Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti anna güni Almatyda geçirilen «Ýewropa Bileleşigi —Merkezi Aziýa» II ykdysady forumynyň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ýokary derejeli umumy mejlisiniň işine gatnaşdy. 

Mejlisde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýaşyl we sanly geçiş hem-de iş gurşawyny gowulandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hataryndan orun aldy.

Oňa gatnaşanlar  Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri bilen bilelikde işlenip düzülen ÝB-niň başlangyçlaryny we strategiýalaryny göz öňünde tutmak bilen, söwda ösüş mümkinçiliklerine garadylar. Duşuşykdan soň bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Türkmen wekiliýeti forumynyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowski, Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň Global gatnaşyklar boýunça wise-kansleri Mýart Wollmer we Bütindünýä söwda merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Pamela Kouk-Hemilton bilen aýratyn duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ulag infrastrukturasy, ýaşyl energiýa, oba hojalygy we nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan möhüm pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerine seredip geçildi.