Germaniýanyň oba hojalyk ekinlerini, esasan-da, ýeralma we şugundyr ösdürip ýetişdirmekde hem-de gaýtadan işlemekde peýdalanylýan öňdebaryjy tehnologiýalary bilen adygan «Grimme» kompaniýalar toparynyň Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça jogapkär hünärmeni Iwan Lýaýs Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy. 23-24-nji awgustda bolan saparynyň dowamynda myhman Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde ýeralma we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirýän hususyýetçi daýhanlar bilen okuw sapagyny geçdi.

Sapagyň dowamynda hünärmen ýeralma we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek üçin ýerleriň taýýarlanylyşy, ulanylýan dökünleriň görnüşleri, ekinlere ideg etmegiň innowasion usullary, hasyl ýygnalanda peýdalanylýan häzirki zaman tehnikalar barada gürrüň berildi. Bu barada «Watan» gazetinde habar berildi.

Daşary ýurtly hünärmen Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginden bölünip berlen ýerde gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän telekeçi Rustam Goçyýewiň daýhan hojalygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Iwan Lýaýs hususyýetçi daýhanyň ösdürip ýetişdirýän ýeralma we sogan ýaly ekinleriniň hasylyna mynasyp baha berip, ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda netijeleri has-da ýokarlandyrmak boýunça maslahatlaryny paýlaşdy. Hünärmen telekeçi daýhanlar bilen duşuşykda wekilçilik edýän kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan innowasion usullary hem-de täze tehnologiýalary peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde gök-bakja ekinleriniň hasyllylygyny birnäçe esse ýokarlandyryp boljakdygyny belledi.

 

Çeşme: «Watan» gazeti