6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi
M.Çaryýew Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Fransisko
Ribeýru Telles bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary
gowşuryldy.
Gepleşigiň başynda Baş sekretar ilçini jogapkärli wezipä
bellenmegi bilen gutlady we portugal tarapynyň diplomatik işinde ýardam we
goldaw berjekdigine ynandyrdy.
Portugaliýanyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer
ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny, şeýle hem
halkara guramalarynyň çäginde işjeň hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini
aýtdy. Söwda we ykdysady ugur hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri
hökmünde bellenildi.
Ilçi, öz gezeginde,
söhbetdeşine Türkmenistanyň içerki we daşary syýasaty, ýurtdaky amatly
maýa goýum ýagdaýy barada habar berdi we portugal kompaniýalaryny maýa
goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Syýasy gepleşikleri güýçlendirmek üçin taraplar ýakyn
wagtda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge
ylalaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Portugaliýanyň işewür toparlarynyň
wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumyny guramak mümkinçiligi göz öňünde
tutuldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň
Daşary işler ministrliginiň Döwlet protokol gullugynyň başlygynyň orunbasary
Hose Karlos Reis Arsenio bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda
ilçi Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň işi we gurluşy bilen tanyşdy.