Zähmet
rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji awgustda
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler
baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — iýul
aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat
berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bellenilişi
ýaly, görlen çäreleriň netijesinde hasabat döwründe jemi içerki önümiň durnukly
ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,4 göterim,
daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 4,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar —
iýul aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113 göterim we çykdajy bölegi
97,9 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 27,6 göterim artdy.
Ýanwar —
iýul aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli
maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş
depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna
ünsi çekdi.
Soňra
wise-premýer durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek
maksady bilen geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň «Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky» Kodeksiniň 21-nji
we 40-njy maddalaryna laýyklykda, birnäçe resminamalaryň taslamalary,
hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Şahsy pensiýalary bellemek
boýunça toparyň düzüminiň» hem-de «Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn
hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň» taslamalary
taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Şahsy
pensiýalary bellemegiň meseleleri hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz
degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi
we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.