Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy (OECD) ýörite görkezijileri girizmek arkaly Türkmenistana söwdany ýeňilleşdirmekde goldaw berýär. Bu barada OECD-iň Global gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk müdirliginiň Ýewraziýa bölüminiň Merkezi Aziýa taslamalarynyň başlygy Gregoriý Lekomteniň sözlerine salgylanyp, «Tend» habar berýär.
Bu işler Merkezi Aziýada söwdany ýeňilleşdirmek taslamasynyň çäginde amala aşyrylýar. Görkezijiler bu ugurda gazanylan üstünliklere baha bermäge mümkinçilik berýär diýip, çeşme ýazýar.
«Şu ýylyň iýun aýynda OECD iş toparynyň Türkmenistan hökümeti bilen onlaýn maslahatyny geçirer we mümkin bolan reformalaryň netijelerini we ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar» diýip, Lekomte belleýär.
Şeýle hem ol Häzirki wagtda OECD-niň söwda we ulag aragatnaşygynyň ösüşini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti we hususy pudagyň wekilleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.
«Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen OECD-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimi giňedi» diýip, Lekomte sözüniň üstüni ýetirdi.