21-nji awgustda Türkmenistanyň ilçisi Hindistanyň
söwda we senagat edarasynda - Millennial India International Chamber of
Commerce Industry & Agriculture (MIICCIA) Hindistanyň Daşary işler
ministrliginiň ýardam bermeginde gurnalan "Merkezi Aziýa sebitindäki
işewürlik mümkinçilikleri" atly işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu
barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistandaky
diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Daşary işler, söwda
ministrlikleriniň, kiçi we orta telekeçilik bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle
hem ýerli firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda TOPH gaz
geçirijisiniň gurluşygy, Aşgabat ylalaşygy we Demirgazyk-Günorta halkara ulag
we logistika geçelgelerini ösdürmek ýaly iri halkara taslamalaryny durmuşa
geçirmekde Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygy belläp
geçdi.
Ilçi Türkmenistandaky maýa goýum şertlerine ünsi
çekip, ýurduň ykdysady ösüşi, strategiki döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen
maksatlara we wezipelere laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýolbaşçylygynda giň gerimli özgertmeleriň we diwersifikasiýa edilýändigini
aýtdy.
Ilçi Türkmenistanyň daşky gurşaw meselelerini
çözmekde çemeleşmesiniň oňyn mysaly hökmünde, ekologiýa taýdan arassa we
sosial taýdan iň ösen tehnologiýalary öz içine alýan şäher gurşawyny
döretmekde öz beýanyny tapan 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda geçen ilkinji
“akylly” Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Ilçi iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklara
salgylanyp, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda nebitgaz pudagy, ulag we
aragatnaşyk, agrosenagat toplumy, himiýa we dokma senagaty, IT
tehnologiýalary ýaly ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
mümkinçiliklerine ünsi çekdi.