Ylmy
çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan
Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa
ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga,
bazar düzümleriniň we döwlet gözegçiliginiň netijeli sazlaşygyna, iň täze
tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýä
hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
«Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasy», şeýle hem şu ýyl üçin Türkmenistanyň Maýa goýum
maksatnamasy ýaly resminamalarda bu maksatlara ýetmek üçin birnäçe möhüm
wezipeler kesgitlenildi.
Şu ýylyň
birinji ýarym ýyllygynyň netijeleri ýurdumyzyň makroykdysady ösüşiniň we
ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylandygyna, milli ykdysadyýetimiziň
senagatlaşdyrylmagynyň derejesiniň artdyrylandygyna, onuň bazar gatnaşyklaryna
çykmagynyň işjeňleşdirilendigine, hyzmat ulgamynyň we esasy pudaklaryň depginli
ösüşiniň üpjün edilendigine, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalaryň işjeň
ornaşdyrylýandygyna, önümçiligiň we ylmyň özara gatnaşygynyň berkidilendigine
şaýatlyk edýär. 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisinde şu ýylyň alty aýynyň dowamynda geçirilen çäreleriň netijesinde, jemi
içerki önümiň durnukly ösüş depgininiň üpjün edilip, onuň 6,2 göterim artandygy
barada habar berildi. Maýa goýum serişdeleriniň, eksportyň, içerki sarp
edilişiň artmagy we telekeçiligiň ösdürilmegi ykdysady ösüşiň esasy itergi
beriji güýji bolup hyzmat edýär.
2022-nji
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri
boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi
ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy we jemi
içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4
göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň
gurluşygyna gönükdirildi. Şeýle hem bank ulgamy tarapyndan karz bermegiň
möçberi, aýratyn-da, döwlete dahylsyz pudaga, oba hojalyk önümlerini
öndürijilere ipoteka karzyny bermegiň möçberi artdyryldy. 2023-nji ýylyň 1-nji
iýuly ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113,1 göterim, çykdajy
bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
ykdysadyýetde maliýe serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny gazanmagyň, milli maýa
goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmelerini yzygiderli öwrenmegiň,
ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça beýleki banklaryň
işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Ykdysady we maliýe
durnuklylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, häzirki döwürde ähmiýetli
wezipeleriň sanawynda ilatyň zähmet derejesini ýokarlandyrmak, döwletiň eksport
kuwwatyny artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilim
ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen maýa
goýumlaryň möçberini artdyrmak görkezildi.
Döwlet
Baştutanymyzyň «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» we «Döwlet-hususy
hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň
Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly Türkmenistanyň daşary
söwda düzgüni hakynda Ähtnamadan gelip çykýan kadalaşdyryjy namalary taýýarlamak
boýunça beren tabşyryklary ykdysadyýetiň ösüşine täze itergi berer. Sanly
tehnologiýalary ulanmak arkaly býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak
elektron salgyt ulgamyny doly işe girizmäge ýardam eder. Häzirki wagtda
ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär,
daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligine,
eksporta gönükdirilen harytlaryň mukdarynyň artdyrylmagyna, elektron senagatyň
döredilmegine degişli döwlet maksatnamalary işjeň amala aşyrylýar. Geçen ýarym
ýylda Arkadag şäheriniň açylmagy, şeýlelikde, täze şäheriň halkara
güwänamalaryňdyr sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzy bu waka bilen gutlap, ýerli gurluşykçylar
tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda şeýle şäheriň döredilmeginiň
ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň nyşanydygyny belledi.
Türkmenistanda
şu ýylyň başyndan bäri geçirilen maýa goýum forumlary döwrebaplaşdyrylan,
ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda dürli görnüşli bäsdeşlige ukyply
önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän, gaýtadan işleýän häzirki zaman
düzümlerine daýanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda gazanylanlar
hakynda düşünje almaga mümkinçilik berdi. Aprel aýynda Birleşen Arap
Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt
maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçirildi. Foruma daşary
ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň,
abraýly halkara guramalaryň, bu ugurda ýöriteleşen bilermenleriň gatnaşmagy
dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda
hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Maýa goýum
forumynyň çäklerinde geçirilen halkara maslahatyň gün tertibine baý tebigy
serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň ösüşi, Hazar deňziniň
türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmäge degişli taslamalara maýa
goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käniniň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda
hyzmatdaşlygyň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri, täze
tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi.
Milli
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna, şeýle hem Arkadag şäheriniň
durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürilmegi üçin maýa goýumlary çekmek maksady
bilen, iýun aýynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň,
abraýly maliýe düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini
özünde jemlän “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi.
Iri işewürlik duşuşygyna gatnaşyjylar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň
umumy ykdysady görkezijileri hem-de onuň maýa goýum strategiýasy, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalygy toplumyny düýpli
özgertmäge, strategik hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, şol
sanda ähli derejede netijeli sanly we “ýaşyl” çözgütleri ilerletmek meseleleri
boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen syýasaty bilen tanyşdyryldy.
