Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi

29 Ýanwar, 2020 ý. 


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça geçen ýylyň güýzünde Halk Maslahatynda kabul edilen çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynyň yglan edilendigini, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça başlangyjyň öňe sürlendigini belledi.

Bu başlangyjyň baş maksady jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmekden hem-de şundan ugur alyp, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri göz öňünde tutup, biz Konstitusion topary döretdik hem-de degişli resminama arkaly onuň düzümini tassykladyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Geçen döwrüň içinde toparyň iki mejlisi — birinjisi geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda, ikinjisi hem 4-nji dekabrynda geçirildi.

Toparyň birinji mejlisinde iş meýilnamasy tassyklanyldy hem-de onuň agzalarynyň öňünde durýan wezipeler, şeýle hem bu düzümiň guramaçylyk meseleleri kesgitlenildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Onuň mejlislerinde toparyň iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlar hem diňlenildi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça anyk işleriň ýerine ýetirilendigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň taslamanyň üstünde işlenen döwürde Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolandygyny aýdyp, ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalaryndan hem-de jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle-de ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleri we pikirleri jemlemek hem deslapdan seljermek boýunça netijeli işleri alyp barandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, bu işler ýurdumyzyň degişli ministrliklerinden, pudak we ylmy edaralaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden hem-de raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak arkaly geçirildi. Netijede, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, geçirilen işleri nazara almak bilen, şu gün ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek bilen bagly esasy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, toparyň şu günki mejlisinde ýokarda agzalan Konstitusion Kanunyň deslapky taslamasyna seretmegiň teklip edilýändigini aýtdy. Bu taslama öňde goýlan wezipeleriň esasynda we gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak bilen taýýarlanyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz degişli hasabatlary bermek üçin Konstitusion toparyň agzalaryna söz berdi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygynyň orunbasary, Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň başlygy K.Babaýew milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda adam hukugyny hem-de azatlyklaryny goramagyň, abadançylygy we rowaçlygy, ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmegiň baş maksat bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň täze eýýamynda wajyp syýasy, halkara, durmuş-ykdysady meseleler çözülende täzeçe çemeleşmeler öňe sürülýär, ýokary döwlet häkimiýetini amala aşyrýan edaralaryň işini kämilleşdirmek, Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ornuny kesgitlemekde has aýgytly çäreleriň görülmegi döwrüň möhüm talaplary hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň taryhy başlangyçlary bilen yglan edilen konstitusion özgertmeler hem kuwwatly döwlet gurmak ýolunda mähriban halkymyza doly derejede gulluk etmek ukyby bolan döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde döredilen iş toparyna döwlet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşýan teklipler doly seljerilip, umumylaşdyrylyp, toparyň ýygnaklarynda ara alyp maslahatlaşylandan soň, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Şeýle hem Esasy Kanuny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde milli Liderimiziň eden çuň manyly çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek hem-de düşündirmek, şonuň ýaly hem gelip gowuşýan teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça meýilnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilendigi habar berildi.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, obadyr şäherlerde jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ylmy edaralaryň we okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda köp sanly maslahatlar, duşuşyklar hem-de beýleki çäreler geçirildi. Şol çärelere ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň ýedi ýüz müňden gowragy gatnaşdy, onda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleri hem giňden peýdalanyldy.

Çykyşda bellenilişi ýaly, gelip gowuşýan teklipleri seljermek hem-de umumylaşdyrmak bilen iki palatadan ybarat bolan Milli Parlamentimizi kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara hökmünde kesgitlemek we iki palatanyň hem hukuk ýagdaýyny, ygtyýarlyklaryny Esasy Kanunymyzda degişli tertipde beýan etmek boýunça işler ýerine ýetirildi.

Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygynyň orunbasary, Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň başlygy täze dörediljek palatanyň agzalaryny saýlamak bilen bagly kadalary öz içine alýan goşmaçalary girizmek boýunça işleriň geçirilendigini habar berdi. Şunda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň wekilçiliginiň deň üpjün edilmegi maksadyndan hem-de daşary ýurtlarda giňden ulanylýan oňyn tejribelerden ugur alyndy.

Şeýle hem Milli Parlamentiň iki palatasynyň hem agzasyna bildirilýän esasy talaplar, onuň özbaşdak işleýän palatalarynyň maslahatlaryny geçirmegiň tertibi, görnüşleri we beýleki düzgünleri boýunça gelip gowuşýan teklipler öwrenildi. Şunuň bilen birlikde, Parlament tarapyndan kanunlaryň kabul edilmeginiň, makullanylmagynyň we tassyklanylmagynyň tertibi bilen bagly kadalar beýan edildi. Şeýle-de Konstitusion Kanunyň taslamasy işlenende, toplanan milli tejribä daýanylandygy we daşary ýurtlaryň bu ugur boýunça degişli tejribesiniň öwrenilendigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy başlangyçlary bilen Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatly ýokary derejede iş alyp barmak ukyby bolan döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň täze ulgamynyň kemala gelmegi üçin kanunçylyk-hukuk esaslary hem-de Diýarymyzyň raýatlarynyň saýlanmaga we saýlamaga bolan konstitusion hukuklaryndan erkin peýdalanyp, ýurduň wekilçilikli edaralarynyň üsti bilen, döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga giňden gatnaşmaklary üçin täze konstitusion hukuk şertleri üpjün ediler.

K.Babaýew hasabatynyň ahyrynda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky başlangyçlary boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen 2008-nji we 2016-njy ýyllarda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna gabat getirmäge mümkinçilik berendigini aýratyn belledi.

Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda öňe süren başlangyjynyň Diýarymyzyň döwlet gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, raýatlarymyzyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edaralarynyň işine giňden gatnaşmagyna, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.

Şu maksat bilen, Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri jemlemek we umumylaşdyrmak boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän konstitusion özgertmeleriň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk hem kämilleşdirmäge ýardam berýändigi bellenildi. Munuň özi Watanymyzyň dünýäniň demokratik taýdan ösen döwletleriniň hatarynda öz eýeleýän mynasyp ornunyň berkidilmegine, ykdysady ösüşiniň has-da ýokary depginleriniň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder.

Sebitde Esasy Kanuny kämilleşdirmek meseleleri boýunça geçirilýän çärelere raýatlarymyz işjeň gatnaşýar. Welaýatymyzyň şäherlerinde, etraplarynda, obalarynda, edara-kärhanalarynda zähmet çekýän dürli ýaşdaky raýatlaryň gatnaşmagynda häkimlikleriň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň guramagynda konstitusion özgertmeleriň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek hem-de düşündirmek maksady bilen ýygnaklar we duşuşyklar geçirildi.

Şolara köp sanly adamlar gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri geçirmek, iki palataly kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany döretmek baradaky başlangyçlary doly goldaw tapdy. Lebap welaýatynyň häkimi hasabatynyň ahyrynda bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigine ynandyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe söz berildi. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň jöwher paýhasynyň miwesidigini, bu möhüm işiň Türkmenistanyň hukuk döwleti hökmünde halkara ýörelgelerine hem-de milli gymmatlyklarymyza esaslanýan döwlet we hukuk ulgamyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Hasabatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlarynda Esasy Kanunymyzy, halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň ylmy-amaly taýdan esaslandyrylan ugurlarynyň aýdyň beýan edilendigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory konseptual ugurlar boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamaga hem-de umumylaşdyrmaga ukyp-başarnyklaryny gönükdirjekdiklerine ynandyrdy.

