27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda  2023-nji ýyly Halkara “Dialog - parahatçylygyň kepili” ýyly diýip resmi taýdan yglan etmek dabarasy boldy.

Dabara garyşyk görnüşde geçirilip, oňa BMG agza döwletleriň, halkara we sebit guramalarynyň, jemgyýetleriniň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Üstümizdäki ýyl Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77/32 belgili rezolýusiýasy esasynda Halkara «Dialog -parahatçylygyň kepili » ýyly diýlip yglan edildi.