Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň barşynda jemi 13 geleşik baglaşyldy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 49 million 582 müň dollaryndan gowrak boldy.
Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjanyň işewürlerine daşary ýurt pulunyň hasabyna Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suw arkaly arassalanan dizel ýangyjy we esas ýagy, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen EKO-93 belgili ulag benzini, Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda taýýarlanan tüýjümek mata önümleri ýerlenildi.
Türkmen telekeçileri manat serişdelerine “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen nebit koksuny satyn aldylar. Söwda geleşikleriniň bahasy 103 million 620 müň manat boldy.