Türkmenistan 2023-nji ýylda umumy möçberi 15,6 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan önüm eksport eder diýip, Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) maý aýynyň başynda çap eden Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa üçin sebitleýin ykdysady çaklamasynda aýdylýar. Şeýle hem HPG 2023-nji ýylda Türkmenistanyň importynyň 9 milliard ABŞ dollaryna barabar boljakdygyny çaklaýar.

Mundan başga-da, HPG 2024-nji ýylda Türkmenistanyň eksportynyň 15,1 milliard ABŞ dollaryna, importynyň bolsa 9,9 milliard ABŞ dollaryna deň bolar diýip hasaplaýar.

HPG-nyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa üçin sebitleýin ykdysady çaklamasyna görä, geçen ýyl Türkmenistanyň eksporty 15,6 milliard ABŞ dollaryna, importy bolsa 8,5 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

HPG-nyň hasabatynda Merkezi Aziýa bilen Kawkazyň bilelikdäki jemi içerki önümiň 2022-nji ýylyň 4,8 göterimi bilen deňeşdirilende 2023-nji ýylda 4,2 göterime çenli peseljekdigini we onuň 2024-nji ýylda 4,5 göterime çenli ýokarlanjakdygy çaklanylýar.