellenip geçilen ugurlarda türkmen
tarapynyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna
awtordaşlyk edendigi üçin Germaniýa minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we GFR-iň
arasynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, milli
ykdysadyýetleriň uly kuwwatynyň bardygyny, şeýle hem tebigy we adam maýasyna
baý bolan Merkezi Aziýa sebitinde Germaniýanyň önümçilik, tehnologik we maýa
goýum mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirilýändigini kanagatlanma bilen
belledi.
Energetika,
logistika, senagat, infrastruktura, oba we suw hojalygy, hususy pudak, “ýaşyl”
ykdysadyýet we beýlekiler bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlary hökmünde
kesgitlenildi.
Ählumumy
energetika bazarynyň hem-de dünýä ulag ugurlarynyň barha özgerýän häzirki
tapgyrynda biz Ýewropa — Aziýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine
işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri
aýtdy we bu çemeleşmäniň köp babatda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin
Strategiýasyna, şeýle hem “Ýewropa toparynyň” başlangyjy bilen kabul edilen
2027-nji ýyla çenli döwür üçin “Ählumumy derweze” Ýewropa meýilnamasynyň
maksatlaryna laýyk gelýändigini nygtady.
Energetika
meselesiniň üstünde aýratyn durlup geçildi. Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly
gorlaryna eýe bolmak bilen, bu energiýa serişdesini halkara bazarlara ibermegiň
ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda
ekologik taýdan arassa, uglerod düzümi çäkli bu ýangyja dünýäde isleg örän
uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa ugry boýunça gazy ibermek taslamalaryny
durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi.
Gahryman
Arkadagymyz ulag meselesi barada aýdyp, Merkezi Aziýa —Ýewropa ugry boýunça
logistika ýoluny işjeň ösdürmäge taýýarlygy tassyklady we geljekde Dunaý
derýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen “Hazar deňzi — Gara deňiz”
üstaşyr ulag geçelgesiniň geljeginiň uludygyna ünsi çekdi.
Ekologik
mesele hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda
“Ýaşyl” Merkezi Aziýa” başlangyjy netijeli hyzmatdaşlyk üçin ýolgörkezijidir.
Bu başlangyç howanyň üýtgemelerine uýgunlaşmaga german çemeleşmesine
esaslanýar.
Bilim we medeniýet ulgamy şu duşuşyga gatnaşýan
ýurtlaryň hyzmatdaşlygynda wajyp orun eýeleýär. Şunda Gýote merkezi, “DAAD”,
“PAD”, “PASCH” ýaly german maksatnamalarynyň sebitde netijeli iş alyp
barýandygy bilen baglylykda, bilelikdäki işiň uly mümkinçilikleriniň bardygy
bellenildi. Türkmenistanda nemes dilini öwrenmäge uly gyzyklanmanyň bardygyny
hasaba almak bilen, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda hyzmatdaşlygy geljekde
hem ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýanyň we
Germaniýanyň halklarynyň arasynda medeni alyşmalaryň işjeňleşdirilmeginiň
möhümdigine aýratyn ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, Germaniýanyň
şäherlerinde dünýä siwilizasiýasynyň ojaklarynyň biri bolan gadymy Marguşyň
arheologiýa sergisiniň geçirilmeginiň üstünlikli tejribesini kanagatlanma bilen
belledi. Bu sergä 430 müňe golaý adam baryp gördi. Şunuň bilen baglylykda,
serginiň ikinji tapgyryny geçirmegiň, şeýle hem Parfiýa şalygynyň gadymy
tapyndylarynyň görkezilişini guramagyň mümkinçiligine garamak teklip edildi.
Sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow şu sapary gurandygy üçin german tarapyna ýene bir gezek
minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň we
Germaniýanyň ýolbaşçylary köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň,
ynsanperwer ulgamda dialogy giňeltmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir
alyşdylar.