17-nji
awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we
medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) goşulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan
dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi
habar berýär.
Baýramçylyk
dabarasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi
bilen tanyşmakdan başlandy.
Soňra
“Türkmenistan - ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly
maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli komitetleriniň
wekilleri, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri,
diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän
diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary
we wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş
serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty
Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew açdy.
Soňra
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri Raşid Meredowa söz berildi.
Çykyşynyň
başynda R.Meredow maslahata gatnaşyjylary şanly sene - Türkmenistanyň Birleşen
Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna
(ÝUNESKO) agzalygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň
ösdürilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat strategiýasynyň
ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini nygtady.
Şeýle hem
otuz ýylyň dowamynda Türkmenistanyň medeni mirasy gorap saklamak, bilimi, ylmy
ösdürmek we halklaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerini
ýola goýmak boýunça ählumumy tagallalara işjeň gatnaşýandygy bellendi.
Türkmenistan medeni we tebigy mirasy goramak, saklamak we wagyz etmek işlerine
işjeň gatnaşýar.
Çäräniň
dowamynda BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko,
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Rune Kastberg,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.
Rüstemowa, Türkmenistanyň Bilim ministri G.Ataýewa we başgalar çykyş etdiler.
Şeýle hem
ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň birinji orunbasary Sin Tsýuýuň, ÝUNESKO-nyň
Tährandaky Klaster edarasynyň direktory Golda El-Huriniň, ÝUNESKO-nyň Baş
direktorynyň orunbasary, Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Ýerine
ýetiriji sekretary Wladimir Rýabiniň, ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat
tehnologiýalary boýunça institutynyň direktory Tao Çžanyň wideoýüzlenmeleri
diňlenildi.
Maslahatda
çykyş edenler, Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başlanan asylly işleri üstünlikli dowam
etdirmeginiň netijesinde Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen gurluşlary,
hususan-da ÝUNESKO - Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen
özara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny
bellediler. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň bu ugurda
netijeli işleri alyp barýandygy mälim edildi.
Bu işiň
aýdyň mysaly hökmünde, geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy bilen ÝUNESKO-nyň
adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna “Türkmeniň
keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”
we“Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni
mirayň görnüşleri bilen doldurylandygy bellendi.
Hyzmatdaşlyk
döwründe Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň 13 sany esasy halkara resminamasyna
goşulandygy, olaryň arasynda “Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak
baradaky” konwensiýasyny tapawutlandyrmak zerur bolup durýar. Bu Konwensiýanyň
esasy ýörelgelerine laýyklykda şu wagta çenli Türkmenistanyň çäginde 1000-den
gowrak taryhy we medeni ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Ilkinji
desgalaryň arasynda 1999-njy, 2005-nji we 2007-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Gadymy Merw”, “Köneürgenç” we “Nusanyň Parfiýa
galalary” ýaly ähliumumy adamzat ähmiýetli 3 ýadygärlik girizildi.
“Maddy däl
medeni mirasy goramak boýunça ÝUNESKO-nyň konwensiýasynyň” çäginde,
Türkmenistan tarapyndan hödürlenen 8 sany maddy däl medeni mirasyň
ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli
sanawyna girizildi.
Soňra,
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa "Türkmenistan - ÝUNESKO:
abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk" atly maslahata gatnaşyjylaryň
adyndan ýüzlenme kabul edildi, onda taryhy we medeni ýadygärlikleri aýawly
gorap saklamagy we wagyz etmegi, şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmegi maksat edinýän döwletimiziň öňe süren netijeli başlangyçlarynyň Milletler
Bileleşigi tarapyndan giň goldaw alandygy nygtalýar. Bularyň hemmesi
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň we umumadamzat
siwilizasiýasynyň beýik ideallarynyň ýeňşi üçin medeni we ylmy diplomatiýanyň
ýeňşiniň aýdyň subutnamasydyr.