2023-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň ilçisi
Batyr Rejepow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Gazagystan Respublikasyndaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barboza bilen
Gazagystan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda duşuşdy. Bu
barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Braziliýanyň ilçisiniň Braziliýanyň
Türkmenistanda (oturýan ýeri Astana şäheri) täze Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenmegi bilen gutlady. Türkmen diplomaty ilçä
iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara gatnaşyklarda täze köprüleri gurmak we
berkitmek boýunça jogapkär diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi.
Braziliýanyň Türkmenistandaky ilçisi mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk
bildirdi we Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky söwda we ykdysady
hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary hasam
giňeltmek üçin türkmen tarapy bilen işjeň işleşmäge taýýardygyny mälim etdi.
Braziliýanyň Türkmenistandaky ilçisi ýakynda Aşgabat şäherine eden saparyny we
Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleridir pudak ýolbaşçylary bilen geçirilen iş
duşuşyklaryny kanagatlanma bilen ýatlady.
Hususan-da, taraplar özara söwdanyň göwrümini artdyrmak, oba hojalygy,
energiýa, ulag, syýahatçylyk we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-braziliýa gatnaşyklaryny ösdürmek we
diplomatik ýollar arkaly yzygiderli aragatnaşyk saklamak boýunça mundan beýläk
hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Ozal
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio
Korrea Barbozadan ynanç hatyny kabul edendigi barada habar beripdik.