6-njy sentýabrda Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet
çekýän zenanlaryň arasynda yglan edilen «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen
Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy we milli manadyň
dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi
bankynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler Arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň bilelikde guramagyndaky bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet ösüş
bankynyň binasynda geçirildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar üç tapgyrda «Hünärim bar —
hormatym bar», «Milli aşpezlik ukuplary» we Türkmenistanyň ösüşlerini aýdymdyr
gazallaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etmek ýaly ugurlar boýunça çykyş
etdiler.
Netijede baş baýraga Lebap welaýatyndan «Türkmenistan»
döwlet täjirçilik bankynyň «Amul» şahamçasynyň hünärmeni Aýsoltan Çaryýewa we
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat şahamçasynyň hünärmeni
Gülşat Eminowa dagy mynasyp boldy.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»