30-njy noýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň sanly meýdançasynda döwlet eýeçiligine degişli emläkleri satmak boýunça onlaýn auksion geçiriler.
Satuwa çykaryljak döwlet emläkleriniň 30-dan gowragynyň hatarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Suw hojalygy komitetine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine, Awtoulag ýollarynyň gurluşygy boýunça döwlet agentligine, «Türkmenhaly» döwlet birleşigine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine, Aşgabat şäheriniň we Lebap, Daşoguz, Mary welaýatlarynyň häkimliklerine degişli desgalar bar.
Döwlet emläkleriniň söwdasy boýunça onlaýn meýdançanyň elektron salgysy - fineconomic.gov.tm. Şeýle hem söwdalara sanly meýdançanyň ykjam telefon üçin niýetlenen goşundysy arkaly gatnaşyp bolar. Söwdalar sagat 10-00-da başlanar. Onlaýn söwdalar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralýar(Aşgabat, Arçabil şaýoly, 156).
Onlaýn auksion we onda satyljak desgalar hakynda has giňişleýin maglumat «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 16-njy noýabrdaky sanynda çap edildi.