Milli Liderimiziň kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek baradaky başlangyçlarynyň örän döwrebapdygyna we demokratik ýörelgelere ýugrulandygyna dünýä döwletleriniň parlamentleriniň işiniň guralyşynyň deňeşdirme-hukuk nukdaýnazaryndan seljerilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan, dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlardan gelip gowuşýan teklipleriň umumylaşdyrylmagy, deputatlar bilen bilelikde ilatyň arasynda geçirilýän pikir alyşmalar, söhbetdeşlikler netijesinde aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Şeýle hem çykyşda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli oňyn özgertmeleriň, Esasy Kanunymyzyň kanun çykaryjy häkimiýeti barada kadalarynyň kämilleşdirilmegi ugrundaky başlangyçlarynyň demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmaga we durmuş ugurly syýasy maksatnamalary amala aşyrmaga gönükdirilendigi nygtaldy.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Halk Maslahatynyň hukuk derejesini kämilleşdirmek arkaly türkmen parlamentini iki palataly ulgama geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Munuň özi türkmen jemgyýetinde yzygiderli alnyp barylýan demokratik işler we häzirki döwrüň ýagdaýlary, kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerlerde saýlawçylaryň deputatlar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýmak, kanunlaryň hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek nukdaýnazaryndan maksadalaýykdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňe süren teklipleri ählihalk goldawyna mynasyp boldy. Teklip edilýän kadalaryň döwrebapdygyny geçirilýän ylmy seljermeler hem doly tassyklaýar. Şonuň bilen birlikde, göz öňünde tutulýan özgertmeler döwlet häkimiýetiniň halk bilen mizemez jebisligini alamatlandyryp, hukuk döwletiniň häzirki zaman we toplanan tejribesine doly gabat gelýär.

Çykyş edýän durmuş-ykdysady ösüşiň hukuk binýadyny kemala getirmekde Konstitusiýany we kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň jemgyýetiň, şahsyýetiň hem-de döwletiň özara sazlaşygyna, ösüşe we kämillige gönükdirilen ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz etmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdy.

Mejlis Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýewiň çykyşy bilen dowam etdi. Ol milli Liderimiziň ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyny täze, iki palataly ulgama geçirmek hakyndaky başlangyjynyň wajypdygyny hem-de ähmiýetlidigini belledi. Bu başlangyç türkmen jemgyýeti tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy we goldawa eýe boldy.

Konstitusiýany kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, kazyýet edaralarynda iş topary döredildi. Kazylardan gelip gowuşýan teklipler jikme-jik seljerilýär. Şeýle hem iki palataly kanun çykaryjy ulgamyň işi babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi öwrenildi.

Hödürlenilýän taslamada Türkmenistanyň hereket edýän Konstitusiýasynyň 3-nji babynyň kadalarynyň kämilleşdirilip, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň iki palatadan ybarat bolup, olar baradaky kadalaryň häzirki zaman dünýä tejribesi bilen bir hatarda, ata-babalarymyzyň döwlet gurmak we ýurt dolandyrmak babatda toplan baý taryhy tejribesinden ugur alnyp döredijilikli beýan edilendigi bellenilýär.

Halk Maslahatynyň agzalygyna hem-de Mejlisiň deputatlygyna bildirilýän talaplar halkara hukugyň esas goýujy umumy ykrar edilen kadalaryna doly kybap getirildi.

Taslama döwrebap düzgünler girizildi. Palatalaryň döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin aýratynlykda we bilelikde maslahatyny geçirmek mümkinçiliginiň taslamada göz öňünde tutulandygyny hem-de onuň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgä daýanýan özboluşly demokratik kadalara esaslanýandygyny bellemeli.

Şunuň bilen baglylykda, Ýokary kazyýetiň başlygy «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň taslamasynyň doly goldanylýandygyny, onda türkmen halkynyň gadymy däpleriniň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Konstitusion özgertmeler baradaky başlangyjy Garaşsyz, Bitarap, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde Kanunyň rüstemliginiň berkidilmegi we ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy üçin ygtybarly esas bolup durýar.

Ýokary kazyýetiň başlygy milli Liderimiziň berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we kanunçylyk-hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de berkidilmegine, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň amala aşyrylmagy ugrunda güýç-gaýratlaryny, bilimlerini we tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda hem-de Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmakda gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryny amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny pugtalandyrmak, döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary eziz Diýarymyzyň täze taryhynda aýratyn ähmiýetli uly syýasy-jemgyýetçilik waka bolup durýar.

Bu möhüm syýasy ähmiýetli iş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Mejlisine öran köp sanly teklipler gelip gowuşdy. Bu bolsa milli Liderimiziň halkyň bähbidine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalarynyň giň goldawa eýe bolýandygyny, ilatyň hukuk medeniýetiniň we düşünjeliliginiň ýokarlanýandygyny, döwlet ähmiýetli her bir işe raýatlaryň dahylly bolmak isleýändiklerini alamatlandyrýar.

Adamlar Watanymyzyň ykbaly, geljegi üçin jogapkärçilik duýgularynyň barha artýandygyna, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly ulgama geçilmeginiň agzybirligiň, jebisligiň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine çuňňur düşünýändiklerini hem-de öz milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň töweregine mäkäm jebisleşendigini äşgär edýär diýip, parlamentiň ýolbaşçysy belledi.

Soňra G.Mämmedowanyň belleýşi ýaly, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň taslamasynda beýan edilen kadalar Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Iş toparynyň maslahatlarynda giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Taslama taýýarlanylanda, halkara hukugyň kadalary, oňyn halkara tejribe, milli kanunçylyk aýratynlyklarymyz, gelip gowşan teklipler, bellikler, maslahatlar nazara alyndy.

Hususan-da, Esasy Kanunyň hereket edýän 3-nji bölüminiň 3-nji babyny kämilleşdirmäge möhüm üns berildi. Kanunyň taslamasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalarynyň jemi 25-sine üýtgetmeler girizmek, 1 maddasyny aýyrmak hem-de 3 sany täze maddany goşmak teklip edilýär.

Şunda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyny iki palataly ulgama geçirmegiň konstitusion hukuk esaslary, has takygy, palatalaryň borçlary we ygtyýarlyklary anyk kesgitlenildi, olaryň adalatlylyk, açyklyk, aýanlyk ýörelgeleri esasynda, bilelikde işlemegini göz öňünde tutýan kadalar girizildi. Umuman, ýurdumyzyň ilatynyň bähbitlerini üpjün etmäge, kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga amatly şertleri döreder hem-de kabul edilýän kanunlaryň hiline bildirilýän talaplar ýokarlanar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek arkaly iki palataly kanun çykaryjy ulgama geçilmegi ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, raýat jemgyýetini berkitmek, onuň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Mejlisiň Başlygy deputatlaryň Türkmenistanyň Esasy Kanunyny döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Aýdylanlary diňläp we Mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, milli Liderimiz şu günki mejlisiň esasy maksadynyň «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyň taslamasyny deslapdan ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi.

Bu taslama ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň gurluşyny üýtgetmek, ygtyýarlyklaryny giňeltmek we alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça çäreleriň çäklerinde işlenip taýýarlandy. Munuň özi bolsa Konstitusiýamyzyň has-da netijeli bolmagyna getirer, jemgyýetimizi we döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň maksatlaryna üstünlikli ýetmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Garaşsyz ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak we ygtyýarlyklaryny giňeltmek, durmuşymyzyň ähli taraplaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak biziň esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şoňa görä-de, biziň öňe süren başlangyçlarymyzyň anyk kanunçylyk namasynyň, ýagny Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasynda öz aýdyň beýanyny tapandygyny bellemek guwandyryjydyr. Ol döwletimiziň konstitusion gurluşyny berkitmäge we has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu Kanun ara alnyp maslahatlaşylandan soň, ony Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Bu Kanunyň kabul edilmeginiň ata Watanymyz hem-de mähriban halkymyz üçin taryhy waka öwrüljekdigini ynam bilen aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ol Garaşsyz döwletimiziň Konstitusion gurluşynda täze we örän möhüm tapgyra öwrüler. Döwleti dolandyrmakda demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny aňladar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen gysga döwrüň dowamynda Konstitusion toparyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň ýurdumyzyň raýatlary bilen bilelikde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri hasaba almakda zerur işleri geçirendiklerini kanagatlanma bilen belledi.

Milli parlamentde, beýleki döwlet häkimiýet edaralarynda, syýasy we jemgyýetçilik birleşiklerinde döredilen iş toparlaryna dürli edaralardan we kärhanalardan, guramalardan hem-de raýatlardan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada köp sanly teklipler gelip gowuşdy. Şeýle hem ýygnaklarda biziň başlangyjymyzy goldap çykyşlar edildi.

Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasyny hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçirmek hakyndaky başlangyjymyzy doly goldaýandygyna şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Gelip gowuşýan teklipler iş toparynda seljerilýär. Toparyň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, alymlar, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, şeýle hem tejribeli hünärmenler girýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň kanunçylyk namalarynda beýan edilmegi üçin anyk şertleri we mümkinçilikleri döredýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu ugurda toplanan oňyn halkara tejribäni öwrenmek we Esasy Kanuna giriziljek düzgünleri kanunçylyk namalary görnüşinde anyklaşdyrmak halkymyzyň asyrlardan-asyrlara geçip gelýän demokratik kadalaryna doly laýyk gelýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Esasy Kanunymyza girizilmegi göz öňünde tutulýan anyk düzgünler barada durup geçdi.

Şeýlelikde, gelip gowuşýan köp sanly tekliplere laýyklykda, wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýet bolup durýan iki palataly edaranyň bitewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek hakyndaky başlangyjymyz gyzgyn goldaw tapdy. Şoňa görä-de, siziň garamagyňyza hödürlenen resminamada Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan 61 belgili maddany aýyrmak teklip edilýär.

Konstitusion topara gelip gowuşýan teklipler bilen baglylykda we iki palataly parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, döwlet Baştutanymyz Milli Parlamenti Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa Halk Maslahaty diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda Halk Maslahatynyň düzümi kesgitlenende ilatymyzdan gelip gowşan teklipleriň ylmy esasda geçirilen seljermesinden we halkara tejribeden ugur alynsa, dogry boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sany 56 adamdan ybarat bolmaly diýlip kesgitlense, maksadalaýyk bolar diýip aýtdy.

Şonuň ýaly-da, Esasy Kanunymyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden deň derejede, ýagny 8 adam Halk Maslahatynyň düzümine gizlin ses bermek arkaly welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň degişli mejlislerinde saýlanýandygyny görkezmeli.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz baý durmuş tejribesi bolan hem-de döwlet we jemgyýetçilik işleriniň dürli ugurlarynda aýratyn hyzmatlary bitiren, uly abraýly raýatlaryň arasyndan bu düzüme 8 agzanyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenýändigi görkezilse, dogry boljakdygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmegiň şeýle tertibi welaýat hem-de Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmekde we abraýyny ýokarlandyrmakda, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmäge hukugy bolan täsirli, ýerli wekilçilikli edaralar hökmünde türkmen jemgyýetinde olaryň ornuny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalarynyň belli bir böleginiň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenmegi halkymyzyň adalatlylyk, deňlik, ynsanperwerlik ýaly, demokratik kadalaryny jemgyýeti we döwleti ösdürmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyny, ata-babalarymyzyň jemgyýeti dolandyrmakda toplan oňyn ýörelgesinden ugur alnyp, baý durmuş we zähmet tejribesi bolan adamlary saýlamak we bellemek üçin, Halk Maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty 5 ýyl möhlete saýlanyp we bellenip bilner diýlip Konstitusiýanyň taslamasynda görkezilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Mejlis barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzda onuň kanun çykaryjylyk işini anyk guramakda toplanan oňyn tejribe esasynda deputatlaryň sany we ygtyýarlyk möhletleri baradaky konstitusion kadalar ozalkysy ýaly galdyrylsa, dogry bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki döwürde wekilçilikli edaralaryň Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly ygtyýarlyk möhleti 5 ýyldan ybaratdyr.

Bu bolsa deputatlaryň saýlawlaryny geçirmegiň ykrar edilen oňyn tejribesine we saýlawlar baradaky kanunçylyga hem laýyk geler. Şunuň bilen birlikde, Esasy Kanuna şol bir adamyň şol bir wagtda Milli parlamentiň iki palatasyna hem saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýändigi baradaky kadany girizmek teklip edilýär. Bu kada ýurdumyzda demokratik başlangyçlary hem-de durmuş taýdan adalatlylygy üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.

Konstitusion toparyň agzalaryna ýüzlenip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna palatalaryň mejlisleriniň aýratynlykda geçirilýändigi baradaky kada girizilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtdaky ýagdaý hakynda, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada türkmen halkyna hem-de Parlamente her ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş edende, şonuň ýaly-da, daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary Parlamentde çykyş edenlerinde şu kadadan çykmaga ýol berilýändigini aýtdy. Şeýle ýagdaýlarda bilelikdäki (umumy) mejlisleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Dünýäniň köp ýurtlarynyň tejribesine görä, ýurduň Prezidentiniň haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, kada bolşy ýaly, onuň ygtyýarlyklary Parlamentiň wekilçilikli palatasynyň Başlygyna geçýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oňyn halkara tejribeden ugur alyp, ýurduň Prezidentiniň haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, Prezident saýlanýança, onuň ygtyýarlyklarynyň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçýändigini Esasy Kanunymyzda beýan etsek, dogry boljakdygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Baş prokuroryny, içeri işler we adalat ministrlerini Halk Maslahatynyň razylygyny almak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä belleýändigi hem-de wezipeden boşadýandygy görkezilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oňyn halkara tejribä we ýurdumyzda toplanan kanun çykaryjylyk tejribesine laýyklykda, Esasy Kanunyň taslamasynda Halk Maslahatynyň şu ygtyýarlyklaryny, ýagny:

— Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, konstitusion kanunlary we beýleki kanunlary makullamak ýa-da ret etmek;

— Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunyna garamak;

— ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakyndaky meseleleri çözmek;

— Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Baş prokuroryny, içeri işler ministrini, adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere garamak;

— Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, oňa harby atlary we beýleki döwlet atlaryny dakmak;

— Türkmenistanyň Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözmek;

— parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak;

— Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek ygtyýarlyklaryny beýan etmek teklip edilýär.

Mejlisiň ygtyýarlyklary barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň sanawyna şu aşakdakylary girizmegiň zerurdygyny belledi:

— Konstitusiýanyň, konstitusion kanunlaryň we beýleki kanunlaryň taslamalaryna garamak we kabul etmek, kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrmak;

— Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak baradaky meselä garamak;

— Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak baradaky meselelere garamak;

— döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak;

— Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek;

— Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak;

— döwlet sylaglaryny döretmek;

— halkara şertnamalaryny tassyklamak we ýatyrmak;

— Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözmek;

— döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitlemek;

— Konstitusiýa we kanunlar bilen Mejlisiň ygtyýarlygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek ygtyýarlyklaryny degişli etmek zerur hasap edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kanunlary kabul etmegiň tertibini anyk kesgitlemek barada Konstitusion toparyň öňünde duran meseleleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny hem belledi.

Gelip gowuşýan tekliplere laýyklykda hem-de halkara tejribäni hasaba almak bilen, biziň Esasy Kanunymyzda kanun çykaryjylyk başlangyjy üçin hukugyň Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Ministrler Kabinetine hem-de Ýokary kazyýete degişlidigi beýan edilse, dogry bolar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunlaryň Halk Maslahatynyň garamagyna makullamak üçin iberilmelidigi barada hem düzgün girizilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Sebäbi Halk Maslahatynyň ähmiýeti, Mejlisiň kabul eden kanunlaryna onuň umumy döwlet bähbitlerini ähli zatdan ýokarda goýmak nukdaýnazaryndan garaýanlygy bilen ýokarlanýar.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsiniň sesleri bilen goldanan ýagdaýynda, bu kanun gol çekmek üçin Türkmenistanyň Prezidentine iberilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Esasy Kanunymyza Halk Maslahaty tarapyndan makullanmadyk kanunyň Mejlisde gaýtadan seredilmegi, şeýle hem onuň ozalky görnüşinde deputatlaryň umumy sanyndan sesleriň üçden iki böleginden az bolmadyk köplügi bilen kabul edilen ýagdaýynda, şu kanunçylyk namasynyň kabul edildi diýlip hasap edilmeginiň dogry boljakdygyny belledi.

Biz döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitlerine biri-biriniň işini sazlamaga gönükdirilen iki palatanyň utgaşykly işlemegi nukdaýnazaryndan hem şeýle düzgüni maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Geçirilýän bu işlere mähriban halkymyzyň ýakyndan gatnaşýandygyny we goldaýandygyny ýene-de bir gezek belläp, milli Liderimiz jemgyýetçilik pikirini doly we hemmetaraplaýyn hasaba almak maksady bilen, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanuny ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde fewral aýynyň dowamynda dolulygyna çap etmegi teklip etdi.

Hil taýdan täze iki palataly Parlament gurluşyna geçilmegi bilen baglylykda, Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu bolsa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda aýratyn many-mazmuna eýe bolar.

Konstitusiýanyň täze taslamasynyň kabul edilmegi sebäpli, bar bolan kanunlary geljekde seljermegiň we olara degişli üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu işleri Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Iş toparynyň kesgitlenen tertipde alyp barmalydygyny nygtady.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamynyň özgerdilmegine ähli türkmen jemgyýeti uly gyzyklanma bildirýär we oňa işjeň gatnaşýar. Şoňa görä-de, biz halkymyzyň başlangyçlarynyň hiç biriniň hem ünsden düşürilmeli däldigini, adamlaryň bolsa hemişe öz pikirleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny duýup ýaşamagyny gazanmalydyrys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Mejlisiň deputatlarynyň, alymlaryň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda, zerur bolan ýagdaýlarda bu meseleleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen, wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini dowam etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýurdumyzyň parlamentiniň özgerdilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge we kanunlary taýýarlamagyň hem-de ulanmagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Täze kanun çykaryjy edara döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda hem-de ýurdumyzda durmuş adalatlylygynyň kadalaryny doly ykrar etmekde uly ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şu gün ara alnyp maslahatlaşylan taslamada ministrliklerde, pudak we ylmy edaralarda, jemgyýetçilik birleşiklerinde döredilen iş toparlaryndan, şeýle hem raýatlardan gelip gowşan ähli teklipler hasaba alyndy. Bu barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ähli halkymyz ara alyp maslahatlaşar ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dolulygyna çap etmegi tabşyrdy.

Taslama çap edilenden soň gelip gowuşjak teklipleri ýene-de bir gezek düýpli öwrenmeli we ýokarda agzalan Kanunyň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak işini dowam etmeli. Ol Halk Maslahatynyň geljekki mejlisiniň garamagyna hödürlener.

Bu barada aýtmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlise Konstitusion Kanunyň taslamasy ähli halkymyz tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylandan soň, onuň gutarnykly görnüşini Konstitusion toparyň iýul aýynda geçiriljek mejlisiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Konstitusion kanunçylygyň milli we dünýä tejribesini öwrenmek boýunça netijeli işi dowam etmek we hödürlenýän taslamany ara alyp maslahatlaşmaga halk köpçüliginiň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek häzirki döwürde biziň öňümizde duran esasy wezipedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem deputatlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, dürli ministrlikleriň, pudak we ylmy edaralaryň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerlerde halk köpçüligi bilen duşuşyklary dowam etmeli.

Umuman, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işi dolulygyna halkymyza ýetirmeli diýip, milli Liderimiz belledi we Konstitusion toparyň agzalarynyň we Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Iş toparynyň geljekde hem sazlaşykly işlejekdigine hem-de bu kanunyň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

tdh.gov.tm