Geçen hepdede
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy
hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň,
Gruziýanyň we Gazagystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň
kärhanasynda öndürilen awtobenzini, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň
kärhanasynda öndürilen awia kerosini hem-de polipropileni satyn aldylar. Bu
barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Irlandiýanyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň
telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek
önümleriniň dürli görnüşleri, nah mata we nah ýüplügi, jinsi matalary, şeýle
hem buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň
jemi bahasy ABŞ-nyň 48 million 451 müň dollaryndan gowrak boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 400 müň
manatlyk armaturalary satyn aldylar.