«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň işgärleri Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) energetika kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Iki taraplaýyn gepleşikleriň netijesinde taraplar Owganystanyň «Hyrat Nur-ul-Jihad» bekedine elektrik energiýasyny ibermek baradaky bilelikdäki Teswirnama gol çekdiler diýip, DABS-yň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň halkara maglumat merkeziniň habar bermegine görä, duşuşykda «Hyrat Nur-ul-Jihad» bekediniň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasan hem taraplar taslama bilen bagly çykdajylar, taslamanyň işe giriziljek takyk senesi, howpsuzlyk çäreleri we ätiýaçlandyryş meseleleri dogrusynda pikir alyşdylar.

Taraplar ozal gol çekişilen şertnama uly bolmadyk üýtgetmeleri girizdiler. Netijede, taslamany durmuşa geçirjek potratça zerur resminamalary taýýarlamak üçin wagt berildi.

Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň awgust aýynyň başynda DABS-yň işgärleri «Türkmenenergonyň» wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde bu taslamanyň ähmiýetini bellediler we Owganystanyň demirgazyk-günbataryndaky elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek ukybyna ünsi çekdiler diýip, çeşme belleýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi