Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda dürli dabaraly çäreler geçiriler. 1-nji synpa okuwa barýan körpelere Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisinde aýdyldy.

Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem degişli ýolbaşçylara täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi 2011-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan ýola goýuldy. Öňki ýyllarda enjamlar daşary ýurtlarda satyn alnan bolsa, indi mekdep okuwçylary üçin sowgat hökmünde alynýan kompýuterler ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilýär.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»