Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer  H.Geldimyradow şu ýylyň hasabat döwründe gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2,5 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň sekiz aýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,6 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny bellenen möhletlerde taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek we banklaryň tölege ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi