12-nji
awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş
edaralarynyň işi bilen tanyşdy we olaryň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna
bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentligi habar berýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygyna badalga berlen ýere
geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna birnäçe şekil
taslamalary hödürlenildi.
Paýtagtymyzyň
Köpetdag şaýoly bilen Arkadag şäheriniň Akhan şaýolunyň çatrygynyň merkezinde
oturdyljak täsin binanyň taslamasy möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz
taslamany synlap, oňa birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Halkalaýyn aýlaw ýoly bolan çatrygyň çäklerindäki desgalar daşky gurşaw bilen
bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir, olaryň ýanaşyk ýerleri
abadanlaşdyrylmalydyr.
Şeýle hem bu
ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň, onuň hojalyk desgalarynyň, metjidiň daşky
hem-de içki bezegleriniň, Arkadag şäheriniň muzeýiniň taslamalary we olaryň
ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan agaçlaryň
we mermer daşlarynyň dürli görnüşleriniň nusgalary görkezildi.
Gahryman
Arkadagymyz taslamalar bilen tanşyp, olaryň taýýarlanylyşynda bolşy ýaly,
gurluşyk işlerinde hem öňdebaryjy dünýä tejribesini ulanmagyň zerurdygyny
belledi. Şunda şäheriň ekologiýasyna, binalaryň bezeg işleriniň milli äheňde
bolmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Arkadag
şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde bina ediljek önümçilik
desgalarynyň hil derejesine bolşy ýaly, olaryň daşky bezegine, senagat
toplumlarynyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna
jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyz bu
babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şekil
taslamalaryny gözden geçirenden soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi
Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Bellenilişi
ýaly, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça
önümçilik toplumlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Munuň özi milli
ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini
gowulandyrmak, gündelik sarp edilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmak hem-de
hyzmatlar ulgamyny gowulandyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanylan
maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin şertleri döredýär.
Arkadag
şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik
kuwwatlyklarynyň, aýratyn-da, lukmançylyk edaralarynyň ýokary hilli gurluşygy
bilen bir hatarda, olaryň enjamlaşdyrylyş we üpjünçilik derejesine zerur üns
berilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz şunda binalaryň buýrujylaryna we
olaryň gurluşykçylaryna bolşy ýaly, saglyk edaralarynyň üpjünçilik ýagdaýyna
bildirilýän talaplaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini aýtdy. Munuň özi
degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyna ýardam eder.
Täze şäheriň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynda innowasion tehnologiýalaryň, täzeçil usullaryň
işjeň ulanylmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň häzirki zaman
innowasion senagat toplumy bolan şähere öwrülmelidigine ünsi çekdi.
Şol bir wagtyň
özünde şäheriň ekologiýa derejesine aýratyn üns berilmelidir. Köpçülikleýin bag
nahallarynyň oturdylmagy, seýilgäh zolaklarynyň çäginiň giňeldilmegi we
önümçilik desgalarynyň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän derejede
bolmagy täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna bildirilýän esasy
talaplardyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu işleri berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň hojalyk düzümlerinde ulanylmagy
meýilleşdirilýän ulag serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Gahryman
Arkadagymyz şäheriň arassaçylyk we abadançylyk ýagdaýynyň yzygiderli
gözegçilikde saklanylmagynyň wajypdygyny nygtap, ulaglaryň hut şu talaplara
laýyk derejedäki hyzmatlarynyň ýola goýulmalydygyny belledi. Şunda şäheriň
çäklerinde elektron görkezijileriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr.
Gahryman
Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden
ugrady.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi