Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň dükanlarynyň we bazarlarynyň ilatyň sarp etmegi üçin ähli zerur harytlar bilen üpjünçiligine hem-de bahalaryň ýokary galdyrylmazlygyna gözegçiligi berkitmegi tabşyrdy.  Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy.

«Gyş möwsüminiň gelmegi bilen baglylykda, aýratynam baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjün edilmegini hem-de bahalaryň ýokary galdyrylmazlygyny gözegçilikde saklamalydyr», – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Wise-premýer Batyr Atdaýewe zerur harytlaryň önümçiligini artdyrmaga, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutjak täze harytlaryň önümçiligini ýola goýmak üçin dokma kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmaga  gözegçilik etmek tabşyryldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň agrosenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Annageldi Ýazmyradowa  gök we bakja önümleriniň, ýeralmanyň hem-de beýleki oba hojalyk önümleriniň ösdürilip ýetişdirilişini artdyrmak, import harytlarynyň möçberini azaltmak, bazarlary ýeterlik azyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen,  ekin meýdanlarynyň göwrümini giňeltmek bilen bagly meselelere garamak boýunça tabşyryk berdi.