Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna
taýýarlyk görülýän günlerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, Gahryman
Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy
hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň paýtagtymyzda alyp barýan işleri we
Aşgabat şäheriniň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesi bilen tanyşdy. Wise-premýer
saparyň jemleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Arkadagly Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda guran iş
saparynyň çäklerinde wise-premýer Aşgabat şäherinde gurluşygy dowam edýän
Halkara pediatriýa merkezinde, Halkara onkologiýa merkezinde, Halkara stomatologiýa
merkezinde, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, Halkara sagaldyş-dikeldiş
merkezinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary paýtagtymyzda
ýakynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk işleri
bilen hem tanyşdy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, bu ýerdäki ähli
sport desgalarynyň ýokary taýýarlyk derejesinde bolmalydygyny belledi. Şeýle-de
wise-premýer bilim ojaklarynda berilýän bilimiň derejesi, olarda daşary ýurt
dillerini netijeli öwrenmek ugrunda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Wise-premýer “Arçman” şypahanasynda degişli binalaryň
durkuny täzelemek hem-de häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binalary gurmak
boýunça alnyp barylýan işler bilen hem tanyş boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow
paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň jemini jemläp, şäher häkimliginde
Aşgabat şäheriniň we etraplarynyň häkimleriniň, şähere degişli ähli düzümleriň
degişli ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onuň dowamynda iş saparynyň netijeleri, hususan-da, paýtagtymyzdaky lukmançylyk
edaralarynyň gurluşygynyň depgini, öňde boljak dünýä ýaryşlaryna taýýarlygyň
derejesi we milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallalary
netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş, ylym-bilim we sport ulgamlarynyň işi döwrüň
talabyna laýyk derejede kämilleşdirilýär. Degişli düzümler üçin ýokary derejeli
hünärmenleriň taýýarlanylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şol bir
wagtyň özünde, halkymyzyň saglygyny berkitmek işleri, lukmançylyk hyzmatlarynyň
ýokary derejede ýola goýulmagy döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary degişli
ugurlarda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanjakdygyny
belläp, ýurdumyzyň baş şäherinde şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygyna ýokary
derejede taýýarlyk görmegiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we maslahata
gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
***
18-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Atdaýew özüniň gözegçilik edýän Lebap welaýatynda iş saparynda
boldy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda we Gahryman
Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, gündogar sebite guran iş saparynda şanly
Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna taýýarlygyň derejesi, bu ýerde dürli ulgamlarda
alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda söwda toplumynda, dokma senagatynda,
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümlerinde alnyp barylýan işler
ösüşiň täze derejesine çykdy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Lebap
welaýatynda-da söwda ulgamyna degişli döwrebap binalar, önümçilik kuwwatlyklary
yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
Wise-premýer welaýatyň dürli künjeklerinde, şol sanda
Türkmenabat şäherinde gözegçilik edýän düzümlerine degişli desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýagdaýy, dokma senagatynyň edaralarynyň iş depginleri,
köpugurly bazarlaryň hem-de söwda merkezleriniň halkymyza hödürleýän hyzmatlary
bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň söwda ulgamyndaky mümkinçiliklerini we pudagyň
eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde toplumlaýyn işler
amala aşyrylýar. Şunda daşary söwda syýasatyna, bu ugurda ýola goýulýan
gatnaşyklaryň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şeýlelikde, söwda we hyzmatlar
ulgamynyň işi döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilýär hem-de söwdanyň
häzirki zaman usullary işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ilata edilýän hyzmatlaryň
görnüşleriniň artmagyny, söwda medeniýetiniň derejesiniň ýokarlanmagyny
şertlendirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli
özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala
aşyrylmagy esasynda ýurdumyzda hususyýetçilik batly depginlerde ösdürilýär.
Soňky ýyllarda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary milli
ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürijilikli iş alyp barýarlar.
Wise-premýer iş saparynyň dowamynda Lebap welaýatynda,
aýratyn-da, Türkmenabat şäherinde şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygyny
mynasyp derejede garşylamak ugrunda amala aşyrylýan işler, welaýatyň merkezi
şäheriniň arassaçylyk we abadanlaşdyryş derejesi bilen aýratyn gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew bu
ýerde welaýatyň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda öňde durýan wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we şanly baýramçylygy mynasyp garşylamak
bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer möhüm
wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň
edilmelidigini nygtady. Kesgitlenen wezipeleriň degişli derejede durmuşa
geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine goşantdyr.
Wise-premýer bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň yzygiderli
gözegçilikde saklanmagynyň wajypdygyny belläp, Lebap welaýatyna guran iş
saparynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny tamamlady we hemmelere alyp
barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.