Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow 25-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul
aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine
garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu
ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine
ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si
geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 30-sy hem-de Mejlisiň kararlarynyň 35-si
kabul edildi. Hereket edýän kanunlary Konstitusion kanunlaryň we halkara
kadalaryň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, birnäçe hukuk namalaryna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Häzirki wagtda raýat-hukuk hem-de daşary ykdysady
gatnaşyklar, gidrometeorologiýa, gümrük işi, harby borçlulyk we harby gulluk,
taryhy-medeni mirasy goramagyň meselelerini kadalaşdyrmaga gönükdirilen
Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak üçin ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň teklipleri öwrenilýär.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
çäklerinde dürli duşuşyklar geçirildi. Milli parlamentariler okuw
maslahatlaryna gatnaşdylar, iş saparlaryny amala aşyrdylar.
Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk
baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini
guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, deputatlar döwletimiziň içeri we daşary
syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň
gazanan üstünlikleriniň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça dürli
çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk
Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça zerur
işleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow
şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, görlen çäreleriň netijesinde hasabat
döwründe jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,2
göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi
öndürilen önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,4 göterim, daşary söwda
dolanyşygynyň möçberi 4,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim
ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen
düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 27,6 göterim artdy.
Ýanwar — iýul aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin
netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra wise-premýer durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk
namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň «Ilaty durmuş taýdan
goramak hakyndaky» Kodeksiniň 21-nji we 40-njy maddalaryna laýyklykda, birnäçe
resminamalaryň taslamalary, hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň» hem-de «Türkmenistanyň
öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň»
taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna «Şahsy pensiýalary bellemegiň meseleleri hakyndaky» Kararyň
taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, resminamany
sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow
gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropileni
öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan
nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101 göterim berjaý edildi. Nebiti
gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy
105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,9 göterim, çalgy
ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň
meýilnamasy 108,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş
gazy çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň
meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, suwuklandyrylan gazyň we polipropileniň öndürilişiniň möçberlerini
artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen
birlikde, nebitiň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy. Gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň
artýandygyny nazara alyp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik
stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz
üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmek möhümdir diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,5 göterime, şol sanda Oba hojalyk
ministrligi boýunça 105,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
103,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 106,6 göterime
hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 101,5 göterime barabar boldy.
Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 240,6 göterim ýerine
ýetirildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba
hojalyk işleri dowam etdirilýär. Ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek
boýunça çäreler görülýär. Güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna
taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen
baglylykda, pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki zerur tehnikalary, şeýle hem
pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalary möwsüme
taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk
ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de azyk üpjünçiligini
pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, ýurdumyzyň oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak we pudagy
toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem wise-premýer hasabatyň dowamynda döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny
öndürmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri
üstünlikli çözmegiň wajypdygyny nygtap, degişli resminama gol çekdi we ony
sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Döwlet Baştutanymyz ekişi ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin bu möwsüme taýýarlyk görmek, şol sanda
daýhanlary oba hojalyk tehnikalary, ýokary hilli tohumlar we beýleki zerur
serişdeler bilen üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow
2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gurluşyk-senagat toplumy,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak
baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça
iş meýilnamasy 108,5 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýedi aýynda Senagat we
gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 109,9 göterim üpjün edildi. Şol döwürde Energetika
ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we
hyzmatlaryň meýilnamasy 112,9 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny
öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik
energiýasynyň ösüş depgini bolsa 103,9 göterime barabar boldy.
Ýylyň başyndan bäri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni
tarapyndan 1 milliard 360 million manatlyk önüm öndürildi we hyzmatlar ýerine
ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet
agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 104,2
göterim berjaý edildi, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen
işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 123,5 göterim amal edildi. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gurluşyk we senagat
toplumy boýunça kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak hem-de taslama
kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň sentýabr aýynda welaýatlarda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän çagalar baglarynyň we mekdepleriň ýokary hilli, talabalaýyk
ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekip,
wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna
«Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumyny gurmak
hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk
çäklerinde täze goşmaça okuw binasyny, umumy ýaşaýyş jaýyny, sport desgasyny we
aýlawly ýolda monument gurmak hakynda» Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara
gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we olaryň ýerine
ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew
gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle
hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça
söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 104 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini
102,8 göterim ýerine ýetirildi.
Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 103 göterime, nah matalar
107,2 göterime, tikin we trikotaž önümleri 101,3 göterime, gön önümleri 114,2
göterime barabar boldy.
Şu ýylyň ýedi aýynda «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça
önüm öndürmegiň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýylyň başyndan bäri
birža söwdalarynyň 172-si geçirilip, 18 müň 85 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen
işleriň ösüş depgini 111,3 göterime barabar boldy. Sergileriň 11-si we maslahatlaryň
43-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we
azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,1 göterime hem-de senagat
önümleriniň ösüş depgini 110,8 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, şeýle hem hususy ulgamyň
önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, täze önümçilikleri döretmek, eksport edilýän önümleriň
mukdaryny köpeltmek boýunça maksatnamalaýyn işleri geçirmek möhümdir diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagyň, eksport we
import şertnamalaryny biržada bellige almagyň tertibini, baha emele getirmegiň
usulyny kämilleşdirmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu
ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän
şanly senelere bagyşlanan köp sanly döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, media
forumlary, sergiler, wagyz-nesihat çäreleri we aýdym-sazly dabaralar geçirildi.
Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
birnäçe çäreler guraldy we döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri daşary döwletlerde
iş saparlarynda boldular.
Hasabat döwründe medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadyny
kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Şu günler ýurdumyzda russiýaly
sirk artistleriniň çykyşlary guralýar. Şeýle hem «Ýaňlan, Diýarym!»
telebäsleşiginiň hem-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň tapgyrlary geçirildi.
Şu ýylyň 29-njy iýunynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag
şäheriniň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli dürli çäreler,
medeni-durmuş maksatly binalaryň açylmagynyň hormatyna aýdym-sazly dabaralar
guraldy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzda döwlet
Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler we
ýetilen sepgitler giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan we
Konsepsiýalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda
degişli işler berjaý edildi.
Soňra wise-premýer Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk
baýramy, şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli sentýabr
aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly
binalaryň açylyş dabaralary barada hasabat berdi.
Sentýabr aýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli
dabaralar geçiriler. Şeýle hem «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Çalsana,
bagşy!» bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary, ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň
sergisi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
tejribesi we geljegi» atly halkara maslahat, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara media forumy
geçiriler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn
asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar hem-de beýleki
medeni-köpçülikleýin çäreler guralar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk
dabaralaryna taýýarlyk işiniň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz öňde boljak dabaraly maslahatlara, medeni-köpçülikleýin
çärelere, şol sanda dürli maksatly binalaryň açylyş we düýbüni tutmak
dabaralaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, wise-premýere
olaryň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow
gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň
ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bilim özgertmeleriniň çäklerinde okatmagyň
öňdebaryjy usullary bilim işinde giňden ulanyldy, okuw kitaplarydyr
gollanmalary neşir edildi. Mekdep okuwçylary we talyplar halkara ders hem-de
internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazandylar. Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli meýilnamalaýyn çäreler, dürli bäsleşikler,
halkara ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar geçirildi. Täjigistan
Respublikasynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň
düýbi tutuldy. Tomusky dynç alyş möwsüminde 20 müň 500-den gowrak çaga
guramaçylykly dynç aldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw
mekdeplerine giriş synaglary geçirildi.
Hasabat döwründe ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine
gönükdirilen işler dowam etdirildi, Ylmy-tehnologik merkezler hakynda
Düzgünnama tassyklanyldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatlar, ýaşlaryň
arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak
dabarasy boldy. Beýik türkmen şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly
Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, sergiler,
tanyşdyrylyş dabarasy we beýleki çäreler geçirildi.
Saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almagyň,
bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler
dowam etdirildi. «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek
boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» tassyklanyldy. Daşary
ýurtly lukman alymlar bilen tejribe alyşmak ýola goýuldy, X türkmen-german
forumy guramaçylykly geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň
hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Döwrebap
saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy hem depginli dowam edýär. Aşgabatda
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa we
Stomatologiýa merkezleriniň düýbi tutuldy.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has-da
işjeňleşdirilip, halkara ýaryşlarda 409 medal gazanyldy.Hormatly
Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry
aralygynda Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.
Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli
«Arkadag şäheri — sanly we «akylly» tehnologiýalaryň mekany» atly halkara ylmy
maslahat, Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň halkara
maslahaty, dürli sport ýaryşlary geçirildi. Bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport
babatda halkara resminamalaryň 33-sine gol çekildi.
Soňra wise-premýer Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de
täze 2023-2024-nji okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda
bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi. Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri
kesgitlemek maksady bilen, 26-njy awgustda bilim işgärleriniň maslahatyny
geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni
mynasybetli 1-nji sentýabrda dürli dabaraly çäreleri geçirmek, şol sanda
Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant
şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül
desselerini goýmak göz öňünde tutulýar. Bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň
başlanmagyna bagyşlanan dabaraly nyzamlar geçiriler. Täze okuw ýylynyň ilkinji
okuw sapagyny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçirmek
meýilleşdirilýär. 1-nji synpa okuwa barýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň we
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler
dabaraly ýagdaýda sowgat berler.
Aşgabat şäherinde baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny
dabaraly açmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde
ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli täze bilim edaralaryny açmak ajaýyp däbe
öwrüldi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem-de
ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 13 sany çagalar bagyny, 19 sany orta mekdebi we
okuw-terbiýeçilik toplumyny, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag
şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag
şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag
şäher ýörite sungat mekdebini, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar
sungat mekdebini hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny
açmak göz öňünde tutulýar.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabat şäherinde Türkmen
döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň,
Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde
täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly
ýolda monumentiň düýbüniň tutulyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça
taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri
ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem
wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji synp okuwçylaryna
kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin zerur çäreleri görmek
tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza zähmet rugsady
döwründe Hökümetiň agzalarynyň we olaryň maşgalalarynyň dynç almaklary üçin
döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Watanymyzy mundan
beýläk-de ösdürmäge we türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge degişli
meseleleriň çözülmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. Zähmet rugsady döwründe
geçirilýän Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisiniň gün tertibi hem munuň
aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň
gerimli özgertmeler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem üns merkezinde durýar.
Mälim bolşy ýaly, golaýda Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş
saparyny amala aşyryp, onuň barşynda şäheriň günorta böleginde ýerleşýän
Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde alnyp barylýan işler
bilen tanyşdy.
2024-nji ýylda beýik şahyryň we akyldaryň doglan gününiň
300 ýyllygy belleniler. Onuň heýkeli Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde
ornaşdyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze ajaýyp şahyrana eseri hem
Magtymguly Pyraga bagyşlanýar. Bu eser watandaşlarymyzyň ählisi tarapyndan
ruhubelentlik bilen kabul edildi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň baý milli
medeni, şol sanda edebi mirasy aýawly saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça
amala aşyrýan ägirt uly işleri halkara bileleşikde hem ýokary baha mynasyp
boldy. Bu miras umumadamzat genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça
medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde daşary ýurtly nusgawy şahyrlaryň we
akyldarlaryň hem heýkelleri ornaşdyrylar. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň
aýdyň beýanyna öwrüler. Magtymguly Pyragy özüniň öçmez-ýitmez goşgularynda hut
şu ýörelgelere eýermäge çagyrypdy.
Wise-premýer, daşary işler ministri Gahryman Arkadagymyzyň
täze şahyrana eseriniň türkmenistanlylaryň ählisi üçin ajaýyp sowgat bolmak
bilen, daşary ýurtlarda giň seslenmä eýe bolandygyny nygtady we hormatly
Prezidentimizi bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda ministrlik tarapyndan ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy
ugruny durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alnyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar
bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara we sebitleýin
guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça
işler yzygiderli alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna, Katar
Döwletine hem-de Täjigistan Respublikasyna döwlet saparlaryny, Bahreýn
Patyşalygyna resmi sapary, Azerbaýjan Respublikasyna, Beýik Britaniýa, Russiýa
Federasiýasyna, Hytaýa, Türkiýe Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna iş
saparlaryny amala aşyrdy, şeýle hem sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşdy.
Şu ýylyň geçen döwrüniň dowamynda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Germaniýa Federatiw
Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda we Saud Arabystany Patyşalygynda
saparlarda boldy.
Häzirki wagta çenli Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan
Respublikasynyň Prezidentleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň
Başlygynyň we Wengriýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza saparlary boldy.
Hormatly Prezidentimiz birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly
söhbetdeşlikleri geçirdi.
Parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek
ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hasabat
döwründe Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň, Koreýa
Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň, ÝHHG-niň Parlament
Assambleýasynyň Prezidentiniň ýurdumyza saparlary boldy.
Degişli döwürde Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça
birnäçe daşary ýurt wekiliýetleri Türkmenistana geldi. Şol döwürde ýurdumyzyň
wekiliýetleri daşary ýurtlaryň birnäçesine ugradyldy. Dürli derejede, şol sanda
sanly ulgam arkaly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň halkara
hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti köp sanly resminamalar
bilen ýetirildi.
Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde gatnaşyklar
yzygiderli amala aşyrylýar. Ýylyň başyndan bäri bu ugurda ikitaraplaýyn
duşuşyklaryň we geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýurdumyzyň daşary-ykdysady
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki Hökümetara
toparlaryň, beýleki degişli düzümleriň mejlisleri, şeýle hem işewürlik
duşuşyklary, forumlar hem-de «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler
guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, Bitarap Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak, giňeltmek meselelerinde mundan beýläk-de işjeň orny
eýelejekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini
ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa
geçirmek maksady bilen, halkara syýahatçylyk ugruny we sergi işini ösdürmek
boýunça abraýly halkara guramalar bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu ugurlar ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady,
medeni we maglumat giňişligine goşulyşmagynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda
durýar. Döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyrygyna laýyklykda, «Syýahatçylyk
pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji
ýyllar üçin Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasy» işlenip taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, bu resminamalarda kesgitlenen esasy
maksatlar we wezipeler, şeýle hem olary durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde
tutulan çäreler barada aýdyldy. Şeýlelikde, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk
guramasy, dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak,
gatnaşyklaryň kuwwatyndan we netijeli gurallaryndan has doly peýdalanmak,
ýurdumyzyň telekeçilerini hem-de haryt öndürijilerini goldamak boýunça zerur
çäreleri görmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem, hususan-da, ugurdaş çäreleri guramak,
hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini
öwrenmek, bellenen ugurlarda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek we
pugtalandyrmak boýunça degişli teklipler beýan edildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
ýokarda agzalan Maksatnamany we Konsepsiýany tassyklamak baradaky Kararyň
taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip, ony
wise-premýere, daşary işler ministrine sanly ulgam arkaly iberdi we bu ugurda
alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji
ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň
we hyzmatlaryň ösüşi 123,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýedi aýynda awtomobil,
demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini
104,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,6 göterime barabar boldy.
Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda «Türkmendemirýollary»
agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,9 göterime,
«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 119,1 göterime,
«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ösüş depgini 259,7 göterime,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,8 göterime deň boldy.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa ösüş depgini 112,2 göterime
barabar boldy.
Hasabat döwründe Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň
«ýaşyl» portlarynyň hataryna goşmak üçin degişli işler geçirildi. Şonuň
netijesinde, «EсoPort» şahadatnamasy alyndy.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde görlen çäreler barada
hem hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde
ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň
gurluşygy dowam edýär.
Şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabat şäherinde «Halkara
ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara
maslahatyň hem-de serginiň, şeýle hem täze şäheriň açylmagy mynasybetli
«Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara
maslahatyň geçirilendigi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz
wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz halkara üstaşyr ulag
gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegiň
möhümdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere hem
garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam
arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.