Şu gün irden Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň çakylygy boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Budapeşte ugrady. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň hökümetiniň başlygy bilen gepleşikler geçirer we Budapeştde başlanan ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna hem baryp görer.
Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Bosniýa we Gersogowina Respublikasynyň Prezidentleri we beýleki görnükli myhmanlar bilen bilelikde Türkmenistanyň Baştutany erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilýän jemleýji ýaryşa tomaşa eder.
Şondan soň dabaraly kabul edişlik bolar. Habar berlişi ýaly, sapar meýilnamasyna laýyklykda, döwlet Baştutanlary Wengriýanyň Premýer-ministri bilen gepleşikleri hem geçirerler. Şeýle-de Wengriýanyň döwlet baýramçylygy – Keramatly Stiwen gününe bagyşlanan çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşarlar.