4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Kaşaň “Arkadag” myhmanhanasy ýokary derejeli duşuşygyň
geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek
hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.
Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda türkmen-täjik we
türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny, täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Ýurtlarymyzyň arasyndaky
ilkibaşdan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda
guralýan hyzmatdaşlyk depginli häsiýete eýedir. Türkmenistan, Täjigistan,
Özbegistan abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde, beýleki
köptaraplaýyn meýdançalarda ysnyşykly gatnaşyk edip, sebit we ählumumy derejede
oňyn tagallalaryň ilerledilmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Üçtaraplaýyn
duşuşyklar hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri
döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat sammiti taryhy waka bolmak bilen,
strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän, däp bolan döwletara
gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze möhüm tapgyry alamatlandyrýar.
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan netijeli
hyzmatdaşlyk, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikdäki geljegi uly
taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Şu nukdaýnazardan, bu
gezekki ýokary derejedäki duşuşyk häzirki döwrüň ýagdaýyndan we geljek üçin
meýilnamalardan ugur alyp, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny
anyklaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan bu meselelerde işjeň orny
eýeläp, netijeli döwletara we sebit gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça möhüm
başlangyçlary öňe sürýär.
Aşgabadyň Halkara howa menziline gelende, belent
mertebeli myhmanlary türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Bu ýerde
Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen duşuşyklary
geçirdi.
Belent
mertebeli myhmanlar howa menzilinden paýtagtymyzyň “Arkadag” myhmanhanasyna
tarap ugradylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary
ýurtly kärdeşlerini mähirli mübärekledi. Sammitiň öňüsyrasynda döwlet
Baştutanymyz doganlyk ýurtlaryň Liderleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanyň,
Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň
öňünde bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlyga hem-de umumy abadançylygyň
bähbidine tagallalary birleşdirmäge berk ygrarlydyklary tassyklanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlary ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden mübärekläp we sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelmek
baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň,
Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn görnüşdäki ilkinji
duşuşygynyň biziň hyzmatdaşlygymyzyň mazmunyna laýyk gelýän we onuň yzygiderli
häsiýetini alamatlandyrýan möhüm ähmiýetli, kanunalaýyk wakadygyny belledi.
Häzirki
wagtda biziň döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak, açyklyk
ýokary derejä çykaryldy. Munuň özi bize öňümizde uzak möhletli döwür üçin
batyrgaý we bilelikdäki anyk wezipeleri goýmaga, iri taslamalaryň başyny
başlamaga, üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny kesgitlemäge
mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz munuň diňe bir
üç ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi bermek bilen
çäklenmän, eýsem, sebit işlerine-de oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, ysnyşykly
bilelikdäki işler ileri tutulýan ugurlaryň ylalaşylmagy, ösüşiň
meýilnamalarynyň utgaşdyrylmagy halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine, milli
ykdysadyýetleriň mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýär. Taraplaryň öz
gatnaşyklaryny häzirki döwrüň ýörelgeleri esasynda gurap, umumy ösüş binýadyna
daýanýandygy, olaryň köpasyrlyk oňyn tejribäni ulanyp, häzirki geosyýasy we
ykdysady şertlerde taryhy dowamatlylygy üpjün edýändigi wajypdyr.
Aziýanyň we
Ýewropanyň arasyndaky ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistanyň, Täjigistanyň
we Özbegistanyň eýeleýän möhüm orny, biziň çäklerimizde netijeli logistika
düzüminiň döredilmegi bu babatda ähmiýetlidir. Halkara energetika
hyzmatdaşlygynda, yklymda energiýa serişdelerini ibermegiň täze ugurlaryny
döretmekde biziň döwletlerimiziň orny ýokarlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam etdi. Möhüm suw hojalygy, ekologiýa meseleleriniň üstünlikli
çözülmegi köp babatda biziň başlangyçlarymyza hem-de ylalaşykly hereketlerimize
baglydyr. Şu we beýleki wajyp meseleler häzirki üçtaraplaýyn gün tertibinde
durmak bilen, umumy sebit ösüşiniň wezipeleri we geljegi bilen gönüden-göni
baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, şu günki sammit Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde bäştaraplaýyn
gatnaşyklaryň möhüm bölegi, bu formatyň üstüniň ýetirilmegi we baýlaşdyrylmagy
bolup durýar.
Hormatly
Prezidentimiz häzirki çylşyrymly halkara şertleriň ýokary derejede jebisligi,
ylalaşyklylygy we özara goldawy talap edýändigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň
halklarynyň ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan umumy döredijilikli
ýörelgelerden, däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýandyklaryna ünsi
çekdi. Parahatçylyk, durnuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk uly baýlykdyr. Biz bu
baýlygy aýawly saklamalydyrys, artdyrmalydyrys we geljek nesillere
geçirmelidiris.
Döwlet
Baştutanymyz sammitiň gün tertibine ünsi çekip, birnäçe möhüm meseleleriň ara
alnyp maslahatlaşylmalydygyny belledi. Şol meseleleriň çözülmegi uzak möhletli
geljek üçin üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli bolmagyny üpjün etmäge,
artykmaçlyklary hem-de mümkinçilikleri doly derejede herekete getirmäge ýardam
berer.
Hormatly
Prezidentimiz durnukly suw üpjünçiligini sebitiň ýurtlary üçin derwaýys
meseleleriň hatarynda görkezip, suw serişdelerini rejeli dolandyrmagyň
gurallaryny kemala getirmek, bu ugurda netijeli çäreleri görmek meselesiniň
wajypdygyny nygtady. Gürrüň, hususan-da, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary
ornaşdyrmak, degişli suw hojalyk desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, beýleki degişli
çäreler hem-de biziň ýurtlarymyzyň suwa bolan isleglerini doly derejede we
özara bähbitleri nazara almak arkaly üpjün etmäge mümkinçilik berjek tehnologik
çözgütler barada barýar. Suw turbageçiriji infrastrukturasyny döretmegiň
mümkinçiliklerine garamak şeýle çözgütleriň biri bolup bilerdi.
Energetika
ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny döretmegiň
maksadalaýykdygy barada aýtdy. Ol üç ýurduň artýan energiýa isleglerini hem-de
milli energiýa ulgamlarynyň berkliginiň zerur bolan ätiýaçlygyny üpjün eder. Bu
strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn, anyk çemeleşme zerur bolup durýar.
Bu ulgamda eýýäm belli bir tejribe toplandy hem-de özara gatnaşyklaryň,
hususan-da, elektrik energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňat mysallary
bar. Umuman, Türkmenistan şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň durnukly
häsiýetli bolmagyny üpjün etmäge taýýardyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gaz pudagynda uzak möhletli üçtaraplaýyn
gatnaşyklary ýola goýmaga degişli teklibi beýan etdi.
Türkmenistanyň,
Täjigistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna hem möhüm orun
degişlidir. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Biziň ýurtlarymyz Aziýa we
Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr ulag gatnawlarynda geografik taýdan möhüm orny
eýeleýär. Munuň özi üç döwletiň çäginde Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini
birleşdirýän doly derejeli logistika merkezini döretmek üçin ägirt uly
mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmek üçin tagallalary
birleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem bu ugurda gatnaşyklaryň köp babatda
halkara hyzmatdaşlar bilen ylalaşygyň gazanylmagyny üpjün etmäge ukyplydygy
bellenildi.
Döwlet
Baştutanymyz dünýä giňişliginde ylalaşykly ulag diplomatiýasyny bilelikde has
maksada okgunly amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu diplomatiýa
ýöriteleşdirilen düzümler — BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa
— Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Halkara awtomobil
ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy bilen işleri
işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, söwdany giňeltmek we özara
haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasy, kiçi we orta
telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk, maýa goýum işini höweslendirmek ýaly
üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri çetde galmaly däldir.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda
serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň taslamasyny bu ugurlardaky geljegi uly
başlangyçlaryň hatarynda görkezdi. Iki hepde mundan ozal Daşoguz welaýatynda şu
zolakda ýerleşjek Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek we gurmak hakynda Karara
gol çekildi.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň şu ýylyň maý aýynda Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň
barşynda doganlyk ýurduň çäginde türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dokma
fabrigini döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine garamaga
taýýardygy tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular
barada aýtmak bilen, biziň ýurtlarymyzda bar bolan kuwwatyň ikitaraplaýyn
gatnaşyklar bilen çäklenmezlige, senagat önümçiligi, obasenagat toplumy,
gurluşyk, çig maly gaýtadan işlemek, köpçülikleýin sarp edilýän harytlary
çykarmak ýaly ulgamlarda iri üçtaraplaýyn taslamalara çykmagy meýilleşdirmäge
mümkinçilik berýändigine ynam bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, şu günki duşuşygyň köpugurly hyzmatdaşlygy
ösdürmekde tapgyrlaýyn waka boljakdygyna, biziň döwletlerimiziň we
halklarymyzyň arasyndaky doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat
goýmagy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň
biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge şahsy goşandyny aýratyn
belläp, Türkmenistanyň umumy bähbitlere laýyk gelýän üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy
ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi.
