2023-nji ýylyň 30-njy ýanwary 5-nji fewraly aralygynda, geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 77 millionyndan gowrak bolan jemi 46 geleşik hasaba alyndy. Bu barada türkmen resmi habar beriş serişdeleri maglumat berýär.
Daşary ýurt pulunyň hasabyna Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen benzini we «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny hem-de uçar kerosinini satyn aldylar.
Dollar serişdelerine türkiýeli, gazagystanly, gyrgyzystanly, ermenistanly, irlandiýaly we serbiýaly alyjylara Türkmenistanyň dokma toplumynyň önümleri – nah ýüplügi, boýalan tüýjümek önümleri, şeýle hem buýan köküniň gury ekstrakty hem-de portlandsement ýerlenildi.
BAE-niň we Türkiýäniň işewürleri umumy bahasy 25 million 396 müň manat bolan nah ýüplügini satyn aldylar.
Türkmen telekeçileri tarapyndan manat serişdelerine «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit koksy we Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gaplaýyş plýonkasy satyn alyndy. Geleşikleriň umumy bahasy 75 million 500 müň manat boldy.