Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýanwarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan geçdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,1 göterim ýokarydyr. Bu barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belläp geçdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özleşdirilen maýa goýumlaryň täze senagat kärhanalaryny işe girizmäge mümkinçilik berýändigini nygtady. Olaryň açylmagy sebitleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge ýardam edýär.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ykdysadyýet we maliýe ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,2 göterime deň bolup, önümçiligiň möçberi 5,8 göterim artdyryldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölekleýin haryt dolanyşygynda 9,5 göterim ösüş gazanyldy.