Täjik
Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistana gelmäge
çakylygy we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly
döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa hökmünde üçtaraplaýyn Aşgabat
sammitiniň ähmiýetini nygtady. Şunda Täjigistanyň Baştutany şu gün türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň netijeli häsiýetini belledi. Şol duşuşygyň
barşynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy
meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Nygtalyşy
ýaly, bu sammit biziň ýurtlarymyzyň köpugurly strategik hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge, doganlyk halklaryň bähbidine ony täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklaýar. Şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň
mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn giňeldilmeginiň Merkezi Aziýada parahatçylygy,
durnuklylygy üpjün etmäge ýardam berýändigi bellenildi.
Häzirki
döwürde deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak we olara hormat
goýmak, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, geljekki umumy
gün tertibini kemala getirmek ýörelgeleri esasynda gatnaşyklar yzygiderli we
toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzda
uzak möhletleýin geljek üçin netijeli bilelikdäki iş babatda giň mümkinçilikler
bar. Syýasy dialog yzygiderli ösdürilýär, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ulgamlardaky hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berildi. Bu ugurlarda uly
tejribe toplandy. Taraplar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň aýratyn
ähmiýetlidiginden ugur alyp, bu ulgamda yzygiderli hyzmatdaşlyk edýärler.
Täjigistanyň
Baştutany ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygyny aýtdy.
Munuň özi milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam berer.
Şeýle-de parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Halkara we sebit
guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Prezident
Emomali Rahmon Türkmenistanyň döwletara we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek
baradaky başlangyçlaryna ýokary baha berip, Täjigistan Respublikasynyň öňde
goýlan maksatlara ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny
tassyklady.
Mümkinçilikden
peýdalanyp, dostlukly ýurduň Lideri kärdeşlerini Täjigistana gelmäge we
Duşenbede geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Soňra
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi.
Özbek
Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi
üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sammitiň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegi we bilelikde üstünlikli işlemek üçin ajaýyp şertleriň
döredilendigini nygtady. Özbegistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly,
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri şu gün türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow bilen bolan duşuşykda hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp
maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz bu meselelere hemişe uly üns berýär.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli
goňşuçylygyň taryhy däplerine, uzak möhletli maksatlaryň we bähbitleriň
umumylygyna esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar.
Soňky ýyllarda gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça durnukly ösüş üpjün edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň ähmiýeti aýratyn
bellenildi. Bu duşuşyk strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň köpugurly
mümkinçiliklerini has doly açyp görkezmäge ýardam eder.
Biziň
ýurtlarymyz söwda-ykdysady, maýa goýumlar, energetika, ulag-kommunikasiýa
ulgamlarynda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin
uly mümkinçiliklere eýedir. Oba we suw hojalygy hem möhüm ugurlar bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, birnäçe teklipler, şol sanda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini dolandyrmak işini
sanlylaşdyrmak, bu meselelerde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň
kuwwatyndan peýdalanmak, hyzmatdaşlyk guramalarynyň we düzümleriniň ugry
boýunça gatnaşyklar babatda teklipler beýan edildi.
Yzygiderli
ösdürilýän medeni-ynsanperwer hem-de parlamentara gatnaşyklar döwletara
hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, biziň döwletlerimiz
sebit we halkara derejede ysnyşykly, özara goldamak ýörelgeleri esasynda
hyzmatdaşlyk edip, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün
etmek işine anyk goşant goşýar.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmek baradaky tekliplerini goldaýandygyny aýdyp, şu günki duşuşygyň
sebit gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Sammitiň
dowamynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary Filipp Saprykine söz berildi. Ol merkeziň
işi barada maglumat bilen çykyş etdi.
Bellenilişi
ýaly, soňky 30 ýylyň dowamynda sebitiň döwletleri ösüş babatda uly üstünlikleri
gazandylar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa köp ugurlarda sebit hyzmatdaşlygynyň
nusgasy bolup durýar. Merkezi Aziýanyň ýurtlary ählumumy wehimlere garşy
durmaga saldamly goşant goşýarlar. BMG-niň Baş Assambleýasy muňa jogap edip,
Parahatçylyk üçin täze gün tertibini öňe sürdi.
Merkezi
Aziýanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şertleri bilen baglylykda,
Aşgabat sammitiniň taraplaryň bu meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge
ygrarlydygyna şaýatlyk edýändigi bellenildi. Suwdan rejeli peýdalanmak,
ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar möhüm meseleleriň hatarynda
görkezildi. Merkezi Aziýanyň ýurtlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça
bilelikdäki uly işi alyp bardylar we ýokarda agzalan hem-de beýleki ugurlarda
sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça zerur bolan çäreleri durmuşa
geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi. Şolaryň
netijeleri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkeziniň işi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.
Häzirki wagtda
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebit
döwletleriniň arasynda suw-energetika, ekologiýa we howa ulgamlarynda
hyzmatdaşlyga goldaw bermegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň
çäklerinde toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar. Merkez öz işiniň çäklerinde
hyzmatdaş guramalar we düzümler: Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi
Aziýanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň ylmy-maglumat
merkezi, ÝUNESKO we beýlekiler bilen iş gatnaşyklaryny ösdürýär.
Şunda
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlyga berýän möhüm
ähmiýeti nygtaldy. Çykyşyň ahyrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de
işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara jemleýji söz
bilen ýüzlenip, şu gün netijeli pikir alyşmalaryň bolandygyny, özara
gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň täze wehimlerine garşy çäreleri
görmäge gönükdirilen ençeme anyk teklipleriň beýan edilendigini nygtady.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu gezekki duşuşyk biziň döwletlerimiziň
parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde ynanyşmak,
özara düşünişmek ýagdaýyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge
çalyşýandyklaryny we syýasy erk-islegini ýene-de bir gezek tassyklady.
Hormatly
Prezidentimiz Aşgabat sammitiniň dostlukly ýurtlaryň üçüsiniň arasyndaky
gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirip, hemmelere
netijeli iş üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Ýokary
derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Täjigistan
Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň
Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Sammit
tamamlanandan soňra, üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary
tarapyndan onuň netijeleri beýan edildi. Olar köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Daşary işler
ministrliginde geçirilen metbugat maslahatyna Türkmenistanda işleýän diplomatik
wekilhanalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
gatnaşdylar.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, ilki bilen,
beren goldawlary hem-de şu günki ýokary derejedäki duşuşygy geçirmäge taýýarlyk
görmek boýunça bilelikde alnyp barlan işler üçin öz kärdeşlerine hoşallyk
bildirdi. Öz gezeginde, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň daşary syýasat
edaralarynyň ýolbaşçylary bildirilen myhmansöýerlik we üç doganlyk döwletiň
Baştutanlarynyň sammitiniň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan etdiler.
Çykyş
edenler sammitiň jemleri barada aýtmak bilen, duşuşygyň gün tertibine üç ýurduň
arasyndaky dostlugy we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga degişli
meseleleriň giň toplumynyň girizilendigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda,
şu gezekki ýokary derejedäki gepleşiklere syýasy hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa
döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly formatynyň möhüm we
netijeli bölegi hökmünde garalýandygy nygtaldy.
Mälim bolşy
ýaly, şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet
Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý sammiti geçiriler. Bu çärä häzirden taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň umumy
pikirine görä, ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri Duşenbe
sammitiniň üstünlikli geçirilmegine möhüm goşant bolar.
Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bilen bolan duşuşyklary, şeýle hem
döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň täjik hem-de özbek Liderleri bilen
geçiren ikitaraplaýyn gepleşikleri barada habar berildi.
Metbugat maslahatynyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň
okgunly ösdürilýändigini alamatlandyrýan şu günki sammitiň geçirilmeginiň onuň
gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigi bilen şertlendirilendigi
bellenildi. Ileri tutulýan ugurlaryň üçüsine, birinjiden, Amyderýanyň suw
serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, ikinjiden, energetika ulgamynda
hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, bu pudakda hyzmatdaşlyk üçin täze
mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna, üçünjiden, ulag we logistika
ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, üstaşyr ulag ugurlarynyň
giňeldilmegine aýratyn üns çekildi.
Çykyş edenler üç döwletiň Prezidentleriniň duşuşygynyň
jemleýji böleginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça
sebit merkeziniň resmi wekiliniň çykyş edendigine ýygnananlaryň ünsüni
çekdiler. Ol sebitiň ýurtlarynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bilen, şol
sanda sammitiň gün tertibine girizilen meseleler boýunça işjeň hyzmatdaşlyk
edýändiklerini belledi.
Habar berlişi ýaly, ýokary derejede geçirilen duşuşygyň
netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan
Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Bellenilişi ýaly, Aşgabat sammiti dostlukly ýurtlaryň strategik taýdan möhüm
ugurlarda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini
görkezdi.
Sammitiň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Täjigistan
Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Aşgabatdan
ugradylar.
Şeýlelikde, paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen
üçtaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň maksatlaryna
laýyk gelýän özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek
meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Aşgabat sammiti taraplaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary ösdürmäge hil
taýdan täze itergi bermäge we geljekde-de ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, munuň üçin ägirt uly kuwwatdan has netijeli
peýdalanmaga taýýardyklaryny tassyklady.