Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdäniň barşynda umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million 754 müň dollaryndan gowrak bolan jemi 28 geleşik baglaşyldy.
Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň we beýleki döwletleriň işewürler toparlary dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli mazut ýangyjyny, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni satyn aldylar.
Türkiýeli telekeçilere daşary ýurt we manat serişdelerine nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy 17 million 508 müň manada deň boldy.
Türkmen işewürleri içerki bazaryň zerurlyklary üçin «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit koksuny satyn aldylar. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy 22 million 400 manat boldy.