17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz
boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän
Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler
hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen
tanyşdy. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda
belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet
berildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
“Aziýanyň merjeni” diýen ada mynasyp bolan Aşgabat
dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň
hatarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň täsin
binagärlik çözgütlerine eýe bolan desgalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar
kitabyna birnäçe gezek girizilmegi paýtagtymyzyň binalarynyň özboluşly keşbiniň
we ýokary hiliniň ykrarnamasydyr.
Ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň
etegindäki belent baýryň üstünde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeli
uzaklardan seleňläp görünýär. Häzirki wagtda bu ýerde ýadygärlik toplumyna
ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Magtymguly Pyragy
medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary we Aşgabat şäheriniň
häkimi garşyladylar.
Hormatly Arkadagymyz toplumyň ähli çäginiň we ýanaşyk
ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna, ekologiýa hem-de arassaçylyk
ýagdaýyna zerur üns berilmelidigini belledi. Beýik şahyryň adyny göterýän
medeni-seýilgäh toplumy şäheriň günorta künjegindäki beýleki desgalar bilen bir
bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Şunda bezeg işlerine hem-de olaryň
özboluşly milli binagärlik çözgüdi bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigine üns
çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri biziň halkymyzyň
umumadamzat medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyra belent
sarpa goýýandygyny belledi. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň dünýä
halklarynyň dürli dillerine terjime edilmegi beýik akyldaryň kämil
döredijiliginiň halkara derejede ykrar edilýändiginiň beýanydyr. Şunuň bilen
baglylykda, şahyryň döredijiliginiň çuňňur öwrenilmeginiň, aýratyn-da, bu işe
ýaşlaryň işjeň çekilmeginiň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda
öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini
aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň hatarynda pugta
orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä alymlarynyň,
edebiýatçylarynyň üns merkezinde saklanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow beýik akyldaryň öçmez-ýitmez eserleriniň giňden wagyz
edilmeginiň, türkmen ýazyjylarynyň häzirki zaman eserlerinde Magtymguly
Pyragynyň wasp edilmeginiň möhümdigini nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde taýýarlanan taslamalar we
gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen
tanyşdy.
Wise-premýer B.Annamämmedow toplumyň ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylyşy, onuň yşyklandyryş ulgamy, desgalarynyň diwarlarynda
ýerleşdiriljek ýazgylar, şeýle hem toplumyň agşamky görnüşleri bilen
baglanyşykly şekil taslamalary hem-de olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli
çyzgylar barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde tebigy we şäher gurşawynyň
sazlaşykly utgaşmagynyň, ýaşyl zolaklaryň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi
çekip, bu işleriň paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm
ýagdaýy bolup durýandygyny belledi hem-de bu täsin künjegi abadanlaşdyrmak,
bagy-bossanlyga öwürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalary
ulanmagyň möhümdigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe bellikleri
etdi we bu künjegiň, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň agşamlaryna
ýokary derejede ýagtylandyrylmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, öňde
goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşilmelidir
diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Soňra bu ýerde wise-premýer M.Mämmedowa Magtymguly
Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli işlenip
taýýarlanylýan medeni maksatnama hem-de onuň çäklerinde guralmagy
meýilleşdirilýän köpçülikleýin çärelere, teatrlaşdyrylan çykyşlara görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň
açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň 300 ýyllygynyň
giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna geçiriljek giň gerimli dabaralaryň
özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, toplumyň açylyş dabarasy
mynasybetli guraljak çäreleriň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigine ünsi
çekdi hem-de sözüni dowam edip, taryhy ähmiýeti boljak sene mynasybetli
guraljak aýdym-sazly çykyşlar häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmelidir we olarda
mähriban Watanymyzyň ösüşi, şahyra ählihalk söýgüsi öz beýanyny tapmalydyr
diýip belledi.
Gahryman Arkadagymyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem,
dünýäniň dürli künjeklerinde akyldar şahyrymyzyň döredijiligine, şeýle hem
ýetip gelýän şanly senä bagyşlanyp, medeni çäreleriň ýaýbaňlandyrylýandygyny
belläp, bu işleriň mähriban Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan
medeni gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydygyny aýtdy.
Şahyryň goşgy setirlerinde watançylyk, ynsanperwerlik,
il-halkyna wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik ýaly pelsepewi garaýyşlaryň
beýan edilmegi Magtymgulynyň döredijilik äleminiň çygrynyň giňdigini açyp
görkezýär. Bu dürdäne setirler häzirki wagtda halkymyzyň däp-dessurlarynda öz
beýanyny tapmak bilen, ýol-ýörelgämize öwrülen mizemez gymmatlyklardyr. Beýik
şahsyýetiň umman ýaly giň şygryýet dünýäsi ýazyjy-şahyrlarymyzyň,
bagşy-sazandalarymyzyň ylham çeşmesine öwrüldi diýip, Gahryman Arkadagymyz
belledi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berip, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline
barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça taslamalar we ýoluň ugrunyň çyzgylary
bilen tanyşdyrdy.
Gahryman
Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy
we degişli düzedişleri girizdi. Ähli gurluşyk işlerinde bolşy ýaly,
paýtagtymyzyň ýol gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hil taýdan ýokary
derejede bolmagy, olaryň dünýä ülňülerine we häzirki zamanyň talaplaryna doly
laýyk gelmegi möhüm wezipe bolup durýar.
2024-nji
ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi uly dabaralar
bilen belleniler. Bu toýa halkymyz uly üstünlikler, belent sepgitler bilen
barýar.
Şanly sene
mynasybetli sowgatlyk hökmünde akyldar şahyrymyzyň ýörite heýkeljikleriniň
taýýarlanylmagynyň göz öňünde tutulmagy babatda Gahryman Arkadagymyz degişli
ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Magtymguly
Pyragynyň belent heýkeline, seýilgäh toplumyna gezelenç etmek bilen bir
hatarda, ulagly syýahat etmek üçin hem ýörite elektromobilleriň hyzmaty ýola
goýulsa, maksadalaýyk bolar diýip, Milli Liderimiz belledi.
Hormatly
Arkadagymyz sanlyja günden täze okuw ýylynyň başlanjakdygyny, Bilimler we talyp
ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe bilim
ojaklarynyň açylyş dabaralarynyň guraljakdygyny belläp, meýilleşdirilen
çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda ähli zerur
tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň
Milli Lideri 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen
baglanyşykly sahna oýunlarynyň goýulmagynyň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň
gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu barada
wise-premýer N.Amannepesowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem
çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan alym Arkadagymyz dynç alyş günlerinde
Magtymguly Pyragynyň öňde boljak şanly senesi barada oýlanyp, täze goşgusyny
döredendigini aýtdy we ony ajaýyp seýilgäh toplumynyň saýaly oturgyjynda oturan
ýerinde okap berdi.
Täze
goşgynyň ilkinji diňleýjileri bolmak bagty miýesser eden wise-premýerler we
häkim Gahryman Arkadagymyza döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly
Pyragy medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek
baradaky meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny ýene bir gezek
belledi. Bu toplum ýurdumyzyň ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň söýgüli künjegine
öwrülmelidir, çeper döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlary täze döredijilik
ylhamyna ruhlandyrmalydyr.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri
arzuw edip, bu ýerden ugrady.