Çykyş
edenler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini häsiýetlendirýän soňky
ýyllaryň makroykdysady görkezijileri barada durup geçdiler. Hususan-da,
2022-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime, maýa
goýumlaryň ösüşiniň 14,2 göterime deň bolandygy, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende,
eksport harytlarynyň möçberiniň 43,6 göterim artandygy bellenildi. Ykdysadyýete
gönükdirilýän maýa goýumlaryň her ýylky möçberi 30 göterimden gowrakdyr. Daşary
ýurt maýa goýumlarynyň paýy bolsa 13 göterime ýetýär. Halkara maýa goýum
forumynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda
eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalar
we beýlekiler bar.
4-nji
awgustda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň
döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki
Beýannamada bellenilişi ýaly, energetika pudagynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
oňyn tejribesine daýanyp, taraplar nebitgaz hem-de elektrik energetikasy
pudaklarynda bilelikde işlemegiň mümkinçiligine seretmek maksady bilen,
2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda energetika pudagynyň edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmek barada ylalaşdylar.
Umuman, ähli
pudaklara innowasion we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly
eksportyň ösüşi ýola goýulýar. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň
önümçiligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi berýär.
Soňky ýyllarda Özbegistanda, Türkiýede, Russiýada, Belarusda we beýleki
döwletlerde açylan Türkmenistanyň söwda öýleri ýokary hilli senagat, oba
hojalyk önümleriniň daşarky bazarlara çykarylmagyna ýardam edýär.
Batly
depginler bilen ösýän hususyýetçilik pudagy hem ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň
berkemegine mynasyp goşant goşýar. Türkmen telekeçileriniň gazanýan
üstünlikleri mart aýynda geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň ýubileý forumynda aýdyň şöhlelendi. Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde
jemläp, telekeçiligi ösdürmek, bu ugurdaky başlangyçlary goldamak we döwrebap
işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar
hem-de innowasion ykdysadyýetiň kemala gelmegine, ykdysadyýetiň ösmegine goşant
goşýar.
Şu ýylyň
iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemi
boýunça getirilen maglumatlar hususy telekeçiligiň batly depginler bilen
ösýändigini tassyklaýar. Oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu
ýylyň alty aýynda 110,3 göterime, senagat önümçiliginiň ösüşi bolsa 109,6
göterime barabar boldy.
Işewür
toparlaryň agzalary döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermeginde
paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş jaý, kottej toplumlaryny,
awtoduralgalary, iri infrastruktura we senagat desgalaryny gurýarlar. Iri
döwlet buýurmalarynyň hatarynda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň,
Arkadag şäheriniň desgalarynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň
gurluşyklary bar. Ýurdumyzyň telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän
harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän, bäsdeşlige ukyply harytlaryň
önümçiligi bilen işjeň meşgullanýarlar.
Türkmen
telekeçileri önümçiligiň täze ugurlaryny yzygiderli özleşdirmek bilen,
ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we hyzmatlar ulgamynda sanly özgertmeleriň durmuşa
geçirilmegine goşant goşýarlar. Hususy IT kompaniýalar işewürligi ösdürmek,
sanly ulgam arkaly degişli maslahatlary geçirmek, sanly dolandyryş we
kiberhowpsuzlyk, «akylly» öý hem-de «akylly» şäher konsepsiýalaryny durmuşa
geçirmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýärler. Birnäçe kompaniýalar elektron
söwda we sanly hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýarlar. Şolaryň hatarynda
jemgyýetçilik iýmiti, lomaý we bölek satuw işi bilen meşgullanýan telekeçiler
bar. Olar saýtlaryny döredip, dürli platformalar arkaly onlaýn buýurmalary
kabul edýärler hem-de eltip bermek hyzmatyny ýola goýýarlar. Munuň özi sarp edijileriň
sanynyň köpelmegine we içerki sarp edişiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Şu ýylyň
birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim
köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky,
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji
ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklary, raýatlaryň
pensiýalary hem-de döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ýene 10
göterim ýokarlandyrylar.
Şu ýylyň
alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen
üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatynyň doly
peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi. Aprel aýynda geçirilen Türkmenistanyň
söwda toplumynyň sergisi ýurdumyzda harytlaryň öndürilişiniň möçberini
giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde gazanylan üstünlikleri görkezdi.
Onuň çäklerinde Türkmenistanyň söwda portalyny işe girizmek dabarasy boldy. Ol
biziň döwletimiziň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegine ýardam bermek,
hususan-da, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça teswirnamany ýerine
ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.
Ýewropa
Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde, şeýle hem Halkara söwda
merkeziniň we BMG-niň Söwda we Ösüş boýunça konferensiýasynyň tehniki taýdan
ýardam bermeginde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi tarapyndan döredilen onlaýn platforma ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin
strategik häsiýete eýe bolan harytlar toparynyň eksporty, importy we üstaşyr
iberilmegi baradaky maglumaty özünde jemleýär. Bu maglumatlar bäsdeşlige ukyply
ýagdaýyň kemala gelen, işewürligi guramagyň we hyzmatlary amala aşyrmagyň
döwrebap usullary üstünlikli ulanylýan içerki söwdanyň durnukly ösüşini görkezýär.
Şeýlelikde,
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň görkezijileri Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň
netijelidigini tassyklaýar. Watanymyzyň mundan beýläk-de depginli ösdürilmegi,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy bu
maksatnamalaryň baş wezipesidir.
Çeşme: