Özbegistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistanda bolýar. Wekiliýete ýurduň Samarkant welaýatynyň häkiminiň orunbasary Nozir Ibragimow ýolbaşçylyk edýär.

Wekiliýetiň düzüminde Özbegistanda iň uly metal önümlerini öndüriji bolan «Asia Metal Prof» kärhanasynyň wekilleri hem bar diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy tarapyndan habar berilýär.

Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň sapary gurluşyk materiallaryny öndürmekde we satmakda mundan beýläkki hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak ýaly maksatlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, saparyň çäklerinde wekiliýet material öndürmek, gurluşyk, ulag we logistika bilen meşgullanýan türkmen kärhanalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirdiler. Özbegistanly myhmanlar awtoulaglara hyzmat etmek boýunça ýöriteleşen «Şanly Bedew» hususy kärhanasynyň önümçilik ýerine hem baryp gördüler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarsy