Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Türkmenistanyň köpugurly halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşky gurşawy
goramak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleri dünýä ýaýmak
hem-de «Daşky gurşawyň hatyrasyna «ýaşyl» tebigat» diýen şygar astynda Katar
Döwletiniň Doha şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine
Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji
ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO
— 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň
taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki
degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama
baglaşmaga ygtyýar berildi.