Daşoguz
welaýatynda tomus paslynda on iki müň tonnadan gowrak hyýar, ýigrimi dört müň
tonnadan gowrak pomidor, on müň tonna kelem, on üç müň tonnadan gowrak käşir
ýygnaldy.
«Türkmenistan:
Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, esasan hem Akdepe etrabynyň
daýhanlary ýokary netijeleri gazandylar. Şeýle hem Boldumsaz etrabynyň oba
hojalykçylary gök-miwe önümleriniň öndürilmegine esli goşant goşdular.
Sebitiň ýeralma ösdürip ýetişdirýän daýhanlary sekiz müň sekiz ýüz gektar
meýdandan bol hasyl ýygnadylar.
Häzirki
wagtda ekin meýdanlarynda on müňlerçe tonna sogan we ýedi ýüz tonnadan gowrak
käşir ýygnalmagy meýilleşdirilýär.