28-nji sentýabrda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Her ýyl ýurdumyzda baş baýramymyzyň hormatyna geçirilýän at çapyşyklary baýramçylyk dabaralarynyň öwüşginini has-da artdyryp, döwürleriň arabaglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, mähriban halkymyzyň gadymy milli däplere ygrarlylygyny alamatlandyrýar.

Täze taryhy döwürde gözelligiň we kämilligiň nusgasy hasaplanýan ahalteke bedewleri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy bolup durýan ganatly bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Milletiň baý taryhy ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar hemişe halkymyzyň wepaly dostlary bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda bedew halkymyzyň aňynda hasyl bolan arzuwyň, maksada okgunlylygyň, ýeňiş gazanmaga erk-islegiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ganatly bedewleriň Watany bolan Türkmenistanda atçylyk döwlet ähmiýetli iş hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pudakda amala aşyrylýan giň gerimli işlere uly üns berýär. Bu ugurdaky çäreler ylmy esasda amala aşyrylýar. Bu asylly işde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr.

Ahalteke bedewleriniň wagyzçysy, olar baradaky ajaýyp kitaplaryň awtory, tejribeli we ussat çapyksuwar Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, döredijilikli işi arassa ganly behişdi bedewleriň tohumynyň dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine, döwrebap ugurdaş düzümiň kemala gelmegine, at üstündäki milli oýunlary, atly sportuň görnüşlerini wagyz etmäge ýardam berdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär hem-de bu täsin tohumyň iň gowy wekilleri bolan ganatly bedewleriň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Pudagyň zähmetkeşleriniň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Olaryň zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, hormatly atlar döredildi.

Şeýle hem bu ugurdaky bilime, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, atçylyk ylmyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy hem bu ugurda möhüm ädim boldy. Şol ýerde Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi-de guruldy.

Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da ahalteke bedewleri ählihalk dabaralarynyň bezegi bolup durýar. Türkmenistanda hiç bir baýramçylyk şolarsyz geçmeýär. Düýn, 27-nji sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen dabaraly ýörişde hem ahalteke bedewleri öz ussatlygyny, gözelligini görkezdiler. Ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolan at çapyşyklary hem ajaýyp, ýelden ýüwrük ganatly bedewlere syn etmäge, çapyksuwarlarymyzyň ussatlygyna mynasyp baha bermäge mümkinçilik döredýär.

...Irden Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmen toýuna mahsus hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar hem bar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýan hem-de ajaýyp çapyksuwar bolan döwlet Baştutanymyz asylly maşgala däplerini dowam etdirip, milli atçylyk pudagyna degişli ähli meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Häzirki döwürde bu pudak döwrebap tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşyklylykda, şöhratly milli däplerimiziň dowamatlylygynyň esasynda ösdürilýär.

Toplumyň çäginde mähriban halkymyz üçin egsilmez döredijilik joşgunynyň çeşmesi bolup durýan meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň döredijilik zehini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki döwrüň ussatlary ganatly bedewleri wasp edýän ajaýyp eserleri döredýärler. Şol bir wagtyň özünde, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň eserleri gözellik, wepadarlyk, dostluk, watançylyk ýaly müdimi düşünjeleri alamatlandyrýar. Atlary gymmatly şaý-sepler bilen bezemek däbi halkymyzyň ahalteke bedewlerine uly söýgi bilen garaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen zergärleri atlaryň şaý-seplerini taýýarlamagyň täsin sungatyna eýedir. Bu şaý-sepler bedewleriň görküne görk goşýar, olaryň syratlylygyny görkezýär. Öňki döwürlerde şaý-sepler gorag wezipesini hem ýerine ýetiripdir, atlary gözden-dilden gorapdyr.

Ganatly bedewleriň keşbiniň gadymy rowaýatlarda we dessanlarda öz beýanyny tapandygy bellärliklidir. Olar baradaky maglumatlary daşary ýurtly awtorlaryň saklanyp galan taryhy resminamalaryndan hem tapmak bolýar. Olar ahalteke bedewlerine haýran galyp, atlary “Nusaý bedewleri” diýip atlandyrypdyrlar, gözelligini wasp edipdirler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýolugruna paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň giň gerimli sergi bölümlerini synlady. Şu gezekki sergi mähriban halkymyzyň köptaraply zehininiň, zähmetsöýerliginiň we baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergide muzeý gymmatlyklary hem görkezildi. Bu ýerde milli göreş boýunça bäsleşikler ýaýbaňlandyryldy. Ýaryşlarda türkmen pälwanlary özleriniň güýç-gaýratyny, çalasynlygyny we ussatlygyny görkezdiler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary köpöwüşginli aýdym-sazly baýramçylyk sowgadyny taýýarladylar.

Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň esasy münber binasyna barýar.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. Yzygiderli geçirilýän bu ýaryşlar sportuň şu görnüşini wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlary hem oňa çekmäge ýardam edýär.

Şu gün ahalteke bedewleri dürli aralykdaky çapyşyklaryň 7-sinde ýyndamlygyny, çalasynlygyny, güýç-kuwwatyny we çydamlylygyny görkezdiler. Ilkinji pursatlardan başlap, ýaryşlar köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Çapyşyk ýodalaryndaky ýokary derejedäki bäsdeşlik şeýle ýaryşlaryň has çekeleşikli, gyzykly bolmagyny üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda, at çapyşyklarynyň diňe bir örän gyzykly bäsleşik bolman, eýsem, seýisler, tälimçiler we çapyksuwarlar üçin özboluşly synagdygyny bellemek gerek. Çünki ahalteke bedewleri bilen işlemek aýratyn başarnygy we ussatlygy talap edýär. Ganatly bedewler çapyksuwar bilen hakyky dost bolan ýagdaýynda, onuň ähli buýruklaryny birkemsiz ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, degişli sport taýýarlygy bilen bir hatarda, çapyksuwar özüniň atyny söýmelidir, oňa düşünmegi başarmalydyr. Elbetde, bedewi dogry seýislemek möhüm şert bolup durýar. Ahalteke bedewleri özboluşly häsiýeti bilen tapawutlanyp, şol bir wagtyň özünde, seýsine we çapyksuwaryna mähirli garaýşyny görkezýär. Milli atçylyk mekdebiniň esasy tapawudy halkymyzyň bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirýändikleri bilen baglanyşyklydyr.

Çapyksuwaryň we bedewiň arasynda doly özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň gazanylmagy zehinli seýisleriň yhlasly zähmetiniň netijesidir. Çapyksuwaryňdyr atyň hereketleriniň sazlaşygy ýaryşlarda üstünlik gazanmagyň girewi bolup durýar. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli atçylyk mekdebiniň daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýändigi hem tötänden däldir.

Ilkinji dört çapyşykda üçýaşar atlar ýaryşdylar. Ahalteke bedewleriniň ýeňil, sazlaşykly aýak urşy olary asmanda uçup ýören ýaly görkezýär.

1400 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda 1 minut 35,2 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Daýanjym atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary P.Orazow. Şu aralyga geçirilen ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 36,5 sekunt netije bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gudratlydag atly mele aty geldi. Onuň çapyksuwary Y.Allanazarow.

1600 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda 1 minut 53,1 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gögerçin atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary O.Amangeldiýew. Şol aralyga geçirilen dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Garaýel atly gara aty geldi. Ol 1 minut 52,8 sekunt netije görkezdi. Çapyksuwary M.Seýidow.

Galan soňky çapyşyklarda dört we uly ýaşar atlar ýaryşdylar. 1800 metr aralyga guralan bäşinji çapyşykda 2 minut 07,5 sekunt netije bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Artyk atly dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Çapyksuwary M.Mämmedow. 2200 metr aralyga altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty 2 minut 35,9 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar A.Agamyradow.

2200 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda çekeleşikli bäsleşik boldy. Pellehana 2 minut 37,4 sekunt netije bilen ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dagbedew atly dor at geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşikde iň gowy netijeleri görkezenler döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özleriniň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, at çapmagyň şöhratly milli däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Şunda, hünärmenleriň pikirine görä, ahalteke bedewleri özleriniň aýratynlyklary bilen diňe bir ýurdumyzda däbe öwrülen at çapyşyklarynda hem-de uzak aralyga çapyşyklarda däl, eýsem, atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerinde-de üstünlikli çykyş etmäge ukyplydyr. Şolaryň biri-de konkurdyr. Atçylyk sportunyň bu Olimpiýa görnüşi 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizildi we Türkmenistanda barha uly meşhurlyga eýe bolýar.

Behişdi bedewleriň syratlylygy, owadanlygy, hereketleriniň sazlaşyklylygy we çeýeligi olara atly sportuň nusgawy görnüşleriniň biri bolan at münmegiň ýokary mekdebi oýnuna hem gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, Arkadag şäherinde açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda talyplaryň at münmegiň ýokary mekdebiniň tilsimlerini, emellerini we tehnikasyny özleşdirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, olara halkara sport giňişliginde ajaýyp ýeňişleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.

Marafonlar bilen bagly meselä gaýdyp gelip, alty ýyl mundan ozal Türkmenistanda deňi-taýy bolmadyk çäre — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitleri boýunça 500 günlük atly ýörişiň guralandygyny ýatlatmalydyrys. Ahalteke bedewleriniň uzak aralyga atly ýörişlere gatnaşmagy bilen, dünýä atçylygynyň taryhynda şan-şöhrata eýe bolandygy hem mälimdir. Şeýle atly ýörişler müňlerçe kilometr aralyga geçirilipdir. Meşhur atşynaslar bu synaglarda ganatly bedewleriň durnuklylyk we çydamlylyk görkezendiklerini belleýärler.

Dünýäde türkmen halkynyň buýsanjy we gymmatly mirasy bolan ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň sany barha artýar. Bedewleriň iň naýbaşy ugurlarynyň birine degişli bolan meşhur Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen bedewleriniň deňsiz-taýsyz häsiýetleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Sport giňişliginde gazanýan üstünliklerinden başga-da, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilen iri gözden geçirilişlerde, sirk festiwallarynda ajaýyp ýeňişleri gazanýarlar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenistanyň çäginden daşarda-da uly meşhurlyga eýe boldy. Zehinli çapyksuwarlary we atşynaslary özünde jemleýän bu topar halkara bäsleşikleriň ençemesine gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp boldy. “Galkynyş” toparynyň at çapmak babatdaky ýokary ussatlygy, onuň agzalarynyň ýerine ýetirýän täsin akrobatik tilsimleri ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň tomaşaçylaryny haýran galdyrýar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çapyşyklary türkmenistanlylara we ýurdumyzyň myhmanlaryna ýatdan çykmajak täsirleri, şatlykly pursatlary peşgeş berdi. Baýramçylyk at çapyşyklary ahalteke bedewleriniň özboluşly waspyna öwrüldi. Bedewlerimiz mähriban halkymyzyň durmuşynda we taryhynda möhüm orun eýeläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolup durýar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi