20-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän nobatdaky ykdysady gözden geçiriliş ösüşiň aýdyň ýoluna düşen milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirmäge gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli we dünýä tejribesini öwrenmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň okgunly ösmeginiň baş şerti bolup durýar. Bu ugur şu gezekki gözden geçirilişiň hem häsiýetli tarapy bolup, onuň işine ykdysadyýetiň döwlete dahylly böleginiň düzümleriniň, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyna gatnaşyjylar hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň möçberli sergi berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolar. Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň hem ygtybarly girewidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýadynyň has-da berkidilmegi bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Köpugurly gözden geçiriliş giň sergi zallarynda ýaýbaňlandyryldy. Döwrebap mahabat enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täzeliklerdir teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Döredijilik toparlary foruma gatnaşyjylary we myhmanlary Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar bilen garşyladylar. Sergi merkezinde skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan sazlar baýramçylyk çäresine özboluşly öwüşgin çaýdy.

Sergi meýdançasynda ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň goşýan goşantlarydyr mümkinçilikleri giňden şöhlelendirilýär. Bu ýerde ýokary tehnologiýaly enjamlar, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter, kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagatynda ýetilen sepgitler, ekologik meseleleriň çözgüdini tapmakda gazanylan üstünlikler, sport we syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi, ýurdumyzyň ylmy, işgärler, medeni kuwwatlyklary görkezilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi hem-de täjirçilik banklarynyň söwda pudagyny guramak işinde ykdysady özgertmeleriň oňyn täsirini şöhlelendirýän diwarlyklary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Bu pudak telekeçilik işjeňligine itergi berip, bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine, onda hususy bölegiň paýynyň artmagyna hem-de jemi içerki önümiň ösüşine täsirini ýetirdi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň ýokary depginlerdäki ösüşi giň sergi bölüminde beýan edilýär. Onda senagat taýdan ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly alnan eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümlerine, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine aýratyn orun berlipdir. Diwarlyklarda ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň tapgyrlaryny, has takygy, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişi, arassalanylan harytlyk gazyň öndürilişi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, polietilen we polipropilen hem-de ýokary oktanly benzin öndürmek üçin tebigy gazy senagat taýdan işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny özünde jemleýän gazhimiýa toplumlarynyň mümkinçilikleri görkezilýär.

Toplumlaýyn senagat-innowasion özgertmeleriniň çäklerinde okgunly ösýän himiýa pudagynyň diwarlyklarynyň töweregi hem köp adamly boldy. Bu ýerde Türkmenabatdaky fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawodynyň, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» zawodlarynyň, «Balkanabat», «Bereket» ýod zawodlarynyň, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleriniň, «Garabogazkarbamid» zawodynyň we Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň öndürýän himiýa önümleriniň, mineral dökünleriniň görnüşleri görkezilýär. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda geologik gözlegleriň kartalary şekillendirilýär. Onda nebitiň we gazyň, beýleki tebigy baýlyklaryň özleşdirilýän, gazylyp alynýan känleri görkezilipdir.

Ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolan elektroenergetika pudagynyň gazananlary hem sergide giňden şöhlelendirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometri döwrebaplaşdyrylýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurulýar. 2022-nji ýylda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bularyň ählisi elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän hem-de ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrýar.

Häzirki zaman binalarynyň — energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkezleriň, «ýaşyl» generator stansiýalarynyň hem-de beýlekileriň şekil taslamalarydyr çyzgylary ýakyn geljekde türkmen energetikasynyň ösdürilmeginiň ugurlaryny synlamaga şert döredýär. Şeýle-de sergide gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň — Gün panelleriniň, ýel generatorlarynyň önümçiligi babatda milli işläp taýýarlamalar görkezildi.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň edaralary hem özleriniň diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Ilata ýokary hilli, elýeterli ulag hyzmatlarynyň hödürlenilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, bu ugurlary geljekde has-da ösdürmek baradaky meýilnamalar «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleriniň sergi bölümlerinde beýan edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda täze awtomobil ýollarynyň gurluşyklary ýaýbaňlandyrylyp, ozal bar bolanlarynyň hem durky täzelenilýär. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşmegini, ýurdumyzyň sebitiň iri ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalanmagyny şertlendirýär.

Serginiň bölümleriniň mazmuny hem-de işewürlik maksatnamasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda halkara maýa goýum we milli taslamalaryň ösüş depginlerini, olaryň durmuşa geçirilişiniň netijelerini aýdyň görkezýär. Şol taslamalar ähli ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet konsernleridir birleşikleri, banklar, Döwlet haryt-çig mal biržasy hem-de beýleki käbir kärhanalar tarapyndan şöhlelendirilýär.

Dokma senagaty ministrligi hem öz önümlerini görkezdi. Sergä gatnaşyjylar ýokary hilli, ekologik taýdan arassalygy halkara güwänamalar bilen tassyklanan, «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly önümleriň baý görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Olar pagta we ýüpek süýümleri, ýüplük, matalaryň dürli görnüşleri, tikinçilik we sowgatlyk önümler, türkmen milli egin-eşikleri, el işleridir.

Türkmen dizaýnerleriniň döwrebap egin-eşikleriniň täze toplumynyň görkezilişiniň guralmagy sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Dizaýnerleriň milli lybaslaryň gadymy däplerini hem-de biçüwiňdir bezegiň häzirki zaman usullaryny utgaşdyryp ýerine ýetiren işleri ýurdumyzda öndürilýän matalaryň ýokary hilini, gaýtalanmajak türkmen lybaslaryny mahabatlandyrdy. Şeýle hem «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, halyçylyk sungaty bilen meşgullanýan köp sanly telekeçileriň, halk senetçileriniň häzirki zaman haly önümleri sergide aýratyn gyzyklanma döretdi.

Giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine uly orun berilýär. Sergide görkezilýän wideoşekillerde gurluşyk senagatynyň täze önümleriniň we tehnologiýalarynyň, gurluşyk serişdelerini öndürýän awtomatik kuwwatlyklaryňdyr kiçi zawodlaryň, suw sorujylaryň, suw arassalaýjy enjamlaryň, panel we diwar toplumlarynyň, alýumin hem-de plastik profilleriň, santehnika, bezeg serişdeleriniň tapawutly taraplary beýan edildi.

Ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil ölçeglerine kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini ýola goýýarlar. Munuň şeýledigini «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň, «Berk önüm» we «Ak hünji» hususy kärhanalarynyň diwarlyklary hem aýdyň görkezýär. Bu hususy kärhanalarda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler öndürilip, olara diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda-da uly isleg bildirilýär. Şeýle önümleriň hatarynda turbalar, kabeller, asma petikler, penjireler we gapylar üçin profiller, jemagat hojalygynda we gurluşyklarda giňden peýdalanylýan polietilenden, polipropilenden, poliwinilhloridden taýýarlanylan beýleki önümler bar.

Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilik, durmuş maksatly döwrebap binalar we toplumlar, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk merkezleri ýokary depginlerde gurulýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň myhmanlary häzirki wagtda Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hasaplaýarlar. Onuň tanalmaz derejede özgeren keşbi, binagärlik aýratynlygy we milli öwüşgini görenleri haýran galdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz innowasiýalary we häzirki zaman tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, «akylly» şäher we «akylly» öý, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda tehnologik işläp taýýarlamalaryň kömegi bilen, taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, «Aşgabat-sitiniň» we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ägirt uly taslamalarynyň binagärlik-şekil nusgalarynyň serginiň esasy bezegine öwrülendigini bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Gurluşygy tamamlanan birinji tapgyryň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Şu ýylyň 16-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň sergi bölümindäki ekranlarynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýöriteleşdirilen kuwwatly tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Şol tehnikalar soňky ýyllaryň dowamynda ýol-ulag düzüminiň taslamalary durmuşa geçirilende işjeň ulanylýar.

Oba hojalyk toplumynyň, balyk hojalygynyň, welaýat häkimlikleriniň diwarlyklary sergide aýratyn orny eýeleýär. Olarda ýokary hilli et, süýt, unaş we konditer önümleriniň dürli görnüşleri, ösümlik ýaglary, çaga iýmiti, balyk önümleri, ter miwe we gök önümler, guradylan miweler, ary baly we beýlekiler ýerleşdirilipdir. Bu diwarlyklarda ýurdumyzyň bazarlaryndaky azyk bolçulygy, bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän ykdysady özgertmeleriniň netijesi aýdyňlygy bilen şöhlelenýär. Önümleriň ählisiniň halkara ölçegleriň ekologik we estetik talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny hem-de bezelendigini bellemek gerek.

Sergi söwda we hyzmatlar ulgamynda telekeçileriň gazanan üstünlikleri bilen hem tanyşdyryp, giň görnüşli harytlaryň satuwy boýunça ýöriteleşen dükanlaryň işini guraýar. Şolaryň hatarynda «Berkarar», «Bagtyýarlyk», «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy», «Aşgabadyň ýalkymy» ýaly paýtagtymyzyň iri söwda merkezlerinde hereket edýän «Halk Market», «Kämil Market» dükanlaryny görkezmek bolar. «Tumar mebel» hususy kärhanasynyň owadan mebelleri, «Muhammet Balkan», «Röwşen» hususy kärhanalarynyň deri aýakgaplary, «Наsar», «Hojaly», «Misgär» hojalyk jemgyýetleriniň hem-de «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň konditer önümleri, «Ak depe hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň, «Täze Aý» hususy kärhanasynyň ýokary hilli süýt önümleri, «Miweli ülkäniň» miwe şerbetleri, «Özgeriş», «Ak toprak», «Altyn jüýje» hususy kärhanalarynyň, «Hoş zaman», «Nurly meýdan» ýaly hojalyk jemgyýetleriniň şöhlat önümleri, etden taýýarlanan nygmatlary ýerleşdirilen diwarlyklary ünsüňi çekýär.

Hususy pudagyň wekilleri döwletimiziň durnukly ösüşine goşýan goşantlaryny yzygiderli artdyrmak bilen, halk hojalygy toplumynyň dürli önümçilik ulgamlarynda eýeleýän ornuny barha berkidýärler. Ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we azyk senagaty, dokma, mebel önümçiligi, himiki arassalaýyş serişdeleri, çaphana işi, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny we senagat desgalaryny gurmak ýaly dürli ulgamlarda ýöriteleşýärler.

Ylym-bilim ulgamynyň ösüşleri hem sergide giňden beýan edilýär. Ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim bermegiň iň täze maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, talyplar we mekdep okuwçylary halkara ders olimpiadalarynyň, bäsleşikleriň ýeňijileri bolýarlar. Bilim ministrliginiň diwarlyklarynda ýokary okuw mekdepleriniň okuw barlaghanalarynyň döwrebap enjamlary, abraýly zehin olimpiadalarynda we sport ýaryşlarynda gazanylan kuboklar bar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýurdumyzyň alymlarynyň üstünliklerini, mümkinçiligini, geljegi uly işläp taýýarlamalaryny görkezip, milli ylym mekdebiniň iň täze ylmy we tehnologik gazananlaryna gyzyklanma bildirýänleriň ünsüni çekýär.

IT tehnologiýalary ulgamynda iş alyp barýan iri kompaniýalar hem sergi meýdançasynda özboluşly görnüşi emele getiripdirler. Şolaryň hatarynda «Aýdyň gijeler», «Ýyldyrymly öwüşgin» hojalyk jemgyýetleri we beýlekiler bar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi sergide ýurdumyzyň ýokanç keselleriň birnäçesini aradan aýyrmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilendigine şaýatlyk edýän halkara güwänamalary, derman serişdelerini, dürli enjamlary, tebigy kosmetiki serişdeleri görkezýär.

Dürli görnüşli interaktiw-media taslamalaryny görkezýän Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň diwarlygy üns merkezinde boldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy häzirki zaman neşirýat we çaphana işine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde sport we syýahatçylyk, türgenleşik enjamlarynyň önümçiligi hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen tanyşdyrýan diwarlyklaryň töweregem köp adamly boldy.

Serginiň çäklerinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň üstünlikleriniň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri guraldy. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyna, şäher gurluşygyna, şeýle hem nebitgaz toplumynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerine we geljekki ösüş maksatnamalaryna bagyşlanan «tegelek stol» maslahatlary geçirildi. Serginiň ikinji gününde — 21-nji sentýabrda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň duşuşygyny hem-de bilim, bedenterbiýe, sport ulgamlaryny has-da ösdürmegiň ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan maslahatlary guramak meýilleşdirilýär.

Sarp ediş bazarynda milli önümlerimizi giňden tanyşdyrmakda netijeli meýdança öwrülen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň netijesinde halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi