Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek milli parlamentiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy.
Şol gün welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň 5-nji çagyrylyşynyň, şeýle hem Geňeşiň 10-njy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary guralar.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary häkimlikler, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde öňde duran bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegi dowam edýär. Konstitusiýanyň maddalaryna we Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine laýyklykda, ýerlerde düşündiriş işleri geçirilýär.