Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

19 Noýabr, 2020 ý. 


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.

Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine seredildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol maliýe hasabatlylygy boýunça kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda edara-kärhanalaryň, döwlete dahylsyz taraplaryň pudagara gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek, kadalaşdyrmak we sagdynlaşdyrmak, olaryň tölege ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, algy-bergileriň hasaplaşygyny geçirmegiň tertibine üýtgetmeleri girizmek arkaly býujete tölemeli salgytlar we ýygymlar bilen birlikde, jerimeler, puşmana tölegleri babatda hem özara hasaplaşygy geçirmek baradaky teklibi hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysady ulgamda kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň dünýäde emele gelýän ýeňil bolmadyk maliýe ýagdaýlaryny yzygiderli we düýpli öwrenmegiň esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Oňaýsyz daşarky ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaltmak babatda dessin çäreleriň görlüşine örän uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň anyk ýagdaýlaryna laýyk getirmegiň, halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynda durnuklylygy saklamak üçin hukuk gurallaryny ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmegiň, oňa täzeçil usullary ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Umuman, hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň hödürlän teklibini makullap, degişli resminamalary taýýarlamagy hem-de olary ygtyýarly edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 23-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Onlaýn duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, nebitgaz we senagat ulgamlarynda hem-de maglumat tehnologiýalary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, işewür hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

Bellenilişi ýaly, köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynda işleýän koreý kompaniýalarynyň üstünlikli işi bu hyzmatdaşlykda möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz senagatlaşdyrmaga ugur alan Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge hem-de nebitgaz toplumynyň önümlerini dünýä bazarlarynda ilerletmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ugurda koreýaly hyzmatdaşlaryň tejribesini özleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagyny netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag-logistika, suwdan peýdalanmak, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu tejribäniň özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni gowy tarapdan görkezendigini nygtady we milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjek iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyny özüniň ygtybarly işewür hyzmatdaşy hasaplaýandygyny aýtdy. Ýurdumyz onuň bilen ägirt uly kuwwata hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýar. Biz koreý kompaniýalarynyň işjeňligini goldaýarys hem-de mundan beýläk-de olaryň ýurdumyzda alyp barýan işine zerur bolan goldawy bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew önümçilik we durmuş-medeni maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Ahal — Balkan” we “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Aziýanyň ösüş bankyndan karz serişdeleri çekildi. Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet energetika korporasiýasy taslamany amala aşyrmak üçin degişli şertnamany baglaşdy. Häzir taslamany üpjün edijiler zerur serişdeleri getirýärler, gurluşyk batly depginlerde dowam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektroenergetika pudagynyň düzümini giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýratyn möhümdigini nazara almak bilen, bu meseläni düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bir bitewi içerki halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň zerurdygyny aýdyp, bökdençsiz energiýa üpjünçiliginiň tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna gös-göni ýardam etjekdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hökümet agzalarynyň we häkimleriň ünsüni geljek ýyl belleniljek şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň möhümligine çekdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, häzirki döwürde paýtagtymyzda we welaýatlarda köp sanly desgalar gurulýar. Şol desgalaryň arasynda has uly binagärlik ýadygärlikleri, täze şäher etraplary we obalar, edara binalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bar. Iň täze tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar gurulýar. Tizlikli awtomobil ýollary, gaz geçirijiler we halkara ähmiýetli demir ýollar çekilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara wise-premýer Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygynda ýylyň ahyryna çenli gurulýan desgalary düýpli seljermegi tabşyrdy. Şolaryň arasyndan özboluşly desgalaryň birnäçesini saýlap alyp, olary geljek ýyl ulanmaga bermegiň tertibine goşmaly we Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisiniň garamagyna hödürlemeli.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara forumy 24-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär, oňa ýurdumyzdan hem-de daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň we işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň giň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny we taslamalaryny çekmegiň, peýdalanyjylara ygtybarly we ýokary hilli hyzmaty üpjün etmekde maglumat-telearagatnaşyk ulgamyny giňeltmegiň, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň meselelerini öz içine alýar.

Maslahatda sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, simsiz aragatnaşyk ulgamynyň we bulut tehnologiýasynyň netijeliligini giňeltmek, öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy, maglumat we kiberhowpsuzlygy, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň mümkinçiligi ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň tehnologik babatda uly ösüşe eýe bolandygyny belledi. Şunda innowasion ugra, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga, köpçülikleýin kompýuterleşdirmäge, dünýäniň iň gowy tejribesini, şol sanda ulag ulgamyndaky tejribesini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, sanly tehnologiýalar ulgamy, kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýady kämilleşdirilýär, ylmy-tehniki özgertmeler amala aşyrylýar, iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz halkara onlaýn maslahata taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işleri makullap, biziň hünärmenlerimiziň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmakda, işjeň gatnaşyklary ýola goýmakda, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda onuň uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hem-de Täze ýyl baýramyny garşylamak bilen bagly içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň haryt öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde söwda ulgamyny azyk hem-de beýleki zerur önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda çagalar we uly ýaşlylar üçin sowgatlyk önümleriň öndürilmegi ýola goýuldy. Şunuň bilen bir hatarda, Täze ýyl arçalary getirilýär, däp bolan sowgatlyk önümleri taýýarlanylýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda göçme söwdany guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň möhüm wezipelerine ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygyny ýokary derejede üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, söwda ulgamynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, dürli harytlara islegleri öwrenmegiň, ilata edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz wise-premýer Ç.Gylyjowa, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine bu babatda ilatyň üpjünçiligini artdyrmagy, söwda nokatlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen taýýarlanan nyşanlaryň teklip edilýän taslama görnüşleri barada, şeýle hem Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guraljak medeni çäreler barada hasabat berdi.

2021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşige dürli ulgamlaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de höwesjeň raýatlaryň ençemesi gatnaşdy. Bäsleşige jemi 700-e golaý taslama gelip gowuşdy, emin agzalary tarapyndan olaryň iň gowulary seçilip alyndy.

Wise-premýer wideoslaýdlarda nyşanlaryň görnüşlerini görkezip, şolarda ulanylan ýazgylarda hem-de şekillerde Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de giň halkara gatnaşyklary, şol sanda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň öz beýanyny tapmagy üçin hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewleriniň nazarda tutulandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen nyşanlary taýýarlamak meselesine ünsi çekip, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekde nyşanyň aýratyn ähmiýetini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz nyşanyň hödürlenen görnüşlerini synlap, olar babatda anyk teklipleri aýtdy hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Medeniýetleriň özara gatnaşyklary ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyna eýedir. Döwlet Baştutanymyz ondan netijeli peýdalanmagyň döredijilik işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, Watanymyzyň Bitaraplyk baýramynyň, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda guralýan beýleki baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere hem-de häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» işlenip taýýarlanylmagy babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şol taslama ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä daýanyp, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we hemmetaraplaýyn goldamak barada milli Liderimiziň öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp taýýarlanyldy.

Bu Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak arkaly bilim we terbiýe bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak we halkara ülňülere laýyk getirmek bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, ýaşlaryň mekdepde okaýan döwründe özlerine hünär saýlap almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” taslamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda pedagogika ylmy tarapyndan işlenip taýýarlanylan okuwyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny hem-de okuw materiallaryny peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Şunda daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim merkezleriniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, olar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça has degerli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesle bilim bermek we terbiýelemek bilen bir hatarda, okuwçylaryň we talyplaryň arasynda has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Diňe şeýle ýagdaýda, gyzlaryň we oglanlaryň isleglerine laýyklykda, olary dürli hünärlere gönükdirmek bilen, biz öz işinden oňat baş çykarýan ýaş zehinleri ýetişdirip bileris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Bu wezipeleriň çözgüdi degişli Konsepsiýalaryň, şol sanda işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” zerurlygyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde göni aragatnaşyk arkaly oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler, pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, “ak altynyň” we beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyl üçin hasylyny ýetişdirmäge ekin meýdanlaryny taýýarlamak, mallary ýyly we dok gyşlatmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek, meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnap almak, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak, geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri taýýarlamak hem-de maldarçylyk hojalyklarynyň gyş möwsümine taýýarlygy bilen bagly meseleler barada aýdyldy. Şeýle-de, häkim Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa meýdanlardaky pagta hem-de şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, güýzlük bugdaýa edilýän idegiň hilini ýokarlandyrmak, mallaryň ýyly we dok gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýolbaşçysy şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Ol sebitdäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň geçirilişi hem-de pagta we şaly hasylyny ýygnamagy doly tamamlamak babatda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem maldarçylyk hojalyklaryny gyş möwsümine taýýarlamak, ýerlerde durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin agrotehniki çäreler, şol sanda bugdaýa ideg etmek, pagta hem-de şugundyr hasylyny ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Gyş paslynyň golaýlap gelmegi bilen, mallary gyşlatmaga aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine hem-de wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, obasenagat toplumyny we sebitleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda talabalaýyk geçirmek zerur bolup durýar. Şunda welaýatlaryň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, bugdaýa ideg etmek işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap usullary ulanmak hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlarynda galan pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur işleri geçirmegi hem-de geljek ýylyň gowaça hasylynyň düýbüni tutmak üçin häzirden zerur çäreleri görmegi, ekişde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz güýzlük gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň hasylynyň gysga wagtda ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegiň, maldarçylygy ösdürmek boýunça hem zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň ýyly we dok gyşladylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak we bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. Onda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan haşal otlara garşy göreşmek, bugdaýy, şalyny, gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramak üçin zerur bolan himiki serişdeleri satyn almak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Ýer meseleleri boýunça welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň we Döwlet toparlarynyň agzalary tarapyndan taýýarlanan tekliplere laýyklykda, ýurdumyzyň döwlet edara-kärhanalaryna gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini hem-de hususy önüm öndürijilere banan we sitrus miwelerini öndürmäge niýetlenen döwrebap ýyladyşhanalary gurmak üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek baradaky Buýrugyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we milli ykdysadyýetimiziň azyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ilatyň ýokary hilli we köp görnüşli azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmagyň wajypdygyny aýratyn nygtady.

Şunda milli Liderimiz oba hojalyk özgertmelerini işjeň geçirmegiň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamagyň möhümdigini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky» Karara we “Döwlet edara-kärhanalaryna hem-de hususy önüm öndürijilere ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky” Buýruga gol çekip, olary wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gyş paslyna taýýarlamak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň ýylyň sowuk döwrüne doly derejede taýýarlygyny üpjün etmegiň, ýyladyş ulgamlarynyň, umuman, şäheriň inženerçilik-tehniki düzüminiň kadaly ulanylmagynyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň ählisiniň gurluşygynyň bellenen möhletde tamamlanmalydygyny nygtap, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi we paýtagtymyzyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň ÝHHG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy netijeli we okgunly häsiýete eýedir. Şu ýyl bu guramada başlyklyk edýän Albaniýa Respublikasy bilen bilelikde degişli işler, şol sanda ýurdumyzyň ÝHHG-niň çäklerinde halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça işler geçirildi.

Şu ýylyň 3-4-nji dekabrynda ÝHHG-ä agza döwletleriň ministrler derejesindäki Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem 18-nji noýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri bilen wideomaslahat görnüşinde gepleşikleriň geçirilendigi bellenildi. Onlaýn duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäde ýüze çykýan meseleleri çözmekde bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň wajypdygy bellenildi. 2021-nji ýylda ÝHHG-de Şwesiýanyň başlyklyk edýän döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝHHG-niň Aşgabatda 1999-njy ýyldan bäri hemişelik esasda hereket edýän merkezi bilen geçirilýän işler yzygiderli häsiýete eýedir. Soňky 13 ýylyň dowamynda dürli ulgamlarda durmuşa geçirilen bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalaryň 349-sy şu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. ÝHHG-niň merkezi bilen gatnaşyklar her ýylky Meýilnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýar. Hususan-da, şu ýyl durmuşa geçirilýän Meýilnama laýyklykda, 41 taslamany ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-nji ýyl üçin taslamalaryň Meýilnamasy hödürlenildi. Ol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar. Meýilnama ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde taýýarlanyldy.

Taslamalaryň 37-sini syýasy ulgamda, 13-sini ykdysadyýet ugry boýunça, 18-sini ynsanperwer ulgamda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, 2021-nji ýylda 68 taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler, şol sanda ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Soňky ýyllarda ÝHHG bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, sebit hem-de ählumumy işlere oňyn täsirini ýetirjek köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak hem-de abadançylygy ýokarlandyrmak bähbitleri bilen şertlendirilen umumy wezipeler bilen baglylykda, ÝHHG bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýar.

Hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny nazara almak bilen, ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu meseläni çözmekde ýurdumyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde giň gerimli özara bähbitli hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmäge yzygiderli goşant goşmak bilen bu ugurda işleri ilerletmek boýunça anyk çäreleri görýändigini bellemek gerek.

Uglewodorod serişdelerini ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygynyň ygtybarly guralyny kemala getirmek bu ulgamda milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ÝHHG-niň çäklerinde energiýa ulgamynda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

Şeýle hem häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny, şol sanda Ýewraziýa yklymynda täze netijeli ulag ugurlaryny kemala getirmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşýan häsiýeti bilen şertlendirilendir.

Türkmenistan çäk taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýedir. Ýurdumyz umumy işiň bähbidine şol mümkinçilikden doly peýdalanmaga çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp şahaly kontinental ulag-logistika düzümini döretmek hem-de ulag diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmak baradaky başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Bu babatda Lapis Lazuli (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesiniň giň gerimli taslamasyny mysal görkezmek bolar. Bu taslama söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, Merkezi we Günorta Aziýanyň döwletleriniň hem-de Ýewropanyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

ÝHHG bilen hyzmatdaşlykda ynsanperwer ulgamda — bilim, ylym we medeniýet ugurlary hem-de durmuş häsiýetli meseleler boýunça özara gatnaşyklara uly üns berilýär.

Şunda ynsanperwer ugruň Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtamak gerek. Ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edildi.

Milli kanunçylygyň hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryň esasynda demokratik institutlaryň esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň, şol sanda käbir sebäplere we ýagdaýlara görä, öz Watanyny terk etmäge mejbur bolan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak hem-de kepillendirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerip, BMG-niň degişli binýatlaýyn halkara hukuk resminamalaryna goşulmak bilen, iş ýüzünde öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklaýar hem-de bosgunlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak, raýatsyzlygyň meselelerini çözmek boýunça netijeli çäreleri görýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

ÝHHG bilen hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistan şeýle hem ekologiýa we daşky gurşawy goramak, suwdan, umuman, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ulgamynda wajyp wezipeleri hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyz bu ugurda üstünlikli tejribä eýe bolmak bilen, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyryp, halkara ykrarnama hem-de goldawa eýe bolýan anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistan şeýle hem ÝHHG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek hem-de häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabrynda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetiniň ÝHHG-niň Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň howpsuzlyk ulgamynda Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan strategiýasy hakynda beýannama bilen çykyş edendigini ýatlatmalydyrys.

Mejlise gatnaşyjylar döwletimiziň bu ulgamdaky esasy başlangyçlary, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda kabul edilen “2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky” Kararnama bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen giň gerimli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklap, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysyna netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz geljek ýyl üçin bilelikdäki taslamalaryň Meýilnamasyny makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi hem-de ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek, Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmak bilen baglylykda, milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek babatda parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda hereket edýän kanunlaryň birnäçesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hususylaşdyrmak boýunça işleriň ilerledilmegi, orta we kiçi döwlet kärhanalaryny hususyýetçilige bermegiň gurallaryny kesgitlemegiň möhümdigi, şu we beýleki ugurlary kanunçylyk taýdan goldamagyň zerurdygy baradaky maslahatlaryndan ugur almak bilen, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça hem işler alnyp barylýar.

Deputatlar eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, şol sanda maslahatlara, dabaralara we beýleki çärelere taýýarlyk görmäge we geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, şolaryň barşynda BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň Bitaraplygynyň many-mazmuny, taryhy ähmiýeti, parahatçylyk söýüjilik syýasaty, Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň halkara derejedäki orny barada giňişleýin wagyz edilýär.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzümindäki edaralar tarapyndan guralan dürli çärelere onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Deputatlar jemgyýetiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýaş nesli terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ähmiýetini düşündirmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çärelerini geçirmegi dowam edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigine çekdi.

Milli Liderimiz kanun çykaryjylyk babatda öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, parlamentara gatnaşyklary hem-de iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzy demokratik we düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen üstünlikli ilerletmek boýunça Mejlisiň işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz durmuş syýasatyny amala aşyrmak babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryň wekilleri hem-de öz saýlawçylary bilen hemişe özara gatnaşykda bolup, deputatlaryň durmuş meselelerini çözmäge ýardam etmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan toplumlaýyn harby özgertmelerini amala aşyrmagyň barşy, harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna üýtgewsiz eýermegiň möhümdigini belledi. Onda parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýan berkarar Watanymyzyň serhetleriniň howpsuzlygyny we mizemezligini üpjün etmegiň strategik esaslary kesgitlenildi.

Milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda düzgün-nyzamyň we harby tertibiň berjaý edilmegini, şeýle hem ýaş harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

www.turkmenistan.gov.tm