Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanyň söwda mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam edýär.  Bu barada ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekili Fatih Türkmenogly Trend neşiriniň habarçysyna gürrüň berýär. 

Türkmenoglunyň bellemegine görä, 2014-nji ýylyň dekabryndan bäri Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ÝTÖB-niň Türkmenistanda kiçi telekeçilik üçin maslahat bermek maksatnamasy maliýeleşdirilýär. Maksatnama kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň eksport mümkinçiliklerini berkitmek hem-de Mongoliýa, Merkezi Aziýa sebitlerinde hyzmatdaşlary gözlemek işlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen taýýarlanyldy. 

«Çäreleriň toplumy türkmen eksport edijileri üçin 2020-nji we 2021-nji ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bazarlaryna syn bermegiň netijelerine esaslandy. Eksporty ilerletmek boýunça çäreleriň çäklerinde topar tarapyndan Merkezi Aziýa we Mongoliýa eksport etmäge isleg bildirýän kärhanalar saýlanyp alyndy we olar dürli ugurlara bagyşlanan, eksport hem-de mahabat maglumatlaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly aragatnaşyk okuw maslahatlarynyň 6-sy boýunça okadyldy», – diýip Türkmenogly nygtaýar. 

ÝTÖB-niň maslahat berijisi türkmen kiçi we  orta kärhanalarynyň önümçilik ugurlaryny anyklap, olara onlaýn görnüşinde sanly tanyşdyrmalary(prezintasiýalary) taýýarlamaga ýardam berdi.  

ÝTÖB-niň Türkmenistandaky esasy iş ugry ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösüşine ýardam bermekden ybaratdyr.  Şeýle hem bank maliýe institutlarynyň we infrastruktura ulgamynyň taslamalarynyň ösüşine gatnaşmak teklibine garamaga taýýardyr. 

Fatih Türkmenogly dünýä çökgünliginiň türkmen eksport edijilerine hem täsirini ýetirýär, olar  ýükleri daşamagyň logistikasyna häli-şindi täzeden seretmäge we täze satuw bazaryny gözlemäge sezewar bolýarlar diýip   belleýär. Şonuň üçin-de Türkmenistanyň eksport ugurly kärhanalaryna maliýe we maslahat kömegini bermek wajypdyr. 

ÝTÖB geljekde hem öz önümleriniň eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýän kiçi we orta kärhanalarynyň telekeçilerine ýardam bermegini dowam